Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistan — Azerbaýjan: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar
Syýasat habarlary
Türkmenistan — Azerbaýjan: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar
Çap edildi 07.12.2022
1119

Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy boldy.

Hormatly Arkadagymyz Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp hem-de Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, şu günki duşuşygyň döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda parlamentleriň derejesindäki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Häzirki wagtda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň many-mazmuny baýlaşdyrylyp, täze sepgitlere çykaryldy. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Söwda-ykdysady ulgamda özara gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Bu ulgamda iki ýurduň hem ägirt uly kuwwaty bar. Medeni-ynsanperwer ulgamda-da gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir.

Iki doganlyk halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda parlamentara gatnaşyklara möhüm orun degişlidir, şunda parlament diplomatiýasynyň ilerledilmegine uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ýaşlar syýasaty, zenanlaryň meseleleri boýunça özara gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarydyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy gol çekmäge taýýarlanylan ikitaraplaýyn resminamanyň ähmiýetini nygtady. Bu resminama türkmen-azerbaýjan parlamentara hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Gahryman Arkadagymyz şu gezekki duşuşygyň netijeliligine ynam bildirip, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda dürli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmek üçin ähli zerur mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, doganlyk halklarymyzyň medeni, ruhy umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşan uly şahsy goşandy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysy öz ýurdunyň Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Iki dostlukly döwletiň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklar ony has-da ösdürmäge ýardam berer.

Soňra duşuşyk iki ýurduň parlament wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysyny hem-de wekiliýetiň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, şu gün geçiriljek gepleşikleriň ikitaraplaýyn türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Türkmenistan we Azerbaýjan Respublikasy ähli ugurlarda — syýasatda, ykdysadyýetde, söwda hem-de ynsanperwer ulgamlarda ýokary derejede ýola goýlan döwletara gatnaşyklary ösdürmek üçin bilelikde tagalla edýärler. Biz häzirki döwürde Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary häsiýetlendirýän özara düşünişmegiň, hormat goýmagyň ýokary derejesine uly baha berýäris we onuň gadyryny bilýäris. Gahryman Arkadagymyz şular barada aýtmak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejedäki hyzmatdaşlyga ýardam berýändigini belledi. Muňa yzygiderli geçirilýän duşuşyklar şaýatlyk edýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti jenap Ilham Aliýew bilen Samarkant şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitiniň çäklerinde şu ýylyň 11-nji noýabrynda geçiren netijeli duşuşygyny mysal hökmünde getirdi. Şunuň bilen birlikde, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň 29-njy iýunda Aşgabatda geçirilen altynjy sammitine gatnaşmagynyň möhümdigi bellenildi.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri geçen 30 ýylyň içinde hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny nygtady. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem, abraýly halkara guramalaryň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alnyp baryldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan özüniň halkara guramalardaky tekliplerini goldandygy, şol sanda ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 16 Kararnamasyna awtordaş bolandygy üçin azerbaýjan tarapyna minnetdardyr. Şeýle hem türkmen tarapy Durnukly ulag we oňa goşulyşmak boýunça dostlar toparyny döretmek başlangyjyny goldandygy üçin Azerbaýjana hoşallyk bildirýär. Türkmenistan parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparyny teklip eden ýurt bolmak bilen, şu topara gatnaşmak baradaky meselä Azerbaýjanyň seretjekdigine umyt edýär.

Özüniň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanýan döwlet hökmünde Türkmenistan sebitiň ýurtlarynyň parahat we howpsuz gülläp ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda — 11-nji dekabrda Aşgabat şäherinde «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini belläp, oňa Azerbaýjan Respublikasyndan ýokary derejedäki wekiliýetiň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 28-nji iýulyndaky “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamasyna laýyklykda, 77-nji sessiýanyň dowamynda 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklip bilen çykyş edýändigini habar berdi. Ýurdumyz azerbaýjan tarapynyň hem bu teklibi goldajakdygyna umyt edýär.

Öz nobatynda, Türkmenistan hem azerbaýjan tarapynyň halkara giňişlikde öňe sürýän tekliplerini uly hormat bilen goldaýar. Dürli köptaraply düzümlerdäki saýlawlarda Azerbaýjanyň dalaşgärligine goldaw berýär. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjan Respublikasynyň Goşulyşmazlyk Hereketinde 2019 — 2023-nji ýyllarda üstünlikli başlyklygy aýratyn bellenildi. Bu bolsa ýurduň we onuň ýolbaşçylarynyň uly abraýyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde täze howplaryň öňünde biz döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygy baradaky aýdyň düşünjä daýanýarys. Dünýä syýasatynyň esasy ugurlarynda, hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerine düşünmekde uzak möhletli bähbitleriň umumydygyna göz ýetirýäris.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda sebit we ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça özara düşünişmek garaýyşlary bar. Munuň özi ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy gorap saklamak we goldamak, halkara terrorçylygyň howplaryna garşy göreşmekdir. Durnukly energetika we ulag hyzmatdaşlygyny, suw howpsuzlygyny, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmegi üpjün etmekdir. Şunuň bilen birlikde, häzirki döwrüň şu we beýleki meseleleri çözülende, sebit babatda hyzmatdaşlygyň köptaraply görnüşleri netijeli bolup durýar.

Şu meselede Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň üçtaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlyk etmegi örän möhüm we netijeli görünýär. Bu hyzmatdaşlyk köpasyrlyk taryhymyzyň, medeniýetimiziň, ruhy gymmatlyklarymyzyň, maksatlarymyzyň umumylygyna esaslanýar. Dünýä bileleşiginiň jogapkär agzalary hökmünde Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe halkara, sebit meselelerini parahatçylykly, syýasy ýollar bilen çözmegiň tarapdarydyrlar. Özgerýän geoykdysady giňişlik üçin amatly şertleri döretmäge çalyşýarlar diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Şu maksatlara ýetmek üçin ulag-logistika, energetika, senagat, söwda, beýleki ileri tutulýan ugurlarda ýurtlarymyzyň zerur bolan mümkinçiligi we serişdeleri bar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy kanun çykaryjy düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridigini, parlamentlerimiziň arasynda dostluk toparlarynyň hereket edýändigini belläp, bu ugurdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegi teklip etdi. Şunda türkmen tarapynyň parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga zerur bolan kömegi bermäge taýýardygy beýan edildi.

Syýasy-diplomatik ulgamda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny ösdürmek bilen birlikde, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berilýär. Iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk yzygiderli ösýär, ony işjeňleşdirmek meýilleri hem bar. Mysal üçin, şu ýylyň on aýynyň netijeleri boýunça özara söwda dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5 essä golaý ýokarlandy. Munuň özi soňky döwürde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşmeginiň aýdyň netijesidir. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna ähmiýetli orun degişlidir. Şu ýylyň 29-njy noýabrynda Baku şäherinde bu toparyň altynjy mejlisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýurtlarymyzyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek babatda bellenen maksatlara ýetmäge ýardam berjekdigine ynam bildirildi. Ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady görkezijileri artdyrmaga gönükdirilen anyk taslamalary işläp taýýarlamak özara bähbitli hasaplanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda daşarky maýa goýumlar, işewür hyzmatdaşlyk we daşary-ykdysady gatnaşyklar üçin amatly şertler döredilýär. Hususan-da, degişli halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Bu ugurda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin ýurtlarymyzyň arasynda amatly şertleri döretmekde zerur hukuk goldawyny bermek teklip edildi.

Şeýle hem Türkmenistan we Azerbaýjan ulag-logistika, energetika, agrosenagat, dokma senagaty ýaly ugurlarda uly mümkinçiliklere eýedirler. Ýurtlarymyz Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda strategik taýdan ähmiýetli geografik çäkde ýerleşýärler. Bu bolsa giň gerimli halkara ulag geçelgelerini döretmegiň taslamalaryny amala aşyrmagy göz öňünde tutanyňda, üstaşyr ulag ulgamynda möhüm we ysnyşykly hyzmatdaşlygy şertlendirýär.

Häzirki döwürde halkara ähmiýetli örän iri ulag çatrygy hökmünde Hazar sebitiniň orny ýokarlanýar. Şu babatda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň strategik geljegi görünýär. Şunuň bilen birlikde, Hazarýaka döwletleriň arasynda hem, daşarky bazarlara çykmak babatda hem söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň ýollary açylýar. Ulag babatda hyzmatdaşlyk berk hukuk binýadyny talap edýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesini üstünlikli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde getirdi.

Hazar we Gara deňiz sebitlerini bitewi Hazar deňzi — Gara deňiz ulag geçelgesine birikdirmek ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, gürrüňsiz, örän giň mümkinçilikleri açýar. Önümçilik we energetika kooperasiýasyny, söwdany, maýa goýumlary amala aşyrmak üçin şert döredýär. Munuň özi diňe Hazar deňzi — Gara deňiz ulag taslamasyna gönüden-göni gatnaşyjy ýurtlar üçin däl-de, eýsem, Aziýanyň we Ýewropanyň beýleki döwletleri üçin hem mümkinçilikleri açýar. Doly bahaly, hemmetaraplaýyn yklymara gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýän iri ykdysady birleşikler üçin hem şert döredýär.

Ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Türkmenbaşy (Türkmenistan) we Baku (Azerbaýjan) portlaryny has netijeli ulanmagyň zerurdygy ýüze çykýar. Bu işi awtomobil-parom we demir ýol-parom gatnawlarynyň netijeli usullaryny döretmek arkaly alyp barmaly. Ýurdumyz Baku — Tbilisi — Kars demir ýol ugry boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, ulag hyzmatdaşlygynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek teklip edilýär.

Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk üçin hem iki ýurduň arasynda geljegi uly mümkinçilikler bardyr. Bu ugurda biziň garaýyşlarymyz birmeňzeşdir: Türkmenistan bilen Azerbaýjan energiýa serişdelerini halkara bazarlara, hususan-da, Ýewropa ugruna ibermegiň ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde özleşdirmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama 2021-nji ýylyň ýanwarynda gol çekilmegi, hakykatdan-da, ajaýyp waka boldy. Bu ýagdaý Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňzinde energetika babatda hyzmatdaşlyk etmeginde düýbünden täze tapgyr bolup durýar diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Hazar deňzinde ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygyny utgaşdyrmak ony dünýäniň bu sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk, ylalaşyklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk deňzine öwürmegiň esasy şerti bolup durýar. Aýratyn-da, soňky ýyllarda bu ugurda köp işler edildi. Bäş kenarýaka döwletiň ýolbaşçylarynyň 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktauda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekmegi iň esasy we kesgitleýji üstünlik boldy.

Türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny ösdürmekde medeniýet ulgamyndaky özara gatnaşyklara ähmiýetli orun degişlidir. Iki döwletiň ylym we medeniýet ulgamlarynyň wekilleri özara esasda Türkmenistanda hem, Azerbaýjanda hem geçirilýän halkara maslahatlara, sergilere, beýleki çärelere işjeň gatnaşýarlar diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Iki ýurtda festiwallary we Medeniýet günlerini guramak boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, döredijilik, ylmy işgärleriň wekilleriniň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklar ýola goýlan hyzmatdaşlygy baýlaşdyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy amatly şertler bolanda, ýakyn wagtda Medeniýet günlerini guramak üçin açykdygyny tassyklaýar.

