Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergisi açyldy.
Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar giň gerimli çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Olarda ýaş skripkaçylar öz zehinlerini görkezip, ýurdumyzyň meşhur tans toparlary çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow azyk senagaty pudagyny ösdürmek hem-de ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, oba hojalyk düzümleri üçin bäsdeşlik gurşawