Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyzyň ýanynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat-gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow boldy.
Geçen hepdäniň wakalarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik ruhy öz beýanyny tapyp, munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsi boldy.
Şu gün paýtagtymyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň açylyş dabarasy geçirildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehanini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasakini kabul etdi.
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Dünýä halklarynyň köp dürli medeniýetiniň, şeýle hem ruhy ýakynlygynyň kämilleşmegine özboluşly goşant goşjak bu festiwalyň işine uly üstünlik arzuw edýärin.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.
12-nji noýabrda ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň zehinini we zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, jemagat hyzmatlarynda peýdalanylýan tygşytlylyk hem-de ekologik howpsuzlyk babatda halkara talaplara laýyk gelýän ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň, ugurdaş tehnikalaryň, gurallaryň we enjamlaryň öndürilişi, şeýle hem olaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşmak üçin Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti 2023-nji ýylyň 13 — 18-nji noýabry aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar.