Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmak — Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy maksady
Hepdäniň wakalary
Halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmak — Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy maksady
Çap edildi 14.11.2023
1658

Geçen hepdäniň wakalarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik ruhy öz beýanyny tapyp, munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsi boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň 6-njy noýabrda geçiren sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça öňde goýlan ähli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işler babatda anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem welaýatlaryň häkimlerine Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýylyň ahyryna çenli açylmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini, Hasyl toýunyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

8-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on aýynda alyp baran işleriniň jemleri, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler girizildi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi.

9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. «Tashkent City» halkara işewürlik merkeziniň Kongres merkezinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy boldy. Döwlet Baştutanlary açylýan mümkinçilikleri hem-de geljek üçin bilelikdäki ileri tutulýan meýilnamalary nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklaryň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy, abraýly düzümleriň çäklerinde, şol sanda YHG-nyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammitde çykyş edip, YHG-nyň giňişliginde dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Ilkinji nobatda, sanly tehnologiýalar we elektron söwda boýunça YHG-nyň Çarçuwaly ylalaşygyny işläp taýýarlamagyň, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda gurama agza ýurtlaryň eýe bolan mümkinçilikleridir meýilleri hakynda has giňişleýin habardar bolmak üçin anyk maglumatlary, teklipleri, işewürlik taslamalaryny we beýleki zerur maglumatlary öz içine alýan maglumat portalyny döretmek baradaky teklibe garamagyň zerurdygyna üns çekildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Hytaýdan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hazar deňziniň, Pars aýlagynyň, Gara deňziň portlaryna çykmak arkaly multimodal ýük daşalmagyny ýola goýmak meselelerini YHG-nyň çäklerinde ara alyp maslahatlaşmak üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplaýandygyny belläp, bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek baradaky meselä seretmegi teklip etdi. Şunuň bilen bir hatarda, halkara giňişlikde maksada gönükdirilen we ylalaşykly ulag diplomatiýasyny alyp barmagyň, ýöriteleşdirilen halkara guramalar, BMG-niň ugurdaş düzümleri bilen işjeň iş alyp barmagyň YHG üçin möhümdigi nygtaldy.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişligini öz içine alýan energiýa üpjünçilik ulgamyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň hyzmatdaş ýurtlary energetika ulgamynda özara işleri giňeltmäge çagyryldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan, öz tarapyndan, häzirki wagtda bar bolan we geljekde guruljak kuwwatlyklar arkaly YHG-nyň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň hem-de elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga taýýardyr.

Daşkent sammitiniň öz işine başlamagynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Özbegistan Respublikasynyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklarda açylýan mümkinçilikleri göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri barada pikir alşyldy.

10-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň YHG-nyň 16-njy sammitinde beýan eden başlangyçlaryny we olardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen teklipler barada aýdyldy. Şolaryň hatarynda 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyny geçirmek, YHG bilen hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmek üçin «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň üstaşyr ulag gatnawlary boýunça Çarçuwaly ylalaşygy» hem-de oňa degişli Teswirnamany tassyklamak, YHG-nyň hünärmenlerini çekmek arkaly serhetýaka söwda zolaklaryny döretmek, Mary şäherini 2027-nji ýylda “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň syýahatçylyk paýtagty” diýip yglan etmäge gönükdirilen çäreleri geçirmek boýunça teklipler bar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň halkara we sebit guramalarynda, hususan-da, YHG-da wekilçilik etmegine degişli teklip hödürlenildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň gün tertibine laýyklykda, şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, on aýyň dowamynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,3 göterime barabar boldy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy, bölek satuw haryt dolanyşygy 9,6 göterim köpeldi. Şu ýylyň on aýynyň netijeleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 110,7 göterim, çykdajy bölegi 97,8 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 7,4 göterim artdy. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 54-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 34-siniň, 379,9 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy. 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň esasy maddalary boýunça göz öňünde tutulan çykdajylar barada giňişleýin maglumat berildi. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisine ibermek baradaky hata gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumynyň işgärlerini Hasyl toýy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana hem-de «Aşgabat şäherinde döwrebap binalary, desgalary we awtomobil ýollaryny gurmak hakynda» Karara gol çekdi.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däplerinden ugur alnyp, Palestinanyň halkyna, ilkinji nobatda, palestin çagalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma, azyk önümlerinden hem-de beýleki harytlardan ybarat bolan ynsanperwerlik ýüki ugradyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde Filippinler Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Roberto G.Manalodan ynanç hatynyň kabul edilmegi geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda boldy. Diplomat ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi, alyp barýan köpugurly işi bilen tanyşdyryldy.

Aşgabatda “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleriniň Yrak Respublikasynyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna ýerlemek, satyn almak, satmak boýunça şertnamanyň esasy täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekildi. Resminama laýyklykda, 5 ýyllyk möhlet bilen her ýylda türkmen tebigy gazynyň 9 milliard kub metri “swap” usulynda Eýran Yslam Respublikasyndan üstaşyr geçirilip, Yraga iberiler.

Ýurdumyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan düzülen Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň güwänamasynyň gowşurylmagy Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak ýaly möhüm ulgamda gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Bu güwänama Türkmenistanyň immunizasiýa arkaly wirusly gepatitiň B görnüşine garşy göreş boýunça sebitleýin maksatly görkezijileri ýerine ýetirendigini tassyklaýar. Bu üstünlik tutuş Ýewropa sebitinde jemgyýetçilik saglygyna abanýan howp hökmünde wirusly gepatitleri aradan aýyrmak boýunça maksatlara ýetmekde uly ähmiýete eýedir.

Geçen hepdede Aşgabatda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahat geçirildi. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan bu forumyň işine Azerbaýjandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Koreýa Respublikasyndan, Russiýadan, ABŞ-dan, Türkiýeden, Fransiýadan, Şweýsariýadan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan wekiliýetler gatnaşdylar. Giň gerimli sergide 60-dan gowrak gatnaşyjy — ýurdumyzyň aragatnaşyk düzümleri we olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlary, şeýle hem türkmen telekeçileri öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen birnäçe işewürlik duşuşyklaryny geçirdiler. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş hünärmenleriniň gatnaşmagynda utgaşykly görnüşde «Data merkezlerini» ösdürmek we döretmek boýunça ýaşlaryň barlaglary» atly «tegelek stol» duşuşygy geçirildi. Şeýle-de talyplaryň arasynda geçirilen «Sanly çözgüt — 2023» atly bäsleşigiň jemleri jemlendi.

Adaty we onlaýn görnüşde guralan ylmy maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň telekommunikasiýalar ulgamyny we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň işiniň jemleri boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, onuň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamaga, maglumat tehnologiýalary ulgamynda täsirli häsiýete eýe bolan sebit we ählumumy işleri işjeňleşdirmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekildi.

11-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekil taslamalary we bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyza şäheriň töwereginde bar bolan ýollaryň, köprüleriň, ýerüsti geçelgeleriň, halkalaýyn aýlaw ýollarynyň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak boýunça taýýarlanylan şekil taslamalarydyr çyzgylar görkezildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden kararyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine goşulýan ýer bölekleri barada hasabat berildi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 102 gektar ýeri hem-de Aşgabat şäheriniň 17 gektar ýeri Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren iş maslahatynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ikinji tapgyrda meýilleşdirilen önümçilik toplumlarynyň gurluşyklaryna bolan gatnaşyklary, bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, olaryň bezeg aýratynlyklary, daşky gurşawyň ekologik abadançylygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Arkadag şäherini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ýerli howa şertlerine laýyk gelýän, jemagat hyzmatlarynda peýdalanylýan ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň öndürilişi, şeýle hem olaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşmak maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýeti şu ýylyň 13 — 18-nji noýabry aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna gulluk iş saparyna iberildi.

Geçen ýekşenbe güni ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň zehinini we zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy baýramçylyk çäreleriniň esasy ýaýbaňlandyrylan ýeri boldy. Bu ýerde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösmegine mynasyp goşant goşan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we beýleki hünärmenleri sarpaladylar. Obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine meşhur atlaryň neslinden bolan, 2020-nji ýylda doglan Diýarym atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi. Dabara däp bolan at çapyşyklary bilen dowam etdi. Çapyşyklaryň netijeleri boýunça ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan baýraklar gowşuryldy.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu ýylda iň ýokary görkezijileri gazanan oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, olara «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, şeýle hem gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Baýramçylyk gününde Balkan welaýatynyň edermen pagtaçy daýhanlaryndan hoş habar gelip gowuşdy — olar pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler we 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar.

Hasyl toýuna bagyşlanyp geçirilen çäreleriň çäklerinde Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň golaýyndaky 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň açylyş dabarasy boldy. Atşynaslygyň abraýly ylmy-barlag merkezleriniň biri boljak bu täze toplumyň wezipesi atçylygy mundan beýläk-de ösdürmekden, arassa ganly bedewleriň sanyny artdyrmakdan we olaryň tohum häsiýetlerini gowulandyrmakdan ybaratdyr.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen, täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýan giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Soňky habarlar
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
top-arrow