Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan welosipedli ýörişe gatnaşdy
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan welosipedli ýörişe gatnaşdy
Çap edildi 03.06.2022
1911

Şu gün, asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýrama gabatlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda degişli Kararnama kabul edildi we dünýäniň 56 döwleti onuň awtordaşy bolup çykyş etdi. Ynsan saglygy, raýdaşlyk, dost-doganlyk ýaly umumadamzat gymmatlyklaryna hem-de belent ynsanperwer taglymlara ygrarlylygy alamatlandyrýan bu senäniň döredilmegi parahatçylygyň ilçisi hökmünde sporty giňden wagyz etmek, ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň teklibi boýunça “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini hem ýatladýarys. Onuň awtordaşlary bolup 62 döwlet çykyş etdi. Bularyň ählisi dünýä bileleşigi tarapyndan Watanymyzyň bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketiniň ösdürilmegine, jemgyýetde ekologik medeniýetiň kämilleşdirilmegine, milli, sebit hem-de ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge uly goşandynyň ykrarnamasynyň aýdyň subutnamasydyr.

Halkyň saglygy we bagtyýarlygy, ilatyň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmak baradaky alada, beden hem-de ruhy taýdan kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler, milli maksatnamalardyr giň gerimli taslamalar şu möhüm wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir.

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak ynsan saglygynyň, onuň mümkinçilikleriniň doly açylmagynyň wajyp şertidir. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagy ýurdumyzda emele gelen hem-de yzygiderli ýagdaýda geçirilýän, müňlerçe watandaşlarymyzy — ähli ýaşdaky we dürli hünärdäki adamlary birleşdirýän köpçülikleýin sport çäreleriniň has-da işjeňleşdirilmegine ýardam berýär. Şunda bu ugurda durmuşa geçirilýän yzygiderli çäreleriň durmuş hem-de ekologik meseleler bilen ýakyndan baglanyşyklydygyny bellemek gerek. Häzirki zaman dünýäsinde ekologiýa bilen bagly meseleler möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan olaryň deňeçer çözgütleriniň işlenip taýýarlanylmagyna uly goşant goşýar, uzak möhletleýin, ylma esaslanýan tebigaty goraýyş strategiýasyny durmuşa geçirýär, oňyn başlangyçlary öňe sürýär.

Welosiped, hakykatdan-da, ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşi hökmünde ykrar edilendir. Hereket etmegiň, syýahatçylygyň, boş wagtyňy işjeň hem-de peýdaly geçirmegiň örän amatly serişdesidir.

Şu gezekki welosipedli ýöriş Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda gurlan hem-de Aşgabadyň özboluşly bezegine öwrülen «Welosiped» binasynyň ýanyndan badalga aldy. Bu täsin binada Watanymyzyň baý taryhy, häzirki zaman gazananlary, türkmen halkynyň ruhubelentligi, parahatçylyk söýüjilik we döredijilik taglymlaryna, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlydygy öz beýanyny tapdy.

Ir bilen bu ýere Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, talyplar, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleri ýygnandylar. Şolaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem bar.

Hemmeler ýokary ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy garşylaýarlar.

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Watanymyzyň gülläp ösüşini hem-de türkmen sportuny wasp edýän joşgunly aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyga özboluşly sowgat boldy.

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň yzysüre hemmeler paýtagtymyzyň Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollary boýunça agzybirlikde herekete başladylar.

Säher bilen tomus paslynyň ýakymly howasy hem-de ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp görnüşi ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere dahyllydygyňa buýsanç duýgusyny döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu asylly ýörelge hil taýdan täze mazmuna eýe boldy. Welosipedli ýörişiň geçýän ýollarynyň ugrunda guralan döredijilik toparlarynyň çykyşlary bu günki baýramçylyk çäresine özboluşly öwüşgin çaýdy.

Bu gün Türkmenistanda welosiped sportunyň giňden wagyz edilmegi, sportuň ekologik taýdan arassa bu görnüşine ilaty, esasan-da, ýaşlary çekmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Çünki welosiped beden saglygyny berkitmegiň hem-de özüňi oňat duýmagyň örän netijeli serişdesidir.

