Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Çap edildi 06.05.2026
27

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz 9-njy maýda Ýeňiş güni mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Baş prokuror B.Muhamedow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, şol sanda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, bu düzümiň edaralaryna hukuk işiniň döwrebap usullaryny hem-de öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda kanunylygy pugtalandyrmak, düzgün bozulmalaryň öňüni almak boýunça işleri has netijeli alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda Baş prokurora birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana hem-de Karara gol çekdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, ýol hereketiniň kadalaryny we ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmegiň, ýol hereketiniň kadalarynyň, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berk berjaý edilmegine gözegçilik etmegiň, tomus möwsüminde howanyň gyzmagy bilen baglylykda, daşky gurşawy ýangyn howpundan goramak boýunça degişli taýýarlyk işlerini geçirmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu ýylyň dört aýynda kazyýet işini has-da kämilleşdirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy has-da berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, kazylaryň hünär bilimini yzygiderli ýokarlandyrmagy üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Milli howpsuzlyk ministri D.Meredow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, şol sanda ýurdumyzda asudalygy üpjün etmek, düzümiň işine döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň howpsuzlygyny we milli bähbitlerini goramak, ministrligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow döwletimiziň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň dört aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwlet serhediniň dost-doganlyk serhedi bolup durýandygyny aýtdy hem-de onuň goraglylygyny pugtalandyrmak, serhetçileriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe milli kanunçylyk binýadyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, raýatlara degişli hukuk kömegini bermek, ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kanunçylyk namalarynyň taslamalarynyň Konstitusiýamyza, hereket edýän kanunlara doly laýyk gelmegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi hem-de raýatlara kanunçylygy düşündirmek, hukuk kömegini bermek boýunça işleri dowam etdirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň çäklerinde gümrük nokatlaryny döwrebaplaşdyrmagyň, sanly ulgamy we işiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmagyň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda gümrük düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy hem-de döwrebap tehnikalary, iş usullaryny yzygiderli ornaşdyrmak babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow