Hormatly foruma we sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän Türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu giň gerimli çäreleriň Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dostluk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine oňyn itergi berjekdigine pugta ynanýaryn.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpýyllyk taryhy bardyr. Gadymy döwürlerden bäri iki halkyň arasynda ýakyn dostlukly gatnaşyklar ýola goýlupdyr. Ýurtlarymyzy birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda alyş-çalşygy däl-de, eýsem, giň köpugurly gatnaşyklar üçin hem köpri bolup hyzmat edipdir. Täzeden dikeldilýän bu ýol häzirki döwürde ýurtlaryň we halklaryň ýakynlaşmagy üçin kuwwatly güýç bolmak bilen, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň, özara hyzmatdaşlygyň berk binýadyny emele getirýär. Häzirki wagtda özara hormat goýmak, dostluk, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça giňden ösdürilýär. Iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarylýar.
Hormatly myhmanlar!
Gadyrly dostlar!
Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolmak bilen, dürli ugurlarda, aýratyn-da, nebitgaz, ulag we logistika, aragatnaşyk, telekommunikasiýa, sanly tehnologiýalar, söwda dolanyşygy, ylym-bilim, syýahatçylyk ýaly ileri tutulýan ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär. «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy babatda durmuşa geçirilýän işler iki ýurduň ykdysadyýetleriniň ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup çykyş edýär.
Hytaý Halk Respublikasynyň iri kompaniýalary Türkmenistanda dürli ulgamlarda ýurdumyzyň hünärmenleri, kärhanalary bilen bilelikde iş alyp barýarlar. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hem-de hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň alyp barýan işleri hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam edýär.
Hormatly foruma we sergä gatnaşyjylar!
Hormatly adamlar!
Ak mermerli paýtagtymyzda geçirilýän Türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup, ylmy-tehniki, ýokary tehnologiýalar babatdaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmekde, häzirki zaman innowasiýalaryny, öňdebaryjy tejribäni alyşmakda netijeli boljakdygyna ynanýaryn.
Sizi Türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine, türkmen we hytaý halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.