Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mähriban halkyna, edermen pileçilerine we ussat ýüpekçilerine
Syýasat habarlary
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mähriban halkyna, edermen pileçilerine we ussat ýüpekçilerine
Çap edildi 09.06.2021
1633

Eziz halkym!
Hormatly pileçiler!

Sizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylda gazanylan uly zähmet ýeňşi — pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilip, Garaşsyz Watanymyzyň harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak ýokary hilli pile tabşyrylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dokma senagaty pudagyny yzygiderli ösdürmek, pudagyň işgärleriniň, şol sanda pileçilerimiziň hem-de ýüpekçilerimiziň yhlasly we öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär, olaryň halal zähmetine mynasyp baha berilýär.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan dokma senagatyny ösdürmekde ýüpek önümçiligi aýratyn orna mynasypdyr. Häzirki wagtda ýüpekçilik pudagynyň önümçilik binýady dolulygyna täzelendi, keteni öndürmegiň gadymy sungaty gaýtadan dikeldildi. Türkmen ýüpeginden ýurdumyzda ilkinji gezek panbarhatyň hem täze görnüşleri çykarylyp başlandy.

Biz geljekde ýüpekçilige goýberilýän maýa goýum serişdeleriniň möçberini has-da artdyrmagy, bu ugurda önümçilikleri giňeltmegi göz öňünde tutýarys. Bu bolsa ilatymyz üçin goşmaça iş orunlaryny döretmäge, gymmatly çig malyň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Edermen pileçiler!
Zähmetsöýer ýüpekçiler!

Türkmen halkynyň iň gadymy senetleriniň biri bolan ýüpekçilik öz gözbaşyny taryhyň irki döwürlerinden alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz müňlerçe ýyl mundan ozal ýüpek süýümlerinden dürli matalary öndürmek üçin pile önümçiligini ýola goýupdyrlar, bu ugurda ýokary ussatlyga we kämillige ýetipdirler. Ýüpekçilik işiniň milli däpleri asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, nesilden-nesle geçirilipdir. Ýüpekden ajaýyp halylarydyr matalary dokamagyň ygtybarly usullary döredilip, biziň günlerimize ýetirilipdir.

Ýaýylyp ýatan düzlükleriň, daglyklaryňdyr sähralaryň üstünden gündogardan günbatara uzap gidýän gadymy kerwen ýollary “Beýik Ýüpek ýoly» diýlip atlandyrylypdyr. Bu ýoluň ady iňňän gymmat bahaly harydyň — ýüpegiň ady bilen baglydyr. Ýüpek özüniň berkligi, ýeňilligi we owadanlygy bilen tapawutlanypdyr. Türkmen topragynyň gadymy merkezleriniň biri bolan Merwde eýýäm orta asyrlarda pile taýýarlamak boýunça ýörite kärhanalar işläpdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýüpekçilik pudagy özüniň gaýtadan döreýşini başdan geçirýär. Ýüpek önümçiligi täze talaplara laýyklykda guraldy. Aşgabadyň ýüpek fabrigi we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi öndürilýän ýüpegi gaýtadan işleýän esasy kärhanalar bolmak bilen, doly döwrebap ýagdaýa getirildi hem-de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Bu kärhanalarda ýüpek halylaryny, milli keteni matalaryny we beýleki önümleri taýýarlamak üçin täze önümhanalar açyldy. Zenanlarymyzyň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýan panbarhat matalaryny öndürýän Aşgabadyň panbarhat fabrigi häzir ýüpek süýümi bilen bökdençsiz üpjün edilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň oba ýerlerinde telekeçilige goldaw bermek we ony höweslendirmek maksady bilen, ýüpekçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýörite nahalhanalarda we birnäçe daýhan birleşiklerinde ýüpek gurçuklarynyň iýmit gory bolan tut agaçlarynyň her ýylda müňlerçe düýp nahaly ösdürilip ýetişdirilýär. Bu bolsa ýüpek gurçuklary üçin esasy iýmit bolan tut ýapraklarynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Tut agaçlarynyň ekin meýdanlarynyň töwereginde oturdylmagy gowaçany we beýleki oba hojalyk ekinlerini gyzgyn epgekden goramaga, suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkitmäge, daşky gurşawyň ekologiýa abadançylygyny döretmäge hem ýardam edýär. Munuň özi ýüpekçiligi pagtaçylyk bilen utgaşdyrmaga, şol bir ýerden goşmaça önüm we girdeji almaga mümkinçilik berýär.

Eziz watandaslar!
Edermen pileçiler!

Men sizi we ähli türkmen halkymy ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilip, uly zähmet üstünliginiň gazanylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, abadan durmuş, berkarar ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde has-da belent sepgitlere ýetmegiňizi arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

Soňky habarlar
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
top-arrow