Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Halkymyzyň parahatçylykly we döredijilikli zähmeti bilen eziz Diýarymyzyň kuwwaty pugtalanýar
Hepdäniň wakalary
Halkymyzyň parahatçylykly we döredijilikli zähmeti bilen eziz Diýarymyzyň kuwwaty pugtalanýar
Çap edildi 19.12.2021
3340

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän ýubileý ýylynyň her bir güni halkymyzyň zähmet ýeňişlerine hem-de şöhratly wakalara beslenýär. Döwlet Baştutanymyz ata Watanymyzyň ykdysady we ruhy mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen bagly ägirt uly meýilnamalaryň başyny başlaýar. Meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi has belent sepgitlere ýetmäge kuwwatly itergi berýär hem-de ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň dürli ulgamlarynyň depginli ösüşini, halkymyzyň rowaçlygynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyny üpjün edýär.

13-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Şonuň barşynda söhbetdeşler häzirki zamanyň ýagdaýlaryny we geljekki meýilleri nazara alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, ýeňil senagatda, oba hojalygynda we gaýtadan işleýän pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy barada aýdyldy hem-de bu babatda Hökümetara türkmen-eýran toparynyň işiniň ähmiýeti nygtaldy.

Söhbetdeşligiň çäklerinde iki dostlukly döwletiň Baştutanlary halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Iki ýurduň abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygy bellenildi.

Söhbetdeşler ylym, bilim, medeniýet we sungat hem-de sport ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň ägirt uly geljeginiň bardygyny aýtdylar.

17-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkymyzyň abadançylygynyň hem-de bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Hususan-da, gürrüň, 2022-nji ýylda uçdantutma ilat we ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwyny geçirmek, nebitgaz pudagyny yzygiderli ösdürmek, maglumat tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, milli kanunçylygy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, Täze ýyla taýýarlyk görmek barada barýar.

Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda gol çekilen “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakyndaky Ylalaşygy iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz milli we sebit ähmiýetli täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin daşary ýurtlaryň iri işewür düzümleriniň hem-de abraýly halkara maliýe edaralarynyň maýa serişdelerini çekmegiň wajypdygyny belläp, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde çykyş etmäge ygtyýar bermek baradaky Karara gol çekdi.

2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gidýändigini alamatlandyrýan önümçilik we medeni-durmuş maksatly täze desgalary gurmak boýunça işler dowam etdiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, kärhanalar, guramalar bilen bilelikde geçirilen seljermäniň esasynda işlenilip taýýarlanan 2022-nji ýylda Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin niýetlenen nebit önümleriniň möçberleri babatda teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz 2022-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň sanawy bilen tanyşdy. Bu sanaw Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleriniň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň geçiren seljermesiniň netijeleri boýunça işlenilip taýýarlanyldy.

Häzirki wagtda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna” laýyklykda, 2500-den gowrak iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyz milli binagärlik däpleriniň dünýäniň şähergurluşyk babatdaky döwrebap ýörelgeleri bilen sazlaşmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hiline we möhletine, olaryň zerur gurluşyk serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün edilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýet we maliýe toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer S.Berdimuhamedowa ýakyn wagtda welaýatlarda bolup, Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bazarlara we dükanlara baryp, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda harytlaryň nyrhlaryny görmegi, oba ýerlerinde çözülmeli nähili soraglaryň bardygy bilen tanyşmagy tabşyryp, bar bolan meseleleri çözmegiň ýollary barada teklipleri taýýarlap, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiziň garamagyna obasenagat toplumynda alnyp barylýan özgertmeleriň çäklerinde gowaça ekilýän ýerleri 620 müň gektardan 580 müň gektara çenli azaltmak barada teklip hödürlenildi. Gowaça ekininden boşaýan 40 müň gektar meýdana bolsa öň bölünip berlen 55 müň 550 gektar ýer bilen birlikde ýeralma, gök-bakja ekinlerini ekmek teklip edildi. Piläniň öndürilýän mukdaryny köpeltmek üçin degişli meýilnamany 200 tonna artdyrmak teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek, ilaty ýeralma, gök, bakja we beýleki oba hojalyk önümleri bilen ýylyň dowamynda doly üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde, obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmekde ylmy taýdan esaslandyrylan täzeçil usullaryň ulanylmalydygyny, ýerden, suwdan rejeli peýdalanmak, ekinleriň hasyllylygyny artdyrmak meselelerine jogapkärli çemeleşilmelidigini, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmelidigini belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Buýan» obasenagat toplumynyň glisirrizin turşusyny öndürjek kärhanasyny gurmak meýilleşdirilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Italiýanyň “Adipson Ind. Srl.” kompaniýasynyň arasynda buýan köküni gaýtadan işläp, arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň taslamasyny taýýarlamak hem-de ony enjamlaşdyrmak hakyndaky Ähtnama gol çekilipdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, bu kärhanany gurmak boýunça potratçyny seçip almak üçin Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan bäsleşik geçirildi. Şonuň netijesinde, “Mizemez gadam” hususy kärhanasynyň hödürlän baha teklibi saýlanyp alyndy.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Merkezi Aziýa — Hindistan” dialogynyň nobatdaky daşary işler ministrler derejesindäki mejlisiniň işine hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrler Geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlar boýunça adatdan daşary mejlisiniň işine gatnaşmak üçin, ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary 2021-nji ýylyň 18 — 20-nji dekabry aralygynda, degişlilikde, Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde gulluk iş saparynda bolarlar.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara toparyň meseleleri hakynda” Karara gol çekdi hem-de Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny tassyklady.

Daşary işler ministrliginde Ministrler Kabinetiniň 10-njy dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisiniň hem-de 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda türkmen paýtagtynda guralan “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň jemlerine bagyşlanan «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary-da gatnaşdylar. Halkara maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Jemleýji resminama maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy.

Çykyş edenler ýaşlaryň parahatçylyk, ynanyşmak, birek-birege düşünişmek, açyklyk, inklýuziwlik hem-de özara hormat goýmak ýaly gymmatlyklara düşünmegini ösdürmek maksady bilen, olaryň parahatçylyk medeniýetini höweslendirmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin gurallaryň döredilmeginiň zerurdygyny beýan etdiler.

Onuň döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk medeniýetini we özara ynamy ösdürmek, raýdaşlygy we sazlaşygy pugtalandyrmak arkaly durnukly ösüşe, parahatçylyga hem-de howpsuzlyga ýardam berýän gymmatlyklar hökmünde Bitaraplyk syýasaty bilen üznüksiz baglanyşyklydygy aýratyn bellenildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly goşgusyna bagyşlanan “Arkadagyň parahatçylyk ýörelgesi — dünýä nusgalyk görelde” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa medeniýet toplumynyň ýolbaşçylary we wekilleri, tanymal şahyrlar hem-de ýazyjylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Medeniýet hem-de sungat ussatlary, ýazyjylar we şahyrlar milli Liderimiziň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik hem-de dünýäniň ähli halklary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugrunyň dabaralanýandygyny nygtadylar. Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiziň täze şahyrana eseri açyklyga çagyryş bolup, onda halkymyzyň geçmiş taryhynyň dowamynda ýüzbe-ýüz bolan iň çylşyrymly meseleleri hem gepleşikler arkaly çözmäge ygrarly bolandygy ýiti şahyranalyk bilen beýan edilýär.

Meşhur aýdymçylaryň Bitarap Diýarymyz barada ýerine ýetiren aýdymlary Mukamlar köşgündäki çäräniň baýramçylyk ruhubelentligini has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly goşgusyna döredilen aýdym dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

16-njy dekabrda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň bu iri syýasy guramasynyň döredilmeginiň şanly senesi mynasybetli gutlap, Demokratik partiýanyň döwletimiziň kanunçylyk-hukuk esaslaryny kemala getirmekde, halkara gatnaşyklary syýasy taýdan esaslandyrmakda, halkymyzyň güýjüni jemgyýetiň öňünde duran belent maksatlaryň daşynda jebisleşdirmekde, konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryny durmuşa geçirmekde, hususan-da, iki palataly parlament ulgamyna geçmekde möhüm ornuny belledi.

Maslahata gatnaşyjylar çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň Gutlagynyň olary has-da netijeli işlemäge ruhlandyrandygyny nygtadylar. Demokratik partiýanyň agzalary amala aşyrylýan wagyz-nesihat işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, partiýanyň hatarlaryna giň gözýetimli ýaşlary çekmek, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady hem-de medeni durmuşyna degişli çärelere taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça anyk çäreleri görýärler. Bularyň ählisi ýaş nesliň watançylyk we ruhy-ahlak terbiýesine, türkmenistanlylary ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere işjeň gatnaşmaga çekmäge ýardam edýär.

Täze ýylyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, nebit önümlerinden ybarat ynsanperwerlik kömegi ýetirildi. Ynsanperwerlik ýüküni gowşurmak dabarasyna ýurdumyzyň wekilçilikli topary hem-de owgan tarapynyň ýokary wezipeli adamlary gatnaşdylar.

Bu waka mynasybetli Akina şäherçesiniň türkmen tarapynyň goldawy bilen gurlan täze metjidinde hem-de Turgundy şäherçesinde sadakalar berildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň dördünji mejlisi geçirildi. Onda Milli Geňeşiň Mejlisiniň 4-nji dekabrda geçirilen 16-njy maslahatynda kabul edilen kanunlar makullanyldy.

Hususan-da, “Durmuş hyzmatlary hakynda”, “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda”, “Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary, şeýle hem hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmäge degişli birnäçe kadalaşdyryjy hukuk resminamalary biragyzdan goldanyldy hem-de degişli Kararlar bilen berkidildi.

Däp bolşy ýaly, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli çäreleriň başyny başlaýan ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçen hepdäniň ýatdan çykmajak wakalarynyň biri boldy.

Dürli öwüşgin saçýan şarlar we çyrajyklara, yşyklandyryjy bezeglere beslenen, beýikligi 38,5 metre deň bolan, «2022» diýen ýazgy bilen bezelen Baş arça “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky giň meýdançada gurnalan ertekiler şäherjiginde oturdyldy.

Aýazbaba we Garpamyk ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ezber atly ýigitleriniň, şeýle hem ajaýyp görnüşde bezelen iki gat awtobusdaky körpeleriň ugratmagynda, Köpetdagyň etegindäki bu gözel künjege geldiler.

Bu ýere gelmezden öňürti olar baýramçylyk mynasybetli bezelen gözel Aşgabada gezelenç etdiler. Geçen bir ýylyň içinde bu ýerde täze ýaşaýyş jaý toplumlary, kaşaň myhmanhanalar, iri işewürlik we söwda merkezleri, seýilgähler peýda boldy. Bularyň hemmesi milli Liderimiziň paýtagtymyzy ösdürmek, ildeşlerimiziň oňaýly durmuşda ýaşamagy barada edýän ýadawsyz aladasynyň hem-de taýsyz tagallalarynyň aýdyň subutnamasydyr.

Paýtagtymyzdaky Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylmagynyň yzysüre, welaýatlarda “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançalardaky, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň merkezlerindäki Täze ýyl arçalary hem öz yşyklaryny ýakdylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly çuňňur ynsanperwer goşgusynda dünýäniň ähli halklaryna arzuw edişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Täze ýylyny abadançylykda, bagtyýarlykda we rowaçlykda garşy almak biziň hemmämize nesip etsin!


Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow