Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Çap edildi 28.11.2023
3214

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini mähirli mübärekläp, dostlukly döwletiň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Azerbaýjanyň wekiliýetiniň Türkmenistana şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, bu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistan Azerbaýjan Respublikasy bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we biziň ýurtlarymyzydyr halklarymyzy birek-birege hormat goýmaga, ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlyk giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklar dowam etdirilýär. Birek-biregiň başlangyçlarynyň özara goldanylmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiz ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini aýdyp, söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara hereketleri ösdürmek boýunça utgaşdyryjy edara hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ornuny berkitmegiň zerurdygyny nygtady.

Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler gyzyklanma bildirilýän geljegi uly ugurlaryň birnäçesinde uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda goňşy ýurtlarymyzyň çäk taýdan amatly ýerleşmeginden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Bu bolsa halkara derejede bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi energiýa serişdelerini ibermek, deňiz portlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň, Hazar deňzi arkaly ýük daşamalaryny işjeňleşdirmegiň hasabyna söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge, ençeme ýurtlary baglanyşdyrýan ulag geçelgelerini döretmekdäki hyzmatdaşlyga, şeýle hem kommunikasiýalar we aragatnaşyk ulgamynda özara gatnaşyklara degişlidir.

Söhbetdeşler medeni, ylym, bilim ugurly netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirilýändigini nygtadylar. Bu ulgamlar iki doganlyk halkyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ygtybarly esasy bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarow birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, döwletara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
07.10
Hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi
07.10
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi
07.10
Her bir adamyň abadançylygy ugrunda
07.10
Parlamentara hyzmatdaşlyk: ynsan saglygynyň goragynda
07.10
Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk Toparynyň nobatdaky mejlisi
07.10
Suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi
07.10
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA agza ýurtlaryň döwlet we jemgyýetçilik teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi
07.10
Azyk bolçulygyny pugtalandyrmak — ählumumy wezipe
top-arrow