Türkmenistanly agyr atletikaçy Anamjan Rustamowa birbada iki derejede – ýaşlaryň we ýetginjek gyzlaryň arasynda Aziýanyň wise-çempiony boldy. Paýtagtymyzyň «Olimp» sport mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Daşkentde geçirilýän yklym ýaşlar birinjiliginde 81 kg çenli agramda şeýle üstünlik gazandy.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan netijeli daşary syýasaty yzygiderli amala aşyrmak bilen, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar, ilkinji nobatda, halklarynyň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklary bolan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy barha giňeldýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Draupadi Murmu Hindistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe 65 ýaşynyň dolmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny hem-de berk jan saglyk, maşgala abadançylygy, bagtyýarlyk, doganlyk özbek halkynyň gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik gazanmak baradaky arzuwlaryny iberdi.
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe 65 ýaşynyň dolmagy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny we tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň ýedinji mejlisi geçirildi.
22-nji iýulda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Parahatçylyk dilleri» atly ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň ilkinji klubunyň açylyş dabarasy boldy. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty we bu ýokary okuw mekdebiniň rektoraty bu taslamanyň guramaçylary bolup çykyş etdiler.
Özbegistanyň paýtagtynda agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilýän Aziýa çempionatynda ildeşimiz Surajbek Sapaýew silterläp, itekläp götermekde jemi görkeziji boýunça wise-çempion adyna eýe boldy.
Türkmen türgenleri Daşkent şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda 11 medal gazandylar.