Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen agyr atletikaçysy – ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň wise-çempiony
Sport
Türkmen agyr atletikaçysy – ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň wise-çempiony
Çap edildi 24.07.2022
4055

Özbegistanyň paýtagtynda agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilýän Aziýa çempionatynda ildeşimiz Surajbek Sapaýew silterläp, itekläp götermekde jemi görkeziji boýunça wise-çempion adyna eýe boldy. Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabyndaky umumy bilim berýän 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Surajbek Sapaýew 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda 96 kilograma çenli agramda bäsleşdi we 5 türgeniň arasynda şeýle üstünlik gazandy.

Suräjbek alty synagyň üçüsini dürs amal edip, silterläp götermekde (135 kg) bürünç, itekläp götermekde (159 kg) kümüş, jemi görkeziji boýunça (294 kg) ýene bir kümüş medala mynasyp boldy.

Ildeşimiz 290 kg (135+155) üçünji orny eýelän eýranly Amirhosseýn Sepah Ajerludan 4 kg artyk agrama bäs geldi, ýöne 299 kg (136+163) netije görkezen Aziýa çempiony bolan özbegistanly Abrorbek Marufbekowdan 5 kg az agramda göterdi.

 I sport derejeli 17 ýaşly Surajbek Sapaýew Gurbansoltan eje etrabynda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Mümin Rejebowdan tälim alýar, sport ýygnanyşyklarynda bolsa paýtagtymyz Aşgabatda ýurdumyzyň ýetginjekelr ýygyndysynyň baş tälimçisi Ahmet Saryýewiň ýolbaşçylygynda ussatlygyny kämilleşdirýär.

Ýetginjekleriň (17 ýaşa çenli) we ýaşlaryň (20 ýaşa çenli) arasynda Aziýa çempionaty Daşkendiň «Ýunusabad» sport toplumynda geçirilýär.

Birbada iki agramda 21 döwletden 261 türgen birinjilik ugrunda bäsleşýär. Agyr atletikada öňdebaryjy hasaplanylýan Ýaponiýanyň we Hytaýyň toparlary öz ýurdundaky epidemilogik ýagdaý zerarly ýaryşa gatnaşmaýarlar.

Ozal türkmen agyr atletikaçylarynyň şu çempionatda 11 medal eýeländigini ýatladýarys. Ildeşlerimizden kiçi ýaşlylaryň arasynda (17 ýaşa çenli) Aşgabat şäherindäki umumy bilim berýän 104-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Medine Amanowa 64 kg çenli agramda we Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Saparly Muhyýew 89 kg çenli agramda altyn medala mynasyp boldular.

Soňky habarlar
03.12
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dykgatyna
02.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary
02.12
Medeni diplomatiýa — dowamatlylyk we täzeçil çemeleşmeler
02.12
Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
02.12
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Pre­zi­den­ti­ni gut­la­dy
01.12
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
01.12
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda täze maldarçylyk toplumy işe girizildi
01.12
Türkmenistanda Kuweýt Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
01.12
Türkmenistanyň Prezidenti Tailandyň Patyşasyna gynanç bildirdi
01.12
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
top-arrow