Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan netijeli daşary syýasaty yzygiderli amala aşyrmak bilen, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar, ilkinji nobatda, halklarynyň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklary bolan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda sebitde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmek boýunça öňe süren täze başlangyçlary muny nobatdaky gezek tassyklady.
Sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Prezident Sadyr Žaparow bilen duşuşygy boldy. Döwlet Baştutanlary ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşini ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda, türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň geljegi bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Prezident Sadyr Žaparow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýakyn wagtda resmi sapar bilen Gyrgyzystana gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammitde çykyş edip, Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyndan bäri geçen bir ýylyň dowamynda dünýäde düýpli özgerişleriň bolup geçendigini, täze ýagdaýlaryň, wehimleriň peýda bolandygyny, olaryň biziň sebitimizden hem sowlup geçmändigini belledi. Şunda howpsuzlygy üpjün etmek baradaky mesele örboýuna galdy. Gynansak-da, biz entek Ýewraziýa giňişliginde parahatçylyk mizemez, durnuklylyk bolsa dolanuwsyz häsiýete eýe boldy diýip aýdyp bilmeris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sebitiň ýurtlarynda içerki syýasy ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synanyşyklary, ekstremistik we radikal güýçleriň Merkezi Aziýa aralaşmak synanyşygyny esasy howplaryň hatarynda kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz sebitiň serhetleriniň golaýynda bolup geçýän harby-syýasy gapma-garşylyklaryň netijeleriniň ýetirip biläýjek ýaramaz täsirini, maglumat tehnologiýalarynyň bikanun ulanylmagyny, Merkezi Aziýa halklarynyň taryhy däplerine, olaryň ýaşaýyş-durmuşynyň esasy gymmatlyklaryna we asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýörelgelerine çapraz gelýän pikirleriň, garaýyşlaryň daşyndan zorluk bilen ornaşdyrylmaga synanylyşmagyny hem şol wehimleriň hatarynda görkezdi.
Bu wehimler sebitde howpsuzlygyň berk we uzak möhletli ulgamyny döretmek, bolup biläýjek, biziň öňe gitmegimize päsgel berip ýa-da bökdäp biläýjek howplary aradan aýyrmak boýunça netijeli çäreleriň görülmegini talap edýär. Biz bilelikde Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ösüş üçin howplardan azat, durnuklylyk we ynanyşmak zolagy bolmagynda galmagy üçin ähli tagallalary etmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Şunda bäştaraplaýyn yzygiderli geňeşmeleriň guraly arkaly syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň hem-de güýçlendirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, ýagdaýy hemişe öwrenmegiň, öz wagtynda maglumatlary alyşmagyň, çözgütleri kabul etmek üçin esas hökmünde dünýäde bolup geçýän ýagdaýlary içgin seljermegiň zerur bolup durýandygy aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralaryna BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň gatnaşmagynda ýakyn iki ýyl üçin howpsuzlyk ulgamynda gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak baradaky tabşyryklary bermegi teklip etdi.
Sebitde maglumat giňişligini netijeli goramak üçin täsirli meseleler şöhlelendirilende, “Özüňi alyp barmagyň kodeksini” işläp taýýarlamak barada başlangyç beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet habarlar agentlikleriniň, metbugat serişdeleriniň, elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa mediaforumyny geçirmek pikirine garamagy teklip etdi.
Owgan ugrunda bilelikde işlemegiň, ozalkysy ýaly, sebitleýin howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýandygy bellenildi. Bu hyzmatdaşlyk ýurtdaky ýagdaýy durnuklylaşdyrmagy, parahatçylykly gepleşikler arkaly umumymilli ylalaşygy gazanmak üçin şertleri döretmegi, terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara tagallalara goldaw bermegi, Owganystanyň halkyna ykdysady we ynsanperwerlik kömegini bermäge gönükdirilen tagallalary güýçlendirmegi göz öňünde tutýar.
Çykyşynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birek-birek bilen özara gatnaşyklarynda hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň we ynanyşmagyň göreldesini görkezmelidiklerini, bu pikirleri halkara giňişlikde işjeň ilerletmelidiklerini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistanyň BMG-de 2023-nji ýyly halkara derejede “Dialog — parahatçylygyň kepili” diýip yglan etmek hem-de Baş Assambleýanyň “Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy” atly Kararnamasyny işläp taýýarlamak teklibi bilen çykyş edýändigini aýdyp, bu teklipleriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi tarapyndan goldanyljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda Ýewraziýanyň täze geoykdysady giňişligini kemala getirmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy meselesine aýratyn üns berdi. Ulag we logistikany döwlet Baştutanymyz bu strategiýanyň möhüm ugry hökmünde kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiz awgust aýynda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini ýatladyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bu foruma işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi. Forum halkara ulag-logistik geçelgeleri döretmäge, olaryň maksatlaryny hem-de işiniň ýörelgelerine ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň aýratyn duşuşygyny geçirmek teklip edildi. Onuň meselesi sebitiň içinde, şeýle-de onuň daşynda Merkezi Aziýadan Hytaýa hem-de Ýewropa daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmagyň mümkinçiliklerini kesgitlemek bilen bagly bolar.
Biz eýýäm iri energetika taslamasy bolan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamany amala aşyrdyk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we hyzmatdaşlar bilen bilelikde energiýa serişdeleriniň iberilmegini ep-esli artdyrmak, olaryň üstaşyr geçirilmegini giňeltmek üçin mümkinçiliklere garamaga taýýardygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz uly tebigy serişdelere, ygtybarly senagat we tehnologik kuwwata eýe bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň önümçilik taýdan ýakynlaşmagyny hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, önümçilik ulgamlaryny, “ýakynlaşmak geçelgelerini” döretmekde hususy işewürligiň möhüm orun eýelemelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, geçen konsultatiw duşuşykda beýan edilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewürlik hyzmatdaşlyk geňeşini döretmek baradaky pikire gaýdyp gelmek teklip edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdyp, yzygiderli esasda geçiriljek Merkezi Aziýanyň medeni dialogynyň forumyny hem-de medeniýet ulgamynda gazanan üstünlikleri üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň her ýylky baýragyny döretmegi teklip etdi.
ÝUNESKO-da bilelikdäki işi, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň taryhy mirasyny aýawly saklamak boýunça işi güýçlendirmegi we işjeňleşdirmegi biziň wekiliýetlerimiziň bu guramadaky işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemegiň möhüm bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat edaralaryna ÝUNESKO-nyň Sekretariaty bilen işlemek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hereketleriniň bilelikdäki meýilnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrmagyň zerurdygy barada aýdyldy.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki döwürde dünýädäki ýagdaýyň örän çylşyrymlaşan şertlerinde bize — umumy taryhy kökleri bolan goňşy, doganlyk halklara bitewüligi hem-de jebisligi saklamagyň, jogapkärçiligi, öňdengörüjiligi görkezmegiň zerur bolup durýandygyny nygtady.
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiziň 18-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda obasenagat toplumynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.
Hususan-da, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek, ýygnalan bugdaýy kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara, ammarlara bökdençsiz daşamak we ýerleşdirmek, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, tohumlaryň saýlanyp alynmagyny guramak, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny hem-de ekerançylygyň milli däplerini nazara almak bilen, ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek barada gürrüň edildi. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ideg etmek, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasyllaryny ýitgisiz ýygnamak, şaly hem-de gant şugundyry ekilen meýdanlarda oba hojalyk tehnikasyny we gurallary netijeli peýdalanmak meseleleriniň berk gözegçilikde saklanmagynyň möhümdigi bellenildi.
Dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, täze okuw ýylynyň başyna çenli bilim edaralarynda abatlaýyş işleriniň geçirilmegi babatda hem tabşyryklar berildi. Iş maslahatynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda çykaran Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2022-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda” Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýer böleklerini alan daýhan hojalyklaryna hem-de önüm öndürijilere olaryň tehnikalary üçin zerur bolan dizel ýangyjy tassyklanylan bahalar boýunça ýerleniler. Bu bolsa oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmäge ýardam berer.
20-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýada gaz turbinalaryny abatlamak boýunça ýeke-täk merkeziň açylyş dabarasynda çykyş edip, ähli welaýatlarda täze, döwrebap elektrik stansiýalarynyň birnäçesiniň gurlandygyny, ýurdumyzyň içerki energetika halkasynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygynyň dowam edýändigini belledi.
Amala aşyrylýan giň gerimli işler ygtybarly energetika kuwwatlyklaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Elektrik energiýasynyň özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara ibermek, eksport ugurlaryny giňeltmek üçin amatly şertleri döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Bu täze merkez hem energetika pudagy üçin örän uly ähmiýete eýedir. Ol ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan kuwwatly energetika desgalarynyň esasy enjamlaryny abatlamaga niýetlenendir. Munuň özi şeýle hyzmatlar üçin sarp edilýän wagty we serişdeleri azaltmaga, degişli ugurda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna hem ýardam berer.
