Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty
Çap edildi 05.12.2022
717

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty boldy. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi we makullanyldy.

Maslahata gatnaşmaga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysady we bank ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

“Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Esasy maliýe resminamasynyň deslapky ara alnyp maslahatlaşmalary Halk Maslahatynyň we Mejlisiň ähli komitetlerinde, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde geçirildi.

Şu ýylyň 23-nji noýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasy babatda birnäçe anyk maslahatlary berdi. Hususan-da, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ýeten sepgitlerine we öňde goýlan täze maksatlara, wezipelere laýyklykda býujeti, onuň girdejiler we çykdajylar bölegini, düzüm aýratynlyklaryny üýtgetmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň býujetiniň döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigi nygtaldy. Munuň özi halkymyza durmuş-ykdysady wezipeleri çözmäge mümkinçilik berer. Uzak we gysga möhletli maksatnamalary işläp taýýarlamaga, durmuşa geçirmäge amatly şertleri döreder.

Halk Maslahatynyň Başlygy Döwlet býujeti işlenip taýýarlanylanda, ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň mümkinçilikleri, milli manadyň durnuklylygy, maýa goýum syýasaty, maliýe bazarynyň ýagdaýy ýaly meseleler hasaba alynmalydyr, býujetiň dogry işlemegi üçin bolsa, ilkinji nobatda, onuň girdeji bölegi üpjün edilmelidir diýip, maslahat berdi. Sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak, döwlet emlägini hususylaşdyrmak, kärhanalary paýdarlar jemgyýetine öwürmek, gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmek, eksport ugurly önümçilikleri goldamak býujetiň girdeji bölegi üçin goşmaça serişdeler hökmünde görkezildi. Dürli ulgamlara gönükdirilýän býujet serişdeleriniň maksadalaýyk we rejeli ulanylmagyny üpjün etmek zerur çäreleriň hatarynda bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň çykdajy bölegi barada aýdyp, ilkinji nobatda, aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň köpeldilmeginiň göz öňünde tutulandygyny belledi. Raýatlaryň durmuş goraglylygyna we olaryň zähmet haklarynyň üpjün edilmegine hemişe döwlet derejesinde üns berler. Maýa goýumlaryň belli bir möçberiniň önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň hem-de binalaryň gurluşygyna, ýaşlar syýasatynyň amala aşyrylmagyna, ylmy-barlaglary goldamaga gönükdirilmelidigi nygtaldy. Ýurdumyzyň maliýe ulgamy we banklary tarapyndan senagat kärhanalarynyň goldanylmagy, oba hojalygynyň, aýratyn-da, ekerançylygyň, maldarçylygyň ösdürilmegi üçin serişdeleriň gönükdirilmegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow innowasion önümçilikleri döretmegiň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ykdysadyýeti ösdürmäge maýa goýumlaryny gönükdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, telekeçiligi goldamak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalaryň sanyny artdyrmak, eksport ugurly harytlaryň sanawyny giňeltmek, azyk üpjünçiligini gowulandyrmak, elektron senagatyny döretmek üçin ýeterlik möçberde serişdeleri göz öňünde tutmak maslahat berildi.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyz parlamentarileriň öňünde 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanun kabul edilmezden ozal, bu resminamanyň esasy maddalaryny ýene-de bir gezek düýpli seljermek we olary häzirki wagtyň ýagdaýlaryna laýyk getirmek boýunça wezipäni goýdy. Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli teklipleri we maslahatlary göz öňünde tutulyp, degişli Kanunyň taslamasyna girizildi.

Kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň we Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowanyň bu ugurda ýerine ýetirilen işler baradaky çykyşlary diňlenildi. Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp taýýarlamak babatda çäreler Türkmenistanyň býujet ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmak boýunça 2022 — 2028-nji ýyllar döwür üçin çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda geçirildi.

Çykyş edenler “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň Watanymyzyň durnukly ykdysady ösüşini, maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge, döwlet çykdajylarynyň netijeliligini, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini nygtadylar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Milli Geňeş, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary hem-de ugurdaş hünärmenleri bilen bilelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp taýýarlamak boýunça alnyp barlan işler barada habar berdi.

Geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň ykdysadyýetiň her bir pudagy üçin girdeji we çykdajy maddalary boýunça maglumatlar giňişleýin beýan edildi. Döwlet býujetiniň serişdeleriniň esasy böleginiň durmuş ulgamyna gönükdirilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ylmy we bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti, durmuş üpjünçiligini, ýaşaýyş-jemagat hojalygyny, umumy häsiýetli döwlet hyzmatlaryny, halk hojalygyny ösdürmäge meýilleşdirilen pul serişdeleri barada maglumat beýan edildi. Çykyşda önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna, Oba milli maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna, mätäçlik çekýän maşgalalar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň, ýurdumyzyň sebitlerinde täze şäherçeleriň we obalaryň gurluşygyna göz öňünde tutulan serişdeler barada giňişleýin aýdylyp geçildi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ykdysady komitetleriniň ýolbaşçylaryna söz berildi. Geljek ýylda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň ykdysady durnuklylygyň, jemi içerki önümiň artdyrylmagynyň hem-de zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagynyň hasabyna üpjün ediljekdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji we çykdajy bölekleriniň maddalary boýunça garaşylýan görkezijiler beýan edildi. Mundan başga-da, her welaýat we Aşgabat şäheri boýunça ýerli býujetler barada habar berildi.

Maslahata gatnaşyjylar Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynyň garamagyna hödürlenen bu esasy maliýe-hukuk resminamasynyň ykdysady strategiýadan ugur alnyp taýýarlanylandygyny we öz mazmuny boýunça giň gerimli döwlet maksatnamalaryndan, şol sanda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin esasy gural bolup durýandygyny bellediler. “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ykdysady ösüşiň durnukly depginini saklamaga, Türkmenistanyň ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmäge, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge, umuman, halkymyzyň abadançylygyny, her bir maşgalanyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendigi nygtaldy.

“Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň kabul edilmegine hem-de makullanylmagyna biragyzdan ses beren bilelikdäki maslahata gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, bu resminama takyk hasaplamalara esaslanyp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň serişde kuwwaty bilen berkidilip, şübhesiz, halkymyzyň bähbitlerine hyzmat eder.

Şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna seretdiler.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiň bilelikdäki maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan kabul edildi we degişli Kararlar bilen makullanyldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bu hukuk resminamalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň amala aşyrylmagy üçin amatly şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
07.05
2024-nji ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
07.05
Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda täze 10 sany 9 gatly jaýlar gurlar
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.05
G.S.Mämmedowa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Ş.Durdylyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 833 müň dollaryndan gowrak boldy
05.05
Watanymyzyň ykdysady kuwwaty — halkymyzyň abadan durmuşynyň binýady
03.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.05
“Türkmenistan — BMG” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi
03.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar
top-arrow