Syýahatçylyk babatda hem hyzmatdaşlyk üçin gowy mümkinçilikler bar. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň baý taryhy-medeni mirasynyň, özboluşly tebigy desgalarynyň, taryhy ýadygärlikleriniň bolmagy bu ugurda esasy şert bolup hyzmat edýär. Bulara ähli ýerde gyzyklanma bildirilýär. Türkmen tarapy giň ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge üýtgewsiz ýardam berer. Ylalaşylan bilelikdäki meýilnamalar esasynda munuň üçin örän amatly şertleri döreder. Mundan başga-da, ýurtlarymyz Türki medeniýetiň halkara guramasynyň çäklerinde hem işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» hem-de 2024-nji ýylda gadymy türkmen şäheri Änewi “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek baradaky çözgütleri kabul etmekde goldandygy üçin azerbaýjan kärdeşlerine minnetdarlyk bildirdi.

Beýik şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini baýram etmek Türki Döwletleriň Guramasynyň şu ýylyň 11-nji noýabrynda geçirilen Samarkant sammitiniň Jarnamasynda aýratyn orny eýeledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bu düzümleriň çäklerinde Azerbaýjan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan edýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy dörän mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewe Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmek barada hemişe uly alada edýändigi, muňa uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny ýetirmek baradaky haýyşyny Azerbaýjan parlamentiniň ýolbaşçysyna aýtdy. Sözüniň ahyrynda hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň azerbaýjan kärdeşine we goňşy döwletiň ähli doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bildirilen myhmansöýerlik üçin öz ýurdunyň wekiliýetiniň adyndan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallygyny beýan edip, şu gezekki saparyň Türkmenistana ilkinji saparydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu günki gepleşikleriň döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirildi. Muňa Azerbaýjanda uly ähmiýet berilýär.

Nygtalyşy ýaly, şu ýyl ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslenýär. Şol ýyllaryň dowamynda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy iki tarapyň hoşniýetli erkine daýanyp, yzygiderli pugtalandyrylýar. Döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki yzygiderli we ynanyşykly gatnaşyklar munuň şeýle bolmagyna gönüden-göni ýardam berýär.

Şeýle hem Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy ýurtlarymyzyň abraýly sebit we ählumumy düzümleriň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändiklerini, birek-biregiň halkara başlangyçlaryny goldaýandyklaryny belledi. Iki döwletiň parlamentarileriniň dostlukly azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýandyklary, bu gatnaşyklaryň depginli ösüşiniň halklarymyzyň taryhynyň, medeniýetiniň, diliniň we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy bilen şertlendirilýändigi nygtaldy.

Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysy azerbaýjan tarapynyň kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklap, bildirilen myhmansöýerlik üçin Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna ýene-de bir gezek hoşallyk sözlerini aýtdy. Hanym Sahiba Gafarowa Aşgabatda bolmagynyň özünde galdyran täsiri barada aýdyp, ak mermerli türkmen paýtagtynyň gözelligine haýran galandygyny belledi we şäheriň täze keşbiniň kemala getirilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň hyzmatyny aýratyn nygtady.

Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekýärler.

Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowany Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany okalýar. Dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy bu sylaga türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin mynasyp boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysyna ýokary sylagy gowşurdy we bu şanly waka bilen gutlap, oňa alyp barýan işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza bildirilen hormat üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, öz tarapyndan, iki doganlyk ýurduň, olaryň halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de goldaw berjekdigini nygtady.

Günüň ikinji ýarymynda Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçysy Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýän Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdy.

Şeýle-de Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördi we bu ýerde dünýä belli milli halyçylyk sungatymyzyň ajaýyp nusgalary bilen tanyşdy. Türkmen halysy ähli döwürlerde-de öz kämil gözelligi we ýokary hili bilen tapawutlanypdyr. Haly dokamagyň köpasyrlyk däpleri aýawly goralyp, nesilden-nesle geçirilýär.

Hanym Sahiba Gafarowa muzeýiň ýolbaşçylaryna hoşallygyny bildirip, türkmen halyçy zenanlarynyň zehininiň we zähmetsöýerliginiň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygynyň hormatyna resmi kabul edişlik guraldy. Onuň dowamynda sungat ussatlary çykyş etdiler.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
top-arrow