“Çalyk Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasynyň guran bu merkezinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «General Eleсtriс» kompaniýasynyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyryldy. Ähli ekologik talaplara laýyk gelýän bu kärhanada 120-den gowrak täze iş orunlary döredildi. Bu ýerde işlejek hünärmenler üçin degişli hünär kämilleşdiriş okuwlary hem-de «General Eleсtriс» kompaniýasynyň daşary ýurtlardaky hyzmat ediş merkezlerine sanly ulgam arkaly baglanyşmak bilen, nazary we amaly okuwlar guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu merkezde ornaşdyrylan enjamlar we tehnologiýalar bilen tanyşdy hem-de Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Türkmenistanyň energetika ministrine bu merkez üçin niýetlenen täze gulluk awtoulaglarynyň açarlaryny gowşurdy.
Dünýädäki şeýle ugurdaş düzümleriň hatarynda iň döwrebap we öňdebaryjy desga bolup durýan bu täze merkez halkara güwänamalaryň bäşisine mynasyp boldy. Şolaryň hatarynda “General Electric Gas Power Europe” kompaniýasynyň “General Electric” kompaniýasynyň tehnologiýalaryny ulanmaga rugsat berilýändigi barada güwänama, “The London Energy Club” kompaniýasynyň bu desganyň Merkezi Aziýada şu ugurdaky ýeke-täk hyzmat ediş merkezidigi, bu desganyň iň döwrebap taslamadygy hem-de inženerçilik toplumydygy baradaky güwänamasy bar.
Bulardan başga-da, merkeze Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Fraunhofer adyndaky Energiýa ykdysadyýeti we energiýa ulgamlary tehnologiýasy institutynyň durnukly we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy barada güwänamasy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “TUV” kompaniýasynyň Awstriýa Respublikasyndaky şahamçasynyň bu desganyň ýokary hilli we talabalaýyk gurlandygy baradaky güwänamasy gowşuryldy. Germaniýada iň iri okuw merkezleriniň biri bolan “Duisburg-Essen” uniwersitetiniň çözgüdi bilen, Aşgabatda açylan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine ekologik taýdan arassa we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desgadygy baradaky güwänama berildi.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyzy ýokary tehnologiýaly merkeziň ulanmaga berilmegi bilen gutlap, ýolbaşçylyk edýän holdinginiň bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşandygyna tüýs ýürekden buýsanýandygyny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirýändigini belledi.
“Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde dünýä belli “General Electric” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Şeýle-de şol gün hormatly Prezidentimiz öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip paýtagtymyza gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili bilen duşuşdy.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Söhbetdeşler ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ýurtlarymyzyň ýeterlik kuwwatynyň bardygyny belläp, import-eksport harytlarynyň görnüşlerini artdyrmak mümkinçiligini öwrenmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki hökümetara toparyň ähmiýetli ornuna üns çekildi. Bu toparyň işi hyzmatdaşlygyň has netijeli gurallaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.
Şeýle-de Hazar we Gara deňzi sebitleriniň arasynda Ýewropanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň döwletlerine çykalgasy bolan üstaşyr ulag geçelgesini döretmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekiliýetleriniň arasynda geçirilen gepleşiklerde dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonda söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa ulgamlary, energetika pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunda diňe bir iki döwletiň bähbidine däl, eýsem, tutuş Ýewraziýada energetika howpsuzlygynyň kemala gelmeginde kuwwatly itergi bermäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýetine üns çekildi.
Gepleşikleriň jemleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyga täze itergi berjek ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Geçen hepdede paýtagtymyzda Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly iki günlük halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran wekilçilikli forumyna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, bilermenler, maýadarlar, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda ulag hyzmatlarynyň dünýä bazarynyň ýagdaýy, ýük akymlarynyň ugurlary we ösüşi, ulagyň ähli görnüşiniň netijeliligini hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri, Ýewraziýada halkara gatnawlara goşulyşmak we olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak şertlerinde Türkmenistanyň üstaşyr ulag kuwwatynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda awtomobil hem-de howa ulagynyň eýeleýän orny, töwekgelçilikleri gözegçilikde saklamak, logistik çykdajylary hasaba almak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) işçi komitetiniň üçünji mejlisi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran we Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ulag geçelgeleri boýunça birinji iş duşuşygy geçirildi.
23-nji iýulda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Onda Milli Geňeşiň Mejlisiniň 16-njy iýulda geçirilen on dokuzynjy maslahatynda kabul edilen kanunlar makullanyldy. Bu kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatyna hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.
Umuman, geçen hepdäniň wakalarynda ýurdumyzyň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tutuş adamzat bähbitli başlangyçlarynyň netijeliligi öz beýanyny tapdy. Munuň özi ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende götermegiň, özara düşünişmek we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň depginli ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup çykyş edýär.