Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisindäki duşuşykda Azerbaýjanyň parlamenti bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisindäki duşuşykda Azerbaýjanyň parlamenti bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 07.12.2022
313

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde sapar bilen ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowanyň ýolbaşçylyk edýän Azerbaýjanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa azerbaýjanly kärdeşlerini mähirli mübärekläp, myhmanlary Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady hem-de bu ajaýyp baýramçylygyň öňüsyrasynda geçýän şu duşuşygyň ähmiýetini nygtady.

Komitetleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alşylmagyny işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurtlaryň arasynda, şol sanda ýokary derejelerde syýasy gatnaşyklaryň ygtybarlylygyna, taryhy kökleriň we ruhy-medeni gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşygy bolan doganlyk halklaryň dostluk we hyzmatdaşlyk ýaly asylly däplerine kanagatlanma bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli parlamentiň işini döwrebaplaşdyrmak hem-de dostlukly ýurtlar bilen parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň ähmiýeti bellenildi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy şu ýyl Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk edýändigini aýdyp, şu derejede dürli ugurlarda gender deňligini üpjün etmek, parahat we durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak işinde tejribe alyşmak boýunça geçirilýän işlere, zenan telekeçileriň goldanylmagyna, kanunçylyk hem-de döwlet syýasaty derejesinde zenanlaryň durmuş taýdan goraglylygynyň kämilleşdirilmegine ünsi çekdi.

Öz nobatynda, S.Gafarowa Azerbaýjanyň Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Şu ýyl iki ýurduň diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolandygyny belläp, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara düzümleriň çäklerinde-de azerbaýjan-türkmen parlamentara gatnaşyklarynyň üstünliklere beslenýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem-de iki ýurduň strategik özara hereketlerini pugtalandyrmak işinde parlamentara gatnaşyklaryň eýeleýän orny bellenildi.

Gysga düzümde geçirilen duşuşykdan soňra, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy deputatlaryň öňünde çykyş etdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysynyň terjimehaly bilen deputatlary tanyşdyryp, iki döwletiň Prezidentleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň giňden goldamagy netijesinde parlamentara gatnaşyklary ösdürmek üçin hemme şertleriň döredilýändigini nygtap, myhmana söz berdi.

S.Gafarowa bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, özüniň Aşgabada ilkinji saparynyň Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna gabat gelendigini belledi. Dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy asyrlaryň dowamynda goňşuçylykda ýaşan halklarymyzyň taryh, medeniýet, dil, din babatda umumylyga eýedigini nygtady. Bularyň ählisi azerbaýjan-türkmen gatnaşyklaryny dürli ugurlar boýunça ösdürmäge ýardam berýär diýip, myhman sözüni dowam etdi. Ýokary derejede geçirilýän duşuşyklar netijesinde syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli döwletara gatnaşyklar ýola goýuldy.

Häzir iki ýurduň hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolmak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin şertleri döredýär. Geçirilýän bilelikdäki dürli çäreler, duşuşyklar we maslahatlaşmalar gatnaşyklarymyzyň giňeldilmegine uly itergi berýär diýip, Azerbaýjanyň milli parlamentiniň ýolbaşçysy aýtdy hem-de Türkmenistanyň ajaýyp paýtagtyna şu saparyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary, şol sanda parlament derejesindäki hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde mynasyp orny eýelejekdigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, S.Gafarowa doganlyk Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini nygtady hem-de türkmenistanlylary ýene-de birnäçe günden belleniljek ajaýyp sene — döwletiň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Dostlukly ýurduň milli parlamentiniň ýolbaşçysynyň aýdyşy ýaly, Azerbaýjan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny doly goldaýar. Prezident Ilham Aliýew doganlyk Türkmenistanyň daşary syýasatda bu ýörelgä eýerip, uly üstünlikleri gazanandygyny yzygiderli nygtaýar.

Parlamentara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi we Aşgabada şu saparyň ähmiýeti baradaky meselä degip geçip, S.Gafarowa iki ýurduň dürli düzümleriniň, şol sanda kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda üstünlikli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny nygtady. Parlamentleriň wekilleriniň özara saparlary halklaryň dostlugynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Bu gün Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisi bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň arasynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän Ähtnama hem şu maksada hyzmat eder.

Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçiligini ulanmakda, öňde goýlan wezipeleri çözmekde parlamentara diplomatiýa, şol sanda sebit derejesinde yslam hyzmatdaşlygyny öňe ilerletmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysy türkmen tarapynyň şu ýyl Bakuwda geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň parlament torunyň maslahatyna gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Biziň ýurdumyz ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bir hatarda, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine-de uly üns berýär diýip, hanym S.Gafarowa Azerbaýjanyň Türkmenistanyň halkara derejede öňe sürýän başlangyçlaryna goldaw berýändigini aýratyn nygtady.

Çykyşynyň ahyrynda Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysy üns berendikleri we myhmansöýerlik üçin Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem-de duşuşyga gatnaşanlaryň ählisine hoşallyk bildirdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygynyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we parlamentarileriň el çarpyşmalary bilen garşylanyldy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan G.Mämmedowa mazmunly çykyşy üçin myhmana hoşallyk sözlerini aýtdy hem-de dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysyna we azerbaýjanly kärdeşlerine umumy abadançylygyň, rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
06.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 77 million dollaryndan gowrak boldy
05.02
Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny gutlady
05.02
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
05.02
Döredijilikli syýasat täze üstünlikleriň gözbaşydyr
04.02
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyza we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
03.02
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisi
03.02
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany G.A.USSANEPESOW hakynda
03.02
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany B.G.HOJAMGULYÝEW hakynda
03.02
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ö.A.MUHAMMEDOW hakynda
03.02
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.S.SÖÝÜNOW hakynda
top-arrow