Ilki bilen, ruhubelentligiň we ösüşiň, sportuň hem-de sagdynlygyň ýurdy bolan Türkmenistanda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň nusgalyk derejede, örän guramaçylykly geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we Siziň Alyhezretiňize alyp barýan döwlet işiňizde üstünlikler gazanmak baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Şu şatlykly günde Halkara kuraş assosiasiýasynyň ýolbaşçy düzüminiň adyndan dünýä jemgyýetçiliginde iri sport baýramçylygy hökmünde uly seslenme döreden bu dünýä çempionatynyň örän guramaçylykly, nusgalyk derejede geçirilmegi üçin ýakyndan beren ýardamlaryňyz hem-de ýokary myhmansöýerligiňiz üçin Siziň Alyhezretiňize çuňňur hoşallygymy bildirmäge rugsat ediň!
Siziň beýik başlangyçlaryňyz esasynda ruhubelentligiň we ösüşiň, sportuň hem-de sagdynlygyň ýurduna öwrülen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň ýokary derejede, örän guramaçylykly geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de, türkmen halkynyň dünýäde ykrar edilen Milli Lideri, Siziň Alyhezretiňize alyp barýan öňdengörüjilikli işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri gazanmagyňyz baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi tüýs ýürekden haýyş edýärin! Dünýä jemgyýetçiliginde halkara sport baýramçylygy hökmünde uly seslenme döreden bu dünýä çempionatynyň nusgalyk derejede geçirilendigi hem-de ýokary myhmansöýerlik bilen kabul edilendigim üçin Siziň Alyhezretiňize çuňňur hoşallygymy bildirmäge rugsat ediň!
Şu gün paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda 28-nji noýabrda tamamlanan Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi. Çärä Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA), göreşiň bu görnüşi boýunça Afrika bileleşiginiň (AKU) we Ýewropa konfederasiýasynyň (EKC), Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Kuraş federasiýasynyň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.
Özara bähbitli hyzmatdaşlyk, halkara giňişlikde netijeli dialogy ilerletmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adam hakynda hemmetaraplaýyn aladany we onuň abadançylygyny baş maksat edinýän syýasatynyň esasy ugurlary bolmagynda galýar.
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.
Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergisi açyldy.
Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty milli sportumyzyň ajaýyp ýeňşi bilen tamamlandy. Bu ýaryş dünýäniň dört yklymynyň — Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Günorta we Demirgazyk Amerikanyň sport wekillerini bir ýere jemledi.
Sizi ak mermerli Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýän azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu giň möçberli sergä gatnaşýanlara uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň häkimleriniň, şeýle hem Balkan welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.