Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 13.11.2023
1072

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasakini kabul etdi.

Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň mähirli salamyny, şeýle hem Ýaponiýanyň Imperatorynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ygtybarly binýady goýlan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmegindäki goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini ýetirdi.

Ilçi Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, öz ýurdunyň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini bu jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak diplomatik wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin Ýaponiýa möhüm hyzmatdaş döwlet bolmak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky döwletara gatnaşyklar hemişe özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek tejribesine eýerýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de halkara syýasatyň we sebit gatnaşyklarynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça, aýratyn-da, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Nygtalyşy ýaly, bu ugurda iki ýurduň tagallalaryny utgaşdyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetlerine uly orun degişlidir. Komitetleriň işini has giň gerim bilen alyp barmak iki döwletiň köptaraply mümkinçiligini ulanmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz ykdysady hyzmatdaşlygyň innowasiýalary we täze tehnologiýalary, iň öňdebaryjy tejribeleri öz içine almak bilen, ylmyň, tehnikanyň ösen derejelerine daýanmalydygyny belläp, bu babatda Türkmenistan bilen dünýä belli ýapon kompaniýalarynyň arasynda ýola goýlan netijeli işewürlik gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigine ünsi çekdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň milli bähbitlerini göz öňünde tutmak arkaly netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselesine degip geçmek bilen, söhbetdeşler Türkmenistanda we Ýaponiýada yzygiderli geçirilýän sergileriň, Medeniýet günleriniň hem-de beýleki medeni çäreleriň döwletara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi üçin möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Türkmen hünärmenleriniň we ýaşlarynyň Ýaponiýada bilim almaklary, tejribe okuwlaryna gatnaşmaklary ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen tagallalara oňyn täsirini ýetirýär.

Iki döwletiň arasynda syýasat, söwda, ykdysadyýet, medeniýet, ylym hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyna we hyzmatdaşlygyň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda ýapon diplomaty däp bolan dostlukly ýapon-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we çuňlaşdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ozaldan gelýän dostlukly we ylalaşykly gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de ösdürmek maksady bilen, men Ýaponiýanyň Konstitusiýasyna, ýurdumyzyň Hökümetiniň çözgüdine laýyklykda, jenap Hirosi Sasakini Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Jenap Hirosi Sasakiniň ýokary şahsy häsiýeti, zehini hem-de öz borjuna wepalydygy onuň özüne ynanylan möhüm wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we hormatyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Ilçiniň Ýaponiýanyň adyndan Size aýtjaklaryna doly ynanmagyňyzy Siziň Alyhezretiňizden haýyş edýärin.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize dostlugymy hem-de belent hormat goýýandygymy ynandyrmak isleýärin.

Naruhito,

Ýaponiýanyň Imperatory.

Soňky habarlar
10.09
Paýtagtymyzda «HI-TECH Turkmenistan 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär
10.09
Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirilýär
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.G.ÝOLAMANOW hakynda
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY H.Ş.KERIMOW hakynda
09.09
Watanymyzyň döredijilik kuwwaty barha artýar
09.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 838 müň dollaryndan gowrak boldy
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow