Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine
Çap edildi 03.06.2022
2429

Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri!

Eziz watandaşlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ugrunda çekýän tutanýerli işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deý gorap gelipdir. Halkymyzyň bu asylly ýörelgesini «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylda has-da ösdürmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça bellän meýilnamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär.

Eziz watandaşlar!

Daşky gurşawy gorap saklamak ugrunda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz bu günki gün has-da kämilleşdirilýär. Ata Watanymyzda her ýylda ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine hem-de halkymyzyň gözel tebigatyna bolan söýgüsiniň artmagyna uly itergi berýär. 

Häzirki döwürde ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Uly maksatlary nazarlaýan bu işleriň netijesinde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde we welaýatlarda tokaý zolaklarynyň çäkleri barha giňelýär. Hazar deňziniň tämiz howaly kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ildeşlerimiziň we daşary ýurtly myhmanlaryň dynç almagy, bu ýeriň özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Garagumuň jümmüşinde döredilen «Altyn asyr» Türkmen köli Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga, şeýle hem tutuş sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmaga oňaýly täsir edýär.

Berkarar Watanymyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi döwlet ekologiýa syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ynsan öz ömrüniň bütin dowamynda tebigat bilen özara aýrylmaz sazlaşykda, gatnaşykda ýaşaýar. Şonuň üçin hem adamzadyň ýaşaýşy köplenç onuň tebigy baýlyklardan peýdalanyşyna, tebigata bolan gatnaşygyna baglydyr. Bu bolsa biziň her birimizi daşky gurşawy goramaga we tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmäge borçly edýär.

Eziz watandaşlar!

Adamzadyň durnukly ösüşi we ekologik howpsuzlygy halkara hyzmatdaşlyk bilen pugta baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça Konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge düýpli çemeleşýär. 

Bu ugurda biz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Azyk we oba hojalyk guramasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti ýaly köp sanly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýarys hem-de ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlar bilen çykyş edýäris.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki maslahatlarda daşky gurşawy gorap saklamak, suw-energetika serişdelerini aýawly peýdalanmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça başlangyçlary öňe sürdi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlar tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilmegi biziň bu döwrebap başlangyçlarymyzyň iş ýüzünde öz beýanyny tapýandygyna doly şaýatlyk edýär.

Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri!

Eziz watandaşlar!

Siziň ähliňizi Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we gözel Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny yzygiderli artdyryp, geljek nesiller üçin gorap saklamak ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. 

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
18.09
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary
18.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
18.09
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Täze oba — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşany
17.09
Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlaryň açylyş dabarasy boldy
17.09
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň saýlanan Baştutanyny gutlady
16.09
Türkmenistanda zähmet bazaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
top-arrow