Şu gün ýurdumyzda galla oragyna badalga berildi. Ministrler Kabinetiniň 26-njy maýda geçirilen göçme mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň başlanmagyna ak pata berip, edermen daýhanlara zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Şoňa laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa bu işe 10-njy iýunda girişerler.
Sizi adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan halkara baýram — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bu ajaýyp baýramçylygyň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere buýsanjymyzy has-da ýokarlandyrjakdygyna pugta ynanýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde Medine şäherine bardy.
Şu gün paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada mekdep okuwçylaryny Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän özboluşly tebigy şypahana bolan Gökderä ugratmak dabarasy geçirildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük sapary başlandy. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanyp, daşary ýurda ilkinji saparynyň yslam dünýäsinde keramatly saýylýan mukaddes ýerlere amala aşyrylýandygy bellärliklidir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella, Premýer-ministri Mario Dragä we ýurduň dostlukly halkyna Italiýanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Şu gün asylly däbe görä, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi.
Sizi tutuş dünýä bileleşigi bilen birlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralaryň, döredijilik sergileridir bäsleşikleriniň, şadyýan we gyzykly çäreleriň Watanymyzyň röwşen ertirleriniň dowamaty bolan mähriban körpelerimiziň, tutuş halkymyzyň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylan üstünliklere çäksiz buýsanç döretjekdigine berk ynanýaryn.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.
Däp bolşy ýaly, 1-nji iýunda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyny tassyklap, öz ýaşajyk raýatlary üçin amatly durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary jogapkärçiligini iş ýüzünde dünýä äşgär edýär. Şu gün — bu ajaýyp senäniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwletliler köşgüne bardy we şol ýerde baýramçylyk çäresine gatnaşdy.