Welosiped sportunyň görnüşiniň köpdügini bellemek gerek. Şolaryň hatarynda şosse we trek ýaryşlary, motorly welosiped ýörişleri we beýlekiler bar, olaryň her biri hem ýörite ugurlara bölünýär. Sport giňişliginde ýakynda peýda bolan hem-de eýýäm meşhurlyga eýe bolup başlan mauntinbaýk (daglyk ýerler üçin niýetlenen welosipedlerde ýaryşmak) görnüşini has gyzykly hasaplaýarlar. Welosipedde dürli tilsimleriň ýerine ýetirilmegini öz içine alýan welosiped sportunyň fristaýl görnüşi hem meşhurdyr. Tebigy ýa-da ýörite gurnalan päsgelçilikli ýollaryň geçilmegini göz öňünde tutýan welotrial görnüşi hem uly gyzyklanma eýe. Bularyň ählisi welosiped sporty bilen çynlakaý meşgullanýanlar üçin öz isleglerine görä ugry saýlap almaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanda hem welosiped sporty we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertleriň döredilendigini bellemek gerek. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda we welaýatlarda ýaryşlary, türgenleşikleri geçirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, türgenleriň täze neslini terbiýelemek, geljekki olimpiýaçylary kemala getirmek üçin niýetlenen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ugurdaş düzümler döredildi.

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän üsti ýapyk görnüşli Welotrek toplumy onuň ýöriteleşdirilen desgalarynyň biridir. Ol ähli görkezijilere, şol sanda tehniki üpjünçilik babatda şeýle desgalara bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär. Onuň münberleri 6 müň tomaşaça niýetlenendir. Bu ýerde göz öňünde tutulan şertler halkara ýaryşlary, şol sanda dünýä derejesindäki bäsleşikleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Aşgabadyň Welotrek toplumynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen welosiped boýunça ýaryşlar geçirildi.

Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolmak bilen, bu abraýly düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär, sport döwleti hökmündäki abraýyny barha ýokarlandyrýar.

Welosipedli gezelençler barada aýdylanda, ol ýokary ruhubelentlik duýgusyny döredýär, daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, daşky dünýä bilen tanyşmak, tebigatyň täsin künjeklerinde bolmak mümkinçiligini emele getirýär. Soňky wagtlarda welosipedli syýahatçylygyň giň gerime eýe bolmagy munuň mysalydyr. Pyýada ýöremek bilen deňeşdirilende, welosipedli gezelençler uzak aralyklary az wagtda geçmäge mümkinçilik berýär. Awtoulaglarda gezelenç etmek bilen deňeşdirilende, welosiped päsgelçilikli ýerlerden geçmäge ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Umuman, munuň özi işjeň dynç almagyň, şol sanda boş wagtyňy maşgala agzalaryň bilen gyzykly geçirmegiň örän amatly görnüşidir.

Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişiň dowamynda ajaýyp beden we sport taýýarlygyny, şahsy göreldesi bilen işjeň hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň artykmaçlyklaryny görkezdi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi bolan döwlet Baştutanymyz Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan asylly maşgala ýörelgelerini mynasyp dowam etdirip, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga uly üns berýär, munuň özi adamyň fiziki we ruhubelentlik ýagdaýyna oňat täsir etmek bilen, zähmetsöýerlik, özüňe erk etmek, maksada okgunlylyk ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam berýär.

...Arkadagly Serdarymyzyň öňüni çekýän welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň hatarlary paýtagtymyzyň ýollary boýunça hereketini dowam etdirdiler. Giň şaýollaryň ugrunda daş-töweregi abadanlaşdyrylan çäkler bilen gurşalan ak mermerli binalar, belent ýaşaýyş jaý toplumlary bina edildi. Giň şaýollar, göwnüňi açýan dürli görnüşli güllere beslenen seýilgählerdir seýilbaglar, tomsuň yssy günlerinde salkynlyk eçilýän suw çüwdürimleri Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan hem-de dünýäniň owadan şäherleriniň biri diýlip ykrar edilen Aşgabadyň täsin binagärlik toplumlary bilen sazlaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýolugra Bitarap Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekowa ýüzlenip, ýol düzümleriniň desgalarynyň bezegi babatda, şol sanda ýerasty geçelgeleriň hem-de ýol aýrytlarynyň ýanaşyk çäkleriniň milli bezeg usullaryny, hususan-da, özboluşly mozaika böleklerini ulanmak arkaly ýerine ýetirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurdaky toplumlaýyn işleri dowam etdirmegi tabşyryp, türkmen paýtagtynyň yzygiderli abadanlaşdyrylmagyna hem-de bagy-bossanlyga bürelmegine, şäherde nusgalyk arassaçylyk derejesiniň saklanmagyna, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilmeginiň zerurdygyny belledi.

Ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alan oňyn özgertmeleriň öňüni çekýän hem-de gün-günden gözelleşýän Aşgabat täze eýýamyň aýdyň nyşanydyr. Paýtagtymyz, hakykatdan-da, binagärligiň gerimi, innowasion häsiýetli özboluşly bezeg çözgütleriniň we milli binagärligiň gadymy ýörelgeleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen haýran galdyrýar. Watanymyzyň baş şäheri barha ösmek hem-de öz çäklerini giňeltmek bilen, döwrebap megapolis hökmündäki ornuny pugtalandyrýar. Şunda Aşgabatda amala aşyrylýan, uzak geljege niýetlenen şähergurluşyk maksatnamasy ýaşaýjylar üçin ýokary derejede amatly şertleriň döredilmegine, ýakymly şäher gurşawynyň kemala getirilmegine gönükdirilendir.

...Hemişe bolşy ýaly, paýtagtymyzda ir säherden ýaşaýyş joşup başlady. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary işe, körpeler bolsa ene-atalarynyň ugratmagynda çagalar baglaryna tarap howlugýarlar. Uly ýaşly aşgabatlylaryň köpüsi, säheriň tämiz howasyndan dem almak üçin, ir bilen gezelenje çykdylar. Tomus säheriniň arassa howasy hemme ýerde ýokary ruhubelentlik döretdi, adamlara tutuş güne ýeterlik gujur-gaýrat eçildi.

Welosiped sporty baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, onuň taryhynyň 1868-nji ýylda Fransiýada guralan ilkinji resmi ýaryşlardan — iki kilometr aralyga geçirilen bäsleşiklerden başlanandygyny ýatlatmak isleýäris. 1896-njy ýylda sportuň bu görnüşi Afinyda geçirilen birinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. 1900-nji ýylyň aprel aýynda bolsa Parižde Halkara welosipedçiler birleşigi (UСI) döredildi.

Türkmenistanda hem welosiped sportunyň taryhynyň XIX asyryň ikinji ýarymynda, 1894-nji ýylda Aşgabatda welosipedçileriň ilkinji jemgyýetiniň döredilmegi bilen başlanandygyny bellemek gerek. Şondan bir ýyl soň, sportuň bu görnüşi boýunça ilkinji ýaryşlar guraldy. Häzirki döwürde sportuň bu gyzykly görnüşi ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe boldy.

Häzir çagalaryň we ýaşlaryň barha köp sanlysy welosiped sportuna çekilýär. Körpe nesil sportuň bu görnüşini uly höwes bilen özleşdirýär. Şu gezekki welosipedli ýörişe Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleriň işjeň gatnaşmaklary hem muňa şaýatlyk edýär. Olar Gahryman Arkadagymyzyň sowgat beren welosipedlerinde ussatlygyny görkezip, ýaşytdaşlaryna görelde bolýarlar. Döwletliler köşgüniň ýaş türgenleri şunuň ýaly sport-sagaldyş çärelerine hemişe ruhubelentlikde gatnaşýarlar.

Ýurdumyzda ösüp gelýän nesil üçin döwrebap bilimi ele almaga, ukyp-başarnyklaryny doly açmaga, döredijilik we sport bilen meşgullanmaga, saglygy berkitmäge gönükdirilen ähli şertler döredildi. Şunda aýratyn goldawa mätäç çagalara uly üns berilýär. Bu ugurda geçen ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yzygiderli işler geçirilýär.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şu ýylda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli bu haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan durmuş taýdan aýratyn goldawa mätäç ýaş türkmenistanlylara sowgat almak üçin serişdeler bölünip berildi. Ozal habar berlişi ýaly, 1-nji iýunda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda baýramçylyk çäreleri geçirilip, olaryň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň — Arkadagly Serdarymyzyň adyndan degişli sowgatlar körpelere, şol sanda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara gowşuryldy.

...Welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň hatarlary Bitarap Türkmenistan şaýoly boýunça ýoluny dowam edip, Aşgabadyň merkezine tarap ugur aldy.

Ýeri gelende aýtsak, welosiped sürmek ýylyň ähli paslynda diýen ýaly açyk howada wagtyňy gyzykly geçirmäge mümkinçilik berýär. Welosiped ulagyň ýönekeý hem-de elýeterli görnüşidir. Ol 1817-nji ýylda döredildi diýlip hasaplanýar. Soňra welosipediň gurluşy yzygiderli özgerdildi hem-de döwrebaplaşdyryldy. 1885-nji ýyldan başlap, ulagyň bu görnüşi häzirki keşbine getirildi. Şondan soňra welosiped sporty ösüş ýoluna düşdi.

Ylmy barlaglaryň görkezişi ýaly, welosiped sürlende, bedene kadaly agram salynmagy bilen, adamyň çydamlylygy we işe ukyplylygy ýokarlanýar, beden bogunlary, myşsalar, nerw ulgamy berkeýär. Welosiped sporty, welosipedli gezelençler gan basyşynyň kadalaşmagyna, ýürek-damar we beýleki keselleriň töwekgelçiliginiň peselmegine ýardam berýär. Welosiped sürmek bedeniň madda aýlanyşygyny hem gowulandyrýar, onuň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar, uzak wagtlyk şähdaçyklyk berýär. Aýaklaryň yzygiderli hereketleri ganyň damarlarda doňup galmagynyň öňüni alýar. Munuň özi hereketleriň sazlaşygy üçin netijeli türgenleşik bolup, ünsüňi bir ýere jemlemäge mümkinçilik berýär.

Welosiped sürlende, sürüjiniň nazary dürli aralykda ýerleşýän zatlara gönügýär. Onuň netijesinde göz myşsalary berkeýär, bu bolsa göz keselleriniň öňüni almaga ýardam berýär. Mundan başga-da welosiped sporty kaloriýalary sarp etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Ukynyň hem-de iýmit siňdirişiň gowulanmagyny, hatda ömrüň dowamlylygynyň uzalmagyny hem alymlar welosipediň artykmaçlyklarynyň hatarynda kesgitleýärler. Bularyň hemmesi adamyň özüni duýşuna, fiziki, psihologik we ruhy ýagdaýyna oňyn täsir edýär. Şeýle hem welosiped sporty bilen tutuş maşgala we dost-ýarlar bilen bilelikde meşgullanyp hem-de gezelenç edip bolar.

Welosipediň ekologik taýdan arassa ulag serişdesi bolup durýandygy hemmelere mälimdir. Adam saglygy hem-de onuň doly derejeli durmuşy daşky gurşawyň ýagdaýyna gönüden-göni baglydyr. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ýokarda agzalan Kararnamalaryň kabul edilmegi, welosipedi hem-de welosiped sportuny wagyz etmek boýunça geçirilýän giň gerimli işler, tebigaty goramak boýunça amala aşyrylýan milli strategiýa biziň ýurdumyzyň ählumumy ähmiýete eýe bolan möhüm ekologik meseleleri çözmäge goşýan uly goşandydyr. Saglyk we sport, ekologik abadançylyk hem-de durnukly ösüş bir bitewi düşünjelerdir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welosipedli ýörişiň bellenen aralygyny geçip, ahyrky nokada — paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgüniň ýanynda ýerleşýän pellehana geldi.

Döwlet Baştutanymyz Bütindünýä welosiped gününe gabatlanyp geçirilen köpçülikleýin sport-ekologik çärä gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Mahlasy, bu baýramçylyk welosipedli ýörişi biziň jemgyýetimiziň jebisliginiň, türkmenistanlylaryň belent ynsanperwer gymmatlyklara üýtgewsiz ygrarlylygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.

...Şu gün Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da welosipedli ýörişler geçirildi. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin Watanymyzda döredilen aňrybaş amatly şertler netijesinde sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesi türkmenistanlylaryň saýlap alan ýörelgesine öwrüldi, bu hereket ähli ýaşdaky ildeşlerimizi has-da jebisleşdirdi.

Baýramçylyk çärelerinde Türkmenistanda amala aşyrylýan döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli we oňyn syýasat öz beýanyny tapdy hem-de ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşini alamatlandyryp, Diýarymyzyň belent halkara abraýynyň nyşany boldy.

Soňky habarlar
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
top-arrow