“Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahata (Parahatçylyk we ynanyşmak forumy) gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde ýygnanyşyp;
Milli baýramçylyk — Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwletimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasaty bilen bagly käbir meseleler girizildi.
Biz, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öň ýanynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm soraglaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanýarys.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Inýasio Kassise Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Ýurdumyzyň ilatynyň Halkara Bitaraplyk gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň nebitgaz, senagat, ulag, oba hojalyk, medeniýet we beýleki pudaklaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, karar edýärin:
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, önjeýli jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, karar edýärin:
Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän Bütindünýä «EKSPO — 2020» sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyny hem-de Milli gününi guramaçylykly we ýokary derejede geçirmäge işjeň gatnaşyp, has-da tapawutlanandyklaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli çykarylan ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy:
Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini we medeniýetini ösdürmekde bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ýolbaşçylar ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy: