Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary işler ministrligindäki duşuşyk
Syýasy habarlar
Daşary işler ministrligindäki duşuşyk
Çap edildi 21.12.2021
1875

Şu gün Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň çäginde koronawirus we beýleki howply ýokançlaryň döremeginiň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çärelere ýokary baha berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň dürli halkara maslahatlarda saglygy goraýyş ulgamy babatda öňe sürýän başlangyçlarynyňdyr teklipleriniň ähmiýeti aýratyn bellenilip, Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga çalyşýandygy tassyklanyldy.

Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara guramalar hem-de dünýä ýurtlary bilen köptaraplaýyn tagallalaryny utgaşdyrýar. Şol tagallalar bolsa hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, pandemiýa garşy netijeli göreşmäge, onuň täsirini ýeňip geçmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň pandemiýa garşy göreşmek boýunça ählumumy çözgütlerine aýratyn üns berildi. COVID-19-a garşy göreşmekde halkara hereketleri utgaşdyrmak üçin ýörite Kararnamalar kabul edildi. Şolarda BMG-niň edaralary we düzümleri adatdan daşary ýagdaýa garamazdan, köptaraplaýyn hereketlere ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şunda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň teklibi bilen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamanyň kabul edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Bu resminama tutuş dünýäde adam saglygyna abanýan ägirt uly howpuň öňünde has ähmiýetli tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň hem-de jogap çäreleri arkaly jebisleşilmeginiň zerurlygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Diplomatlar çykyşlarynda özleriniň bolýan ýurtlarynda epidemiologik ýagdaýa ünsi çekip, döwlet, sebit we dünýä derejesinde amala aşyrylýan COVID-19-a garşy göreşmek hem-de onuň durmuş-ykdysady, ynsanperwer jähetlerden täsirini azaltmak boýunça çäreleriň usullarydyr görnüşleri barada habar berdiler.

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň esasy bilermenleri we hünärmenleri bilen saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli pikir hem-de tejribe alyşmagyň ähmiýeti hem aýratyn bellenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen diplomatlarynyň işine yzygiderli goldaw berýändigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi adamzadyň saglygyna abanýan howplara hem-de wehimlere garşy hemmetaraplaýyn göreşmek üçin lukmançylyk ulgamynda halkara bileleşik bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow