Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
Medeniýet
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
Çap edildi 02.05.2026
1436

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen professional saz sungatynyň düýbüni tutujy, meşhur kompozitor Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi. Oňa ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen bir hatarda, türki döwletleriň medeniýet işgärleri hem gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary esasynda milli medeniýetimizi ösdürmäge we bütin dünýäde wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär, daşary ýurtlaryň wekilleri bilen medeni dialogy işjeňleşdirmek hem-de döredijilik gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň durmuşyny ruhy mazmun bilen baýlaşdyryp, ildeşlerimizi her bir işde belent sepgitlere, üstünliklere ruhlandyrýar. Köp sanly döwletleriň Medeniýet günleri, halkara aýdym-saz we teatr festiwallary, geçmiş taryha, milli mirasa bagyşlanan ylmy maslahatlardyr forumlar bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýdyň subutnamasydyr.

Özara gatnaşyklaryň netijeli serişdesi bolup durýan medeniýet we sungat ýurtlary hem-de halklary parahatçylyga, gözellige, sazlaşyga, umumy abadançylygyň bähbidine gülläp ösüşe goşant goşmak maksadynda jebisleşdirip, olaryň ýakynlaşmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn Bitaraplyk syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni diplomatiýa parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň we ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň nyşany hökmünde nurana geljegiň hatyrasyna halklary özara birleşdirýär. Hut şu ýörelgeler hem şu günki konsertiň maksatnamasynyň binýadyny emele getirýär. Weli Muhadowyň ýubileýine bagyşlanan bu konsert diňe bir aýdym-saz çäresi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dostlukly döwletler bilen medeni gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Dabara Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Meniň Watanym» atly simfoniki poema bilen açyldy. Onda ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri, halkymyzyň asuda we parahat durmuşy, döwletimiziň gülläp ösýän keşbi sazyň dili bilen beýan edildi.

Konsertde opera eserlerine hem giň orun berildi. Muhadowyň «Zöhre we Tahyr», «Kemine we kazy», «Ganly saka» operalaryndan ýerine ýetirilen parçalar türkmen halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalarynyň hem-de taryhynyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Doganlyk halklaryň sungat ussatlarynyň Muhadowyň lirik aýdymlaryny ýerine ýetirmegi goňşuçylyk gatnaşyklarynyň sazyň güýji arkaly has-da berkidilýändiginiň nyşany boldy.

Konsertiň dowamynda «Jan, Türkmenistan!» sazy tomaşaçylarda uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Bu eserler Türkmenistan Watanymyzyň berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň we abadan durmuşynyň özboluşly senasyna öwrüldi.

Şeýle hem konsertiň dowamynda türki döwletleriň milli aýdym-saz we opera sungatlarynyň eserleri ýerine ýetirildi. Munuň özi doganlyk halklarymyzyň ruhy bitewüliginiň, taryhy we medeni kökleriniň umumylygynyň nyşanyna öwrülip, medeni hyzmatdaşlygyň hem-de döwletara ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da berkidilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Konserte gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Aşyklaryň şäheri» aýdymy çäräniň ajaýyp jemlemesine öwrülip, paýtagtymyz Aşgabadyň parahatçylygyň, söýginiň we dostlugyň halkara merkezi hökmündäki ähmiýetini ýene bir gezek dabaralandyrdy.

Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ussat kompozitor Weli Muhadowyň döredijiligini içgin öwrenmek we geljek nesillere ýetirmek ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Umuman, bu dabaraly konsert Weli Muhadowyň ajaýyp mirasynyň türkmen saz sungatynyň genji-hazynasyna öwrülmek bilen, häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda we medeni diplomatiýada hem möhüm orun tutýandygynyň subutnamasyna öwrüldi.

Soňky habarlar
04.08
Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek
03.08
Uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak — Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň maksady
03.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy
01.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
top-arrow