Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
Çap edildi 29.11.2023
1055

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Ilki bilen, ruhubelentligiň we ösüşiň, sportuň hem-de sagdynlygyň ýurdy bolan Türkmenistanda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň nusgalyk derejede, örän guramaçylykly geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we Siziň Alyhezretiňize alyp barýan döwlet işiňizde üstünlikler gazanmak baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Şu şatlykly günde Halkara kuraş assosiasiýasynyň ýolbaşçy düzüminiň adyndan dünýä jemgyýetçiliginde iri sport baýramçylygy hökmünde uly seslenme döreden bu dünýä çempionatynyň örän guramaçylykly, nusgalyk derejede geçirilmegi üçin ýakyndan beren ýardamlaryňyz hem-de ýokary myhmansöýerligiňiz üçin Siziň Alyhezretiňize çuňňur hoşallygymy bildirmäge rugsat ediň!

Jenap Prezident!

Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty Türkmenistanyň iri halkara sport ýaryşlaryny ýokary derejede guraýan hem-de geçirýän döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny has-da artdyrdy. Millionlarça adamyň we janköýerleriň göni ýaýlym arkaly uly höwes bilen tomaşa eden gyzgalaňly tutluşyklarydyr owadan tilsimler Türkmenistanyň adamzadyň we sport diplomatiýasynyň belent taglymlaryna, ýörelgelerine ygrarlydygyny bütin dünýä äşgär etdi. Kuraş boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgenleriniň bu dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medaly gazanmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Bu ýaryşy geçirmek üçin türkmen tarapynyň iň amatly şertleri döredendigi, şol sanda ajaýyp sport desgalaryny ýaryşlara taýýarlandygy, sportuň kuraş görnüşini ösdürmäge goşan ägirt uly goşantlaryňyz we goldawlaryňyz üçin Halkara kuraş assosiasiýasynyň adyndan, hormatly Prezident, Size hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirýäris! Siziň tagallalaryňyz bilen, ýurduňyz diňe bir halkara ýaryşyň guramaçysy hökmünde däl-de, türgenleri ýokary derejede taýýarlamakda-da örän jogapkärli çemeleşendigini bütin dünýä äşgär etdi. Munuň özi kuraş sportunyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak täze sahypadyr. Dostlugyň we hoşniýetliligiň özboluşly belent senasyna öwrülen bu dünýä çempionaty meniň hem-de oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň durmuşynda ýatdan çykmajak iň şatlykly pursatlardyr.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Türkmenistanda sport ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine laýyk ösdürmek ugrunda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de, jenap Prezident, Siziň alyp barýan işleriňiz netijesinde, dünýäniň sport hereketine üstünlikli goşulyşýan, halkara sport giňişliginde täze ýeňişleri gazanýan Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki mertebesi has-da belende galýar.

Halkara kuraş assosiasiýasynyň adyndan, jenap Prezident, Siziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nusgalyk işleriňiz bilen Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işlere örän ýokary baha berýäris. Şu dabaraly pursatlarda Gudraty Güýçli Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň halkyna abadançylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti

Haýder Farman.

Soňky habarlar
27.07
Türkmen türgenleri Parižde Olimpiada — 2024-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
26.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26.07
Türkmenistanyň Prezidenti Çili Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.07
M.B.Maşalow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
26.07
T.B.Kömekow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
26.07
Gurluşyk we binagärlik ministrligine “Parlak nesil” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
25.07
Türkmenistan — BMG: ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow