Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmen keşdeçilik sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasy hökmünde ykrar edildi
Medeniýet
Türkmen keşdeçilik sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasy hökmünde ykrar edildi
Çap edildi 06.12.2022
4179

Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habar aýdyldy. Bu çözgüt ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde geçirilen 17-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyzy bu şanly waka bilen gutlap, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Bu ýörelge Watanymyzyň döwlet syýasatynyň we daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda döwletara derejede bolşy ýaly, abraýly halkara düzümleriň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny bellemeli. Bu ugurdaky köpýyllyk işiň oňyn tejribesi onuň uly geljeginiň aýdyň subutnamasydyr. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary öz işini hut şu esasda alyp barýar, degişli internet serişdesi hem döredildi.

Geçen ýyllaryň dowamynda dünýä möçberli taryhy we medeni ähmiýeti bolan desgalary öz içine alýan ýurdumyzyň çäginde bar bolan ajaýyp ýadygärlikler, türkmen halkynyň sungatynyň dürli görnüşleri we edebi mirasy ÝUNESKO-nyň sanawlaryna girizildi. Şolaryň hatarynda Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri bar. Olar täsin arheologik we binagärlik aýratynlyklary bilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndan görnükli orun aldy. Gadymy Merw Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugrundaky iň gadymy şäherleriň biridir. Şol bir wagtyň özünde ol ägirt uly giňişlige uzap, müňýyllyklaryň dowamynda söwda ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşipdir. Köpýyllyk ylmy barlaglaryň netijesinde Gadymy Merw dünýä medeniýetiniň esasy merkezleriniň biri hökmünde ykrar edildi.

Köneürgençde orta asyrlarda aň-bilim we çeperçilik taýdan özboluşly toplum emele gelipdir. Onda zehinli alymlaryň, filosoflaryň, şahyrlaryň, ussat senetçileriň birnäçe nesli işläpdir. Bu ýerde ajaýyp binagärlik mekdebi kemala gelipdir we onuň işi kämilleşdirilipdir. Häzirki günlere çenli saklanyp galan ýadygärliklerde milli binagärligiň gaýtalanmajak nusgalary görünýär. Parfiýa şalygynyň paýtagty bolan gadymy Nusaý galalary köpýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ylmy barlagçylarynyň ünsüni özüne çekip gelipdir. Bu galalaryň kaşaňlygy we çäkleri iň ösen şäherleriň ýokary derejesine laýyk gelýär.

2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşuldy. Şol döwürden bäri ýurdumyz onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylda ýurdumyzyň ýüztutmasy bilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna “Görogly” dessançylyk sungaty girizildi. Türkmen halk döredijiliginiň bu ajaýyp nusgasynyň taryhy-medeni gymmatlyga eýedigini, onuň çeperçilik we estetik ähmiýetiniň ýokarydygyny bellemeli. Onda hoşniýetlilik, batyrgaýlyk, wepalylyk, halallyk, dostluga sarpa ýaly milli häsiýetler öz beýanyny tapýar.

2017-nji ýylda bu sanawa “Küştdepdi” türkmen milli aýdym we tans dessury hem girizildi. Halk döredijiliginiň bu özboluşly nusgasy döwürleriň hem-de nesilleriň arabaglanyşygyny özünde jemläp, milletiň köpasyrlyk ruhy tejribesiniň we däpleriniň häzirki zamanyň döredijilik kuwwaty bilen sazlaşygyny emele getirýär. 2019-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen milli halyçylyk sungatynyň girizilmegi hem bellärliklidir. Ägirt uly çeperçilik gymmaty bolan halylar türkmen zenanlarynyň zehininden döräp, dünýäde ýokary baha mynasyp bolýarlar. Gözelligi, reňkleriniň sazlaşygy bilen hemmeleri haýrana goýýan el halylary halkymyzyň ruhy taýdan özboluşlylygynyň, ägirt uly döredijilik mümkinçilikleriniň çeper beýanydyr.

Häzirki taryhy döwürde türkmen haly gölleri Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň möhüm syýasy nyşanlarynyň birine öwrüldi. Ol Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň esasy bezegidir. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halyşynaslygynyň milli däpleriniň asyrlaryň jümmüşinde emele gelendigini beýan edýän kitaplary bu ajaýyp sungatyň dünýäde giňden wagyz edilmeginde ähmiýetli bolup durýar. Halyşynaslyk däpleri häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Hormatly Arkadagymyzyň türkmen halylaryna bagyşlan kitaplary daşary ýurt dillerine terjime edilip, dünýäniň köp ýurtlarynyň okyjylar köpçüliginiň söýgüli eserlerine öwrüldi.

