Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýeňiş gününiň hormatyna
Jemgyýet
Ýeňiş gününiň hormatyna
Çap edildi 06.05.2026
33

Şu günler 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda dabaraly çäreler, maslahatlar, sergiler geçirilýär. Munuň özi ýowuz urşa gatnaşanlara hem-de olaryň yzynda galyp, mukaddes ýar ojagyny saklan mähribanlara goýulýan belent hormat-sarpany alamatlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary bilen, Watanymyzda nusgalyk durmuş mekdebini geçen ýaşuly nesilleriň, bütin adamzadyň azatlygy we erkinligi ugrunda göreşe çykan hem-de gije-gündiz zähmet çekip, uly Ýeňşi ýakynlaşdyran edermen watandaşlarymyzyň sarpasy belent tutulýar. Ýakynda bolsa hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimliklerine 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmagy karar etdi. Munuň özi şol ýowuz urşa gatnaşanlaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyna, uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligine, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerine, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryna döwlet derejesinde uly hormat goýulýandygyny äşgär edýär.

Watan üçin janyny gurban eden milli gahrymanlary sarpalamak türkmen jemgyýetiniň mizemez däpleriniň biridir. Şoňa görä-de, 9-njy maý ýakynlaşdygyça, ýurdumyzda dürli medeni çäreleriň geçirilmegi giň gerime eýe bolýar. Bu sene mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Hakyda ýazylan ýatlamalar» atly sergi guraldy. Serginiň girişi hormatly Prezidentimiziň portreti, Diýarymyzyň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan Döwlet nyşanlarynyň fotosuratlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Beýik Ýeňiş barada aýdan pähimli sözleri bilen açylyp, ol Garaşsyzlyk döwrümizi, Watanymyzyň parahatçylygyny wasp edýän zergärçilik eserleri bilen dowam edýär. Türkmen halky Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşandyny goşdy. Urşuň ýowuz ýyllarynda edermen türkmen ýigitleriniň müňlerçesi doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde söweşip, gahrymançylyk görkezdiler. Şolaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy, hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bolup, onuň durmuş ýoly bu gün türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň, borja wepalylygyň nusgasy bolup durýar. Sergide Berdimuhamet Annaýewiň hala çitilen suraty, Milli Liderimiziň halkymyz tarapyndan söýlüp okalýan eserleri ýerleşdirildi. Şeýle hem bu ýerde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna degişli gymmatlyklar, esger hatlarynyň nusgalary, şol döwre degişli dürli serişdeler we esger esbaplary görkezilýär.

Bu ýerde uruş ýyllarynda tylda gahrymançylykly zähmetiň nusgasyny görkezen türkmen zenanlarynyň fronta kömek hökmünde esgerlere niýetläp tiken ýyly egin-eşiklerini, altyn-kümüş bezeg şaýlaryny tabşyryp duran pursatlaryny görkezýän dokumental fotosuratlary synlamak bolýar. Söweşe gatnaşyp, gahrymançylyk görkezen Gurban Durdynyň, Aýdogdy Tahyrowyň, Allaberdi Agalyýewiň fotоsuratlary Watany goramagyň belent nusgasy hökmünde sergini görmäge gelenlerde aýratyn täsir galdyrýar. Sergide söweşde gahrymançylyk görkezen esgerleri tapawutlandyrmak üçin döredilen ordendir medallar, frontdan gelen hatlar, urşa gatnaşyp edermenlik görkezen harby esgerleriň şahsy resminamalaryna hem orun berlipdir.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Gahrymanlarymyza hormat” ady bilen guralan sergide uruş ýyllarynyň çeper beýany, halkymyzyň sarsmaz ruhy şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşli eserleriniň üsti bilen açylyp görkezilýär. Sergide ussat suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň eserleri ýerleşdirildi.

Ýeňiş güni mynasybetli Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Beýik Ýeňiş — baky şöhrata beslenen gahrymançylygyň, watansöýüjiligiň öçmez nusgasy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň işi umumy mejlisden hem-de bölümçelerden ybarat boldy.

Maslahata gatnaşanlar 9-njy maýyň ata-babalarymyza buýsanýan, olaryň wesýetlerine eýerýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtadylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy adamzadyň taryhynda iň gazaply söweş hökmünde taryha girdi. Türkmen ýigitleriniň hem müňlerçesi Watan goragyna gidip, şol ýowuz söweşlerde öz şirin janyny pida etdiler. Watan üçin söweşip, juwan ýaşlygy şol ýowuz ýyllara gabat gelen ýaşuly nesillerimize häzirki döwürde uly hormat-sarpa goýulýar. Maslahatda çykyş edenler munuň üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow