Türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy Owganystana ykdysady, durmuş hem ynsanperwer ugurlarynda ýardam hem-de hemmetaraplaýyn goldaw bermek babatynda alyp barýan işlerini ulgamlaýyn we yzygiderli esasda dowam etdirmek hem-de 2021-nji ýylyň dekabr aýynda doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
“Diplomatik gulluk hakynda”, “Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakynda” we “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek, olaryň öz üstüne ýüklenen wezipelerini netijeli ýerine ýetirmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda” Karara gol çekdi.
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
Siziň Alyhezretiňiziň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döredilen güni mynasybetli iberen gutlag hatyňyzy ägirt uly kanagatlanma bilen kabul etdim.
Şu gün paýtagtymyzda Bitarap Watanymyza we ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygaryna bagyşlanan “Baky Bitarap Türkmenistan” atly halkara wirtual sergi we maslahat açyldy. Bu dabaraly çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Olaf Şolsa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 3-nji dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde nebitgaz senagatynda bar bolan kuwwatdan has netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny, uglewodorod çig malyndan ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, gaýtadan işleýän ulgamyň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady.
Geçen aý ýurdumyzyň işjeň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna täze öwüşginleri çaýyp, netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de Türkmenistanyň we onuň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny, abraýyny has-da belende galdyrmakda aýratyn ähmiýetli wakalara beslendi.
16-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünleri öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda» Karara gol çekip, soňky onýyllyklarda garyşyk dökünleriň öndürilmeginiň uly ähmiýete eýe bolandygyny nygtady.