Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 09.06.2021
2298

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gün tertibine ara alyp maslahatlaşmak üçin möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek meseleleri girizildi.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri hakyndaky hoş habar bilen başlady.

Hormatly Prezidentimiziň bu pudagy goldamak boýunça geçirýän toplumlaýyn çäreleri netijesinde ata-babalarymyzyň mirasy bolan ýüpekçiligi ösdürmek hem-de gymmatly çig mal bolan piläniň öndürilişini artdyrmak üçin ähli zerur şertler döredildi.

Giň gerimli döwlet goldawy netijesinde ýurdumyzyň zähmetsöýer ýüpekçileri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, öz üstlerine alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Munuň özi ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagyny ösdürmek üçin döredilen şertleriň netijesidir.

Wise-premýer oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza oba zähmetkeşleriniň netijeli zähmeti üçin döredilýän şertlere çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, hemmeleri, şol sanda welaýat häkimlerini hem-de oba hojalyk toplumynyň ähli işgärlerini ýurdumyzda pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilip, ýokary hilli piläniň tabşyrylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Edermen pileçilerimiziň yhlas siňdirip, irginsiz çeken zähmetiniň netijesinde öndürilen piläniň bol hasyly bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyzyň halal ojaklarynyň berekedidir, ata-babalarymyzyň gadymy senetçiliginiň biri bolan ýüpekçiligiň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzyň pile öndürijilerinden kabul edilip alnan piläniň talabalaýyk şertlerde saklanylmagyny hem-de ony gaýtadan işleýän degişli kärhanalarda ýokary hilli ýüpek önümleriniň öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz tabşyrylan pile üçin pile öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýüpekçiligi has-da ösdürmek üçin welaýatlarda tut nahallaryny ekmek işleriniň alnyp barlyşyna aýratyn üns bermek barada görkezme berdi.

Döwlet Baştutanymyz Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerine orak döwründe işiň üstünde bolup, işleriň talabalaýyk we guramaçylykly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerine bolsa anna güni — 11-nji iýunda hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda galla oragyna başlamak barada görkezme berdi.

Soňra iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň, Ahal welaýatynyň hem-de bu sebitiň etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragynyň barşy bilen gyzyklandy. Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitiň gallaçylarynyň gyzgalaňly möwsüminiň başlanandygyny, oragyň depgininiň günsaýyn ýokarlanýandygyny habar berdi. Welaýatyň ekerançylary bugdaý hasylyny ýygnamak boýunça döwlet tabşyrygyny abraý bilen ýerine ýetirmegi, şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň amala aşyrylmagyna goşant goşmagy maksat edinýärler.

Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar ýere bugdaý ekildi. Şonça gektardan Watan harmanyna 400 müň tonna guşgursak bugdaý hasylyny tabşyrmak maksat edinilýär. Häzire çenli galla meýdanlaryndan 100 müň tonna çenli hasyl ýygnalyp, bellenilen meýilnama 25 göterime golaý ýerine ýetirildi.

Tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Orak möwsüminde hasyly bildirilýän talaplara laýyklykda ýygnap almak we saklamak, şonuň ýaly-da, oraga gatnaşýanlaryň mynasyp zähmet çekmekleri we dynç almaklary üçin hemme zerur şertler döredilýär.

Soňra iş maslahatynda Bäherden etrabynyň häkimi D.Hojaýew hasabat bilen çykyş etdi. Etrap boýunça şu ýyl 21 müň 100 gektar meýdana bugdaý ekildi. Orak möwsüminde galla orujy kombaýnlaryň 63-si, bugdaýy daşaýjy awtoulaglaryň 315-si ulanylýar. Etrapda dänäni kabul ediş bölümleriň 4-si işleýär. Şolarda gallany degişli derejede saklamak üçin zerur işler geçirildi.

Şu ýyl 44 müň tonna möçberde taýýarlanylmaly bugdaýyň häzire çenli 11 müň tonna golaýy ýygnalyp, meýilnama 24,5 göterimden gowrak ýerine ýetirildi. Hormatly Prezidentimiziň galla önümçiligini artdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen hem-de galla oragyny guramaçylykly geçirmek üçin döreden şertleri netijesinde möwsümiň depginini güýçlendirmek ugrunda ähli çäreler görülýär.

Häkim etrapda önüm öndürijiler bilen öz wagtynda hasaplaşyklaryň geçiriljekdigine, hasylyň iň soňky dänesine çenli doly ýygnalyp alnyp, harmana tabşyryljakdygyna ynandyryp, etrabyň zähmetkeşleriniň adyndan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa netijeli zähmet çekmek üçin döredilýän şertler babatynda tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragynyň depginini gowşatman, bu ugurda işleri güýçlendirmek üçin goşmaça çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Gökdepe etrabynyň häkimi Ç.Çarlyýew hasabat bilen çykyş etdi. Häkim Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny ösdürmek ugrundaky tagallalary netijesinde oba hojalygyny hemmetaraplaýyn kämilleşdirmek boýunça tutumly işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Etrap häkimi milli Liderimize şu ýyl ýetişdirilen bol bugdaý hasylyny guramaçylykly ýygnap almak hem-de ony saklamak üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigine hoşallyk bildirdi.

