Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-de gepleşikleri geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-de gepleşikleri geçirdi
Çap edildi 10.06.2021
1073

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti 9 — 11-nji iýun aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde gulluk iş sapary bilen bolup, birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Türkmenistanyň Ýakyn Gündogar döwletleri, şol sanda BAE ýaly arap dünýäsiniň abraýly hem-de ykdysady taýdan ösen ýurdy bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Bu gün Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň döwletara gatnaşyklary barha artýan depginde işjeň hem-de gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyga eýe bolýar. Iki ýurduň halklaryny gadymy döwürlerden bäri taryhy, medeni we ruhy umumylyklar baglanyşdyrýar.

Däp bolan gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga gyzyklanma bildirýän iki ýurduň hoşniýetli erki ägirt uly kuwwata gabat gelýär, bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary ýolbaşçylygynyň arasyndaky ilkibaşdan mahsus bolan gatnaşyklarda özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesine ýardam berýär.

Türkmenistanyň hem-de BAE-niň pudaklaýyn ministrlikleriniň, maliýe we işewür toparlarynyň wekilleriniň yzygiderli gatnaşyklary hem hyzmatdaşlyk etmegiň toplanan oňyn tejribesi hem-de milli ykdysadyýetleriň üstünlikleri nazarda tutulyp, hyzmatdaşlygyň giň gerimli ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge gyzyklanmanyň barha artýandygyny tassyklaýar.

Ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň Abu-Dabi şäherine sapary arap dünýäsiniň täsirli ýurdy bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek meselelerinde Türkmenistanyň eýeleýän işjeň ýörelgesiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

10-njy iýunda türkmen wekiliýetiniň BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar energetika, ulag, maýa goýumlar, oba hojalygy ulgamlarynda we beýlekilerde gatnaşyklaryň geriminiň mundan beýläk-de giňeldilmegi nukdaýnazaryndan,Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň bu saparynyň ähmiýetini nygtadylar.

Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň öňden gelýän we iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwletara gatnaşyklary has ýokary derejelere çykarmaga, hususan-da, maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge BAE-niň taýýardygy tassyklanyldy. Şeýle hem duşuşygyň barşynda BAE-niň işewürliginiň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanmasy artýandygy bellenildi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty, ýurdumyzda senagatlaşdyrmaga hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagyň esasynda diwersifikasiýalaşdyrylan döwrebap senagat düzümini kemala getirmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary bilen baglydyr.

Ýokary derejede özara saparlary alyşmagyň çäklerinde, dostlukly döwletleriň Liderleriniň soňky ýyllarda geçirilen duşuşyklary, gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalar giň gerimli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin ygtybarly binýadyň düýbüni tutdy. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şol ylalaşyklar türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny has ýokary derejä çykaryp, ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Söhbetdeşligiň barşynda Dubaý şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen nobatdaky «EKSPO» halkara sergisiniň ähmiýeti barada hem bellenildi. Şol sergä Türkmenistan işjeň gatnaşmaga taýýarlyk görýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň agzalary Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň baş direktory Mohammed Saif Al Suwaidi bilen duşuşdy. Duşuşykda iki tarapyň hem mundan beýläk-de strategik hyzmatdaşlyk etmegine, özara eksport-import amallaryny artdyrmaga, haryt dolanyşygynyň mukdaryny köpeltmäge we ykdysady hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda şu ýylyň fewralynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumy türkmen-emirlikler söwda-ykdysady hem-de maýa goýum ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan maýa goýum syýasatynyň ägirt uly tebigy serişdeleriň bolmagyndan, döwletimiziň çäk babatda amatly ýerleşmeginden hem-de üstaşyr mümkinçiliklerinden ugur alýandygyny bellemek gerek. Bu bolsa Türkmenistanyň sebitde we yklymda iri ulag-logistik merkeze öwrülmegine ýardam berýär. Şu nukdaýnazardan, hyzmatdaş ýurtlar, şol sanda Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.

Şunda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak bilen baglanyşykly öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, maýa goýum serişdelerini çekmegiň mümkinçilikleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Şonuň bilen birlikde, taslamalary amala aşyrmakda häzirki zamanyň gazanan üstünlikleriniň peýdalanylmagyna aýratyn uly üns berilýär. Iş saparynyň dowamynda meýilleşdirilen duşuşyklaryň çäklerinde bu ugurlar boýunça giňişleýin pikir alyşmalara uly orun berildi. Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanda emirlikler tarapynyň gatnaşmagynda amala aşyrmak meýilleşdirilýän gazhimiýa, maliýe we ulag ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini kadalaşdyrýan ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow hem-de onuň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň agzalary Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti nygtaldy. Şol gatnaşyklar özara hormat goýmak we goldamak ýörelgelerine daýanyp, hil taýdan täze derejä çykarylýar.

Taraplar netijeli ykdysady we işewür hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny belläp, Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky deňhukukly hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Şol gatnaşyklar ýylsaýyn täze mazmuna eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän geljegi uly gurluşyk taslamalary boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma beýan edildi. Şol taslamalar durmuş-medeni we şähergurluşyk düzümlerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwaty dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda, maýa goýumlar babatda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag we aragatnaşyk ulgamynda, gaýtadan işleýän senagatda hem-de ykdysadyýetiň beýleki ulgamlarynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklaryny ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti BAE-niň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesine hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna we ykrar etmegine eýe bolan döredijilikli başlangyçlaryna ýokary baha berýändigi nygtaldy.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini belläp, ähli ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyny artdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň BAE-e amala aşyran gulluk iş sapary dostlukly döwletleriň deňhukuklylyk hem-de uzak möhletleýinlik esasynda döwletara we köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Soňky habarlar
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy
27.03
Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
27.03
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler
27.03
Gadymy Änew medeniýeti — adamzadyň gymmatly mirasy
top-arrow