Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde sapar bilen ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowanyň ýolbaşçylyk edýän Azerbaýjanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.
Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habar aýdyldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň Baş direktory Jon Rizi, «UGT Renewables» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we başlygy Goran Raýsiçi hem-de «Climate Compass» kompaniýasynyň Baş direktory Kewin Jeýmsi kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Sauli Wýaýnýamýo Niýnistýo we ýurduň ähli halkyna Finlýandiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen geçiren duşuşygynyň barşynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty boldy. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi we makullanyldy.
Şu gün Söwda-senagat edarasynda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň düzümine «Bechtel Corporation», «Boeing», «Nicklaus Companies», «Climate Compass», «Case New Holland», «UGT Renewables», «John Deere», «Medtronic plc», «Oxbow», «Palo Alto Networks», «Smartmatic», «Wiza», «Westport Trading Europe Limited» ýaly kompaniýalaryň wekilleri girdiler.