Gökdepe etrabynyň häkimi şu ýyl jemi 21 müň 500 tonna guşgursak ak bugdaýy ýygnamagyň meýilleşdirilýändigi barada hasabat berdi. Möwsümde kombaýnlaryň 35-siniň, ulaglaryň 175-siniň hyzmatyndan peýdalanylýar. Gündelik gazanylýan ösüş 7 göterimden gowrak bolup, häzire çenli önümçilik meýilnamasy 26,6 göterim berjaý edildi. Meýdanlardan ýygnalyp alynýan galla hasylyny etrapda kabul ediş bölümleriniň 2-si bökdençsiz kabul edýär.

Ýetişdirilen hasyly iň soňky dänesine çenli doly ýygnap, harmana tabşyrmak hem-de kada laýyk saklamak, şeýle-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek üçin ähli zerur çäreler görülýär.

Häkim Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giňden we dabaraly bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi üçin milli Liderimiziň öňde goýan anyk tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde yhlasly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Öz nobatynda, Ak bugdaý etrabynyň häkimi H.Aşyrmyradow bugdaý ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 28 müň 100 gektar meýdandan şu ýyl 62 müň 550 tonna hasyl almagyň maksat edinilýändigi barada hasabat berdi. Agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi hem-de bu ugurda döwlet tarapyndan zerur şertleriň döredilmegi bereketli hasyly ýetişdirmegiň möhüm şertlerini üpjün etdi.

Galla oragynda bugdaý orujy kombaýnlaryň 105-si, däne daşaýjy awtoulaglaryň 525-si ulanylýar. Etrapda galla kabul ediş bölümleriniň 10-sy hereket edýär. Häzire çenli ýygnalyp alnan bugdaý hasylynyň mukdary 16 müň 683 tonna barabar bolup, bellenilen meýilnama 26,67 göterim ýerine ýetirildi. Gündelik gazanylýan ösüş bolsa 7 göterime deňdir.

Häkim ýetişdirilen hasyly iň soňky dänesine çenli doly ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak we ony degişli derejede saklamak ugrunda ähli zerur çäreleriň görüljekdigine ynandyrdy hem-de daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegine döredip berýän hemme mümkinçilikleri we yzygiderli hemaýat-goldawlary üçin etrabyň agzybir ýaşaýjylarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, azyklyk bugdaýyň şu ýyl üçin taýýarlanylýan mukdaryny üpjün etmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini bellemek bilen, bu ugurda möwsüme gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini hemmetaraplaýyn ýola goýmagy tabşyrdy.

Soňra Kaka etrabynyň häkimi P.Orazow bugdaý oragynyň barşy barada hasabat berdi. Etrap boýunça 41 müň gektara bugdaý tohumy sepilip, öz wagtynda geçirilen agrotehniki we beýleki zerur işleriň netijesinde bereketli hasyl ösdürilip ýetişdirildi. Döwlete tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamada bellenen wezipe 80 müň 500 tonna guşgursak dänäni taýýarlamakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiziň döredip beren ähli şertlerinden we mümkinçiliklerinden peýdalanyp, etrabyň daýhanlary häzire çenli 20 müň 251 tonna hasyl ýygnamagyň hötdesinden gelip, meýilnamany 25,16 göterim berjaý etdiler. Etrapda gazanylýan gündelik ösüş 6 göterime deňdir. Möwsümde kombaýnlaryň 104-siniň we däne daşaýjy ulaglaryň 520-siniň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Bereketli hasyl galla kabul ediş bölümleriniň 8-sine daşalýar.

Häkim ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap alyp, Watan harmanyna tabşyrmak hem-de ony bildirilýän talaplara laýyklykda saklamak ugrunda ähli çäreleriň görüljekdigine ynandyrdy hem-de netijeli zähmet çekmek üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri we yzygiderli hemaýat-goldawlary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, zerur işleri geçirmek üçin hem, oba zähmetkeşleriniň medeniýetli dynç almagy üçin hem ähli şertleri üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Tejen etrabynyň häkimi G.Baýgeldiýew gyzgalaňly dowam edýän galla oragy möwsüminde oňa gatnaşyjylaryň yhlasly zähmet çekýändigini bellemek bilen, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda görülýän tagallalar barada hasabat berdi.

