Şu gün Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary Ç.Amanowyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýewiň hem-de Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, paýtagtymyzyň abadanlaşdyrylyşy, Täze ýyly garşylamaga taýýarlyk görlüşi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annaorazow Rahman Pirliýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gylyjow Çary Baýramowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Gurbannazarow Orazmyrada berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi geçirildi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.
18-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň dördünji mejlisi geçirildi. Onda 4-nji dekabrda geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň 16-njy maslahatynda kabul edilen kanunlar makullanyldy.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän ýubileý ýylynyň her bir güni halkymyzyň zähmet ýeňişlerine hem-de şöhratly wakalara beslenýär. Döwlet Baştutanymyz ata Watanymyzyň ykdysady we ruhy mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen bagly ägirt uly meýilnamalaryň başyny başlaýar.