Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi
Çap edildi 24.07.2022
2149

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Onda Milli Geňeşiň Mejlisiniň 16-njy iýulda geçirilen on dokuzynjy maslahatynda kabul edilen Kanunlar makullanyldy. Bu kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatyna hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Mejlisiň işine köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Çykyşlarda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, şeýle hem komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi. Olarda Kanunlaryň her biri boýunça netijenama berildi.

Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisinde kabul edilen “Elektron hökümet hakynda” Kanun ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler bu resminamanyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan syýasaty nazara alyp, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” durmuşa geçirilmegine ýardam bermek maksady bilen işlenip taýýarlanylandygyny bellediler. “Elektron hökümet hakynda” Kanunyň döwlet edaralarynyň maglumat-telekommunikasiýa düzüminiň döredilmeginiň hukuk esasyny berkidýändigini, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda kagyzsyz resminama dolanyşygy tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna, umuman, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berjekdigi nygtaldy.

«Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Kanun ara alnyp maslahatlaşylanda, onuň türkmen alabaýlarynyň seçgiçiligini ösdürmek, bu täsin tohumy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, milli we umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde dünýäde wagyz etmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işlerdäki ähmiýeti nygtaldy.

Şunuň bilen bir hatarda, Halk Maslahatynyň agzalary hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmäge degişli birnäçe kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryna garadylar. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Feldýeger aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetme girizmek hakynda», «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda», «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bar.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyny amala aşyrmakda, pudaklary okgunly ösdürmekde milli kadalaşdyryjy hukuk binýady kämilleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Mejlisiň dowamynda beýleki möhüm meselelere-de garaldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň ýedinji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan Kanunlar biragyzdan makullanyldy hem-de degişli Kararlar bilen berkidildi.

Soňky habarlar
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
top-arrow