Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna we ýurduň ähli halkyna Tailandyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Geçen hepdäniň wakalary Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň nobatdaky beýany boldy. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan depginli ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, ol ýerde türkmen-katar gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi hem-de Dohada dowam edýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy.
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde iş maslahatyny geçirdi. Onda bu iri merkeziň birinji tapgyrynyň tamamlanyp barýan gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda geljekde ýerine ýetirilmeli, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Maslahata Milli Geňeşiň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we degişli jogapkär ýolbaşçylar çagyryldy.
Şu gün Gökdepe etrabynyň çägindäki ýörite toplumda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçirilen ýörite çäreleriň dowamynda bikanun dolanyşykdan alnan neşe serişdelerini we temmäki önümlerini ýakyp ýok etmek çäresi boldy. Oňa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň ýolbaşçylary, Hökümetiň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli halkara ähmiýetli çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Baýmyrat Aşyrdurdyýewiç Handurdyýewi Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.