Şu ýyl etrap boýunça 42 müň 900 gektar meýdanda bugdaý ösdürilip ýetişdirildi. Taýýarlanylmaly bugdaýyň mukdary bolsa 86 müň tonna barabardyr. Häzire çenli 18 müň 658 tonna däne taýýarlanyp, meýilnama 21,7 göterim ýerine ýetirildi, gündelik gazanylýan ösüş bolsa 4,47 göterime barabardyr. Etrapda däne orujy kombaýnlaryň 119-sy, galla daşaýjy ulaglaryň 595-si netijeli işledilýär, ýygnalyp alnan hasyl galla kabul ediş bölümleriniň 9-syna daşalýar hem-de olaryň talabalaýyk derejede saklanylmagy üpjün edilýär, daýhanlaryň tabşyran hasyly üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi ýola goýuldy.

Häkim ýetişdirilen hasyly iň soňky dänesine çenli doly ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak hem-de saklamak barada ähli çäreleriň görüljekdigine ynandyrdy we hormatly Prezidentimiziň daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri we yzygiderli goldawlary üçin tejenli ekerançylaryň adyndan milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häkime gallaçy daýhanlaryň arasynda ýygy-ýygydan bolmak bilen, galla oragy möwsüminiň depginini has-da güýçlendirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Babadaýhan etrabynyň häkimi P.Işangulyýew hasabat bilen çykyş edip, jogapkärli möwsümiň depgini barada maglumat bermek bilen, işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýandygyny aýtdy.

Geçen güýzde etrap boýunça bugdaý ösdürip ýetişdirmek üçin 28 müň 700 gektar meýdana bugdaý ekildi. Şonça meýdandan 58 müň tonna ak bugdaý taýýarlamak maksat edinilýär. Daýhanlaryň guramaçylykly zähmeti galla oragynyň ýokary depginlerini üpjün edýär, oba hojalyk tehnikasynyň netijeli peýdalanylmagy bolsa orak möwsüminiň üstünlikli geçirilmegine ýardam berýär. Galla oragynda bugdaý orujy kombaýnlaryň 82-si, däne daşaýjy ulaglaryň 416-sy hem-de kabul ediş bölümleriniň 6-sy hereket edýär. Şu güne çenli 13 müň 529 tonna bugdaý taýýarlanyp, şertnamalaýyn borçnama 23,33 göterim ýerine ýetirildi. Gündelik ösüş bolsa 4,77 göterime barabardyr.

Häkim alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýetişdirilen hasyly iň soňky dänesine çenli doly ýygnap alyp, Watan harmanyna tabşyrmak we ony talabalaýyk derejede saklamak barada ähli çäreleriň görüljekdigine ynandyrdy hem-de etrabyň daýhanlary üçin döredip berýän oňaýly mümkinçilikleri we yzygiderli hemaýat-goldawlary üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ekin meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Sarahs etrabynyň häkimi G.Ýazgulyýew şu ýyl bereketli bugdaý hasylynyň ýetişdirilendigini, hormatly Prezidentimiziň berýän yzygiderli goldawlary esasynda, hasyly ýygnap almak, daşamak we saklamak üçin hemme zerur şertleriň döredilendigi barada hasabat berip, hormatly Prezidentimize etrabyň ekerançylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýyl bu etrapda 22 müň 400 gektardan jemi 47 müň 450 tonna ak bugdaý ýygnamak meýilleşdirilýär. Möwsümde kombaýnlaryň 65-siniň, awtoulaglaryň 325-siniň hyzmatyndan peýdalanylýar. Işleriň guramaçylykly we sazlaşykly guralmagy netijesinde gündelik gazanylýan ösüş 8 göterimden gowrak bolup, häzire çenli 13 müň 715 tonna bugdaý taýýarlanyldy. Munuň özi meýilnamanyň 28,9 göterim berjaý edilendigini habar berýär. Meýdanlardan ýygnalyp alynýan galla hasylyny etrapda kabul ediş bölümleriniň 5-si bökdençsiz kabul edýär.

Häkim ýetişdirilen bugdaý hasylynyň ýitgisiz ýygnaljakdygyny hem-de Watan harmanyna tabşyryljakdygyna ynandyryp, etrabynyň agzybir zähmetkeşleriniň adyndan olaryň netijeli zähmeti üçin döredilýän şertler babatynda hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragynyň depginlerini güýçlendirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, bugdaýy gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almagy dowam etdirmegi, galla oragynda däne ýygýan kombaýnlaryň we awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmagy, galla kabul ediş nokatlarynda bugdaý hasylynyň önüm öndürijilerden bökdençsiz kabul edilmegini guramagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy hem-de bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini öz wagtynda geçirmek we aralyk oba hojalyk ekinlerini ekmek boýunça degişli işleriň alnyp barylmalydygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara galla oragyny geçirmekde hem-de ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi we edermen ekerançylarymyzyň öz şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirjekdiklerine hem-de döwlet harmanyna bereketli bugdaý hasylyny tabşyrjakdyklaryna ynam bildirdi.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow