Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi
Çap edildi 19.12.2021
2382

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň dördünji mejlisi geçirildi. Onda 4-nji dekabrda geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň 16-njy maslahatynda kabul edilen kanunlar makullanyldy. Bu kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Mejlise köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň hem-de komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda kanunlaryň her biri boýunça netijä gelindi.

Ilki bilen, Mejlisiň kabul eden “Durmuş hyzmatlary hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, adamlaryň aýratyn toparyna durmuş hyzmatlaryny bermegiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýän bu resminama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alyp barýan durmuş ugurly syýasatyny amala aşyrmagyň çäklerinde garalýar. Bu syýasy ugruň baş ýörelgesi “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda beýan edildi.

Soňra “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna garaldy. Bu Kanun ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, ýokanç däl kesellere degişli meseleleri çözmäge gönükdirilendir.

Bellenilişi ýaly, bu Kanun ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitläp, milletimiziň saglygyny goramaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmak üçin zerur bolan oňyn şertleri üpjün etmäge ýardam berer.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary aw awlamagyň hem-de aw baýlyklaryny goramagyň, dikeltmegiň we durnukly ulanmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän “Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu resminamanyň ýurdumyzyň alyp barýan ekologiýa syýasatyna kybap gelýändigi hem-de tebigy baýlyklary oýlanyşykly ulanmaga, haýwanat dünýäsini gorap saklamaga gönükdirilendigi nygtaldy.

Şunuň bilen birlikde Halk Maslahatynyň agzalary hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmäge degişli birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalara garadylar. Olaryň hatarynda “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Howa kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Olar boýunça degişli Kararlar kabul edildi.

Şunuň bilen baglylykda, milli kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş-medeni taýdan ösmegine, onuň adam mümkinçilikleriniň netijeli durmuşa geçirilmegine gönükdirilendigi nygtaldy.

Mejlisiň dowamynda başga-da möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň dördünji mejlisiniň garamagyna çykarylan kanunlar biragyzdan makullanyp, degişli Kararlar bilen berkidildi.

Soňky habarlar
16.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 76 million 375 müň dollaryndan gowrak boldy
15.09
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
15.09
Türkmenistan parahatçylyk döredijilik taglymlaryny we täze sebitleýin taslamalary öňe sürýär
15.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi
14.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyna gatnaşyjylara
13.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.09
Ulag ulgamy — milli ykdysadyýeti we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugry
12.09
Türkmenistanda Wengriýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
11.09
Energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralar
top-arrow