Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 13.11.2023
2632

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehanini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik we türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň mähirli salamyny we türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk, bagtyýarlyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň döwlet ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Nygtalyşy ýaly, Eýranda Türkmenistan bilen gatnaşyklarda däp bolan taryhy we medeni köklere uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk döredijilikli syýasaty özara bähbitli halkara hem-de sebit hyzmatdaşlygyny, ilkinji nobatda, ýakyn goňşy ýurtlar bilen umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän gatnaşyklary pugtalandyrmagyň netijeli guraly bolup durýar.

Söhbetdeşligiň barşynda birek-birege hormat goýmagyň, özara ynanyşmagyň, iki halkyň ruhy-ahlak umumylygynyň, gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň berk binýadynda gurulýan köpýyllyk gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de Eýranyň doly ygtyýarly wekili ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki özara hereketlere aýratyn üns berildi. Şeýle hem Eýranyň ýurdumyzyň sebitdäki iň ähmiýetli hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýandygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamda deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň döwletara ykdysady gatnaşyklaryň okgunly ösüşine laýyk gelýändigi bellenildi.

Söhbetdeşler özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlarda oňyn ösdürilýändigini nygtap, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa toplumlarynda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, gurluşyk, oba hojalygy pudaklarynda dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Bu işde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparyna aýratyn orun degişlidir.

Binýadynda iki halkyň taryhy-medeni umumylygy we ruhy ýörelgeleri duran medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bilelikdäki medeni çäreler, hususan-da, Medeniýet günleri, dürli sergilerdir beýlekiler döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly itergi berýär.

EYR-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli çuňlaşdyrmak we hil taýdan täze, ýokary derejä çykarmak üçin öz tarapyndan ähli tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we diplomat soňky ýyllarda täze mazmuna hem-de ösüşe eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Eýranyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygy, dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, ýokary şahsy häsiýetlere eýe bolan jenap Ali Mojtaba Ruzbehani Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Siziň Alyhezretiňiziň üns bermegiňiz netijesinde, onuň işine goldaw beriljekdigine hem-de onuň aýtjak zatlarynyň Eýran Yslam Respublikasynyň hoşniýetli arzuwlary we maksatlary hökmünde kabul ediljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin we eýran hem-de türkmen halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyny Gudraty Güýçli Allatagaladan dileýärin.

Seýed Ebrahim Raisi,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
top-arrow