Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasy Karl XVI Gustawa we ýurduň halkyna Şwesiýanyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp «Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň döwlet ekologiýa syýasaty — durnukly ösüşiň we «ýaşyl» ykdysadyýetiň binýady» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde “Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda” atly ylmy duşuşyk geçirildi. Duşuşyga degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly hünärmenler gatnaşdylar.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu iri taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi babatda degişli ýolbaşçylar bilen maslahat geçirdi.
Orazgeldiýew Esenmyrady, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ugrunda çekýän tutanýerli işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Şu gün, asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýrama gabatlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany Ýelizaweta II tagta geçmeginiň 70 ýyllygy — platina ýubileý baýramy hem-de doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.