Şeýle-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň girizilendigini bellemek zerur. Bu çözgüdiň 2021-nji ýylyň dekabr aýynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň 16-njy mejlisiniň dowamynda kabul edilendigini ýatladýarys.

Dutar — türkmen halkynyň saz medeniýetiniň möhüm guraly. Gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da dutar saz guraly ýurdumyzda geçirilýän dabaralaryň, baýramçylyklaryň esasy bezegi bolup durýar. Diýarymyzyň bagşylary dutarda ussatlyk bilen saz çalyp, ajaýyp aýdymlary, dessanlary ýerine ýetirýärler. Olaryň atlary, ýerine ýetiren aýdymlary, ussat bagşylar baradaky rowaýatlar halk hakydasynda hemişelik saklanýar. Bagşylaryň, sazandalaryň, dessançy bagşylaryň döredijiligi ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygynyň ajaýyp nusgasy bolup durýar. Ol asyrlaryň dowamynda kemala gelip, täze nesiller arkaly yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde dutaryň ajaýyp owazy mähriban Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, döredijilik ýörelgelerine ygrarlylygynyň senasy bolup ýaňlanýar. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ussat bagşylaryň sungatyna, dutar ýasamak senetçiliginiň aýratynlygyna, saz sungatynyň parahatçylyk döredijilikli ýörelgelerine bagyşlanan kitaplary giň okyjylar köpçüliginiň söýgüsine mynasyp boldy.

Türkmen halkynyň keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen baglanyşykly gürrüňi dowam edip, keşdeçilik sungatynyň milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny bellemeli. Köpasyrlyk milli däpleri dowam etdirip, häzirki döwürde zehinli zenanlarymyz ajaýyp keşdeleri, nagyşlary döredýärler. Olar milli lybaslaryň esasy bezegi, durmuş ulgamynyň aýratynlyklary we amaly-haşam sungatynyň görnükli nusgasy bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanda aýratyn ähmiýet berilýän ugurlaryň biridir.

Ýeri gelende aýtsak, türkmen zenanlary şöhratly pederlerimiziň döredijilik däplerini dowam etdirmek bilen, el işleriniň ussatlary hasaplanýar. Bu ugurda ýokary ussatlyk derejesine ýeten zenanlar toplan baý tejribelerini beýleki milletler bilen paýlaşmaga taýýardyklaryny mälim edýärler. Türkmenistanyň 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýylyň noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň tertibine hem-de dialogyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, 23-nji noýabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň sanly ulgam arkaly ilkinji mejlisi geçirildi.

Häzirki wagtda Aşgabady “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak babatda degişli işler geçirilýär. Munuň özi durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň strategik bölegi hökmünde halkara medeni gatnaşyklary ösdürmekde türkmen paýtagtynyň hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy bolmak bilen, onuň dünýäniň şäherleri bilen özara gatnaşyklaryny giňeltmäge hem mümkinçilik berer. Häzirki wagtda Aşgabady “Aziýanyň merjeni” diýip atlandyrýarlar. Paýtagtymyz sebitiň iri işewürlik, medeni we sport merkezi bolup, okgunly ösýän megapolisi — geljegiň şäheriniň täsin nusgasyny özünde jemleýär. Bu ýerde gözellik we amatlylyk, binagärligiň, inženerçilik-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlary hem-de milli binagärligiň öňden gelýän däpleri sazlaşykly utgaşýar.

Şunuň bilen birlikde, ahalteke atçylygyny hem-de türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungatyny we beýlekileri Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak bilen baglanyşykly meselelere garalýar, beýleki hödürnamalary taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýlelikde, Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlygynyň gerimi yzygiderli giňelýär, däp bolan netijeli gatnaşyklary, şol sanda ekologiýa, bedenterbiýe we sport ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Abraýly ählumumy we sebit düzümleri bilen özara gatnaşyklar meselesi babatda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini bellemek ýerliklidir. Şol gatnaşyklar taryhy kökleriniň we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy bilen birleşen halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň maksatlaryna laýyk gelýär. 28-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen geçiren duşuşygynyň barşynda bu guramanyň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, öňümizdäki ýylda belleniljek TÜRKSOÝ-nyň 30 ýyllygyny hem-de 2024-nji ýylda ajaýyp türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmek bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi.

Mälim bolşy ýaly, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etmek baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Munuň özi ajaýyp eserlerinde parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetliligi wasp eden türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyryna uly hormat-sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň çözgüdi boýunça Türkmenistanyň gadymy Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi. Munuň özi bu şähere özüniň baý taryhyny, medeni mirasyny we syýahatçylyk kuwwatyny görkezmäge mümkinçilik berer, şeýle-de Türkmenistanyň ajaýyp ýerlerini dünýäde giňden wagyz etmäge goşant goşar. Şeýle wakalaryň TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigi gürrüňsizdir. Bu bolsa köpöwüşginli türki medeniýetiň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder.

Noýabr aýynyň ahyrynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan “Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwalyň we maslahatyň geçirilendigi bellärliklidir. Forum halkara guramalaryň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Tatarystanyň (Russiýa Federasiýasy),Türkiýäniň we Özbegistanyň ugurdaş döwlet düzümleriniň wekilleriniň, aýdymçy-sazandalaryň, alymlaryň, hünärmenleriň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Şu festiwalyň Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda geçirilmeginiň çuňňur manysy bar. Bitarap Watanymyz özboluşly parahatçylyk dörediji hukuk derejesine eýe bolmak bilen, goňşy döwletler hem-de dünýäniň beýleki sebitlerinde ýerleşýän ýurtlar bilen sazlaşykly gatnaşyklary guramak, ählumumy parahatçylygy, abadançylygy üpjün etmäge, şol sanda medeni diplomatiýany işjeň ilerletmek arkaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etmek babatda öz üstüne möhüm borçnamalary aldy.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň aýrylmaz bölegidir. Bu mesele hemişe döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarynyň çäklerinde geçirilýän duşuşyklaryň we ýokary derejedäki gepleşikleriň gün tertibine girizilýär. Bilelikdäki çäreler, döredijilik alyşmalary gazanylan ylalaşyklaryň aýdyň netijesidir. Noýabr aýynda Türkmenistanda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna gabatlanyp, Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi. Häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasaty bilen baglylykda üstünlikli ösdürilýär.

Aşgabatda Koreý kinosynyň festiwalynyň açylmagy bilen badalga alan döredijilik çäresiniň maksatnamasy milli koreý aşhanasynyň meşhur tagamlarynyň tanyşdyrylyşyny, “hanbok” milli lybasyň görkezilişini, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň we “Gugak” koreý kwartetiniň bilelikdäki konsertini öz içine aldy.

Şu ýylyň noýabr aýynda Daşoguz şäherinde geçirilen Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly hem ýylyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew festiwala gatnaşyjylara Gutlaglaryny iberdiler. Döwlet Baştutanlarynyň Gutlaglarynda iki halkyň taryhy we ruhy kökleriniň, medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň umumylygy, dilleriniň hem-de ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleriniň ýakynlygy aýratyn nygtaldy. Munuň özi häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we doganlyk gatnaşyklaryny çuňňur many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Forumyň köpöwüşginli maksatnamasy sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertinden, sahna oýunlaryndan we beýleki çärelerden ybarat boldy. Munuň özi türkmen-özbek döredijilik gatnaşyklaryny many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berdi.

Festiwalyň çäklerinde Daşoguz şäheriniň “Türkmeniň ak öýi” binasynda iki ýurduň senetçileriniň hem-de şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda türkmen hem-de özbek halklarynyň özboluşly däp-dessurlaryny, tebigatyň gaýtalanmajak gözelligini, taryhyň we medeniýetiň ýadygärliklerini, häzirki zaman binagärlik ýörelgelerini beýan edýän eserler görkezildi.

Şeýle-de geçen aýda Türkmenistanda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Bu çäre döwletara gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant boldy. Döredijilik çäresiniň açylyş dabarasy paýtagtymyzda geçirildi. Şol ýerde dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Medeniýet günleriniň köpöwüşginli maksatnamasy sergini hem birleşdirdi. Onda Täjigistanyň häzirki zaman suratkeşleriniň, halk senetçileriniň eserleri, neşirýat önümleri, fotosuratlar we beýlekiler görkezildi. Şeýle hem maksatnamanyň çäklerinde iki ýurduň kinematograflarynyň duşuşygy guraldy, täjik režissýorlary tarapyndan döredilen filmleriň görkezilişi, artistleriň çykyşlary boldy. Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy 25-nji noýabrda Mary şäherinde geçirildi.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasy strategiýasy özüniň ajaýyp miwelerini berip, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygyň möhüm şerti hökmünde ynsanperwer gatnaşyklary baýlaşdyrmaga ýardam edýär. Medeni diplomatiýa bolsa daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Soňky habarlar
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy
27.03
Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
27.03
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler
27.03
Gadymy Änew medeniýeti — adamzadyň gymmatly mirasy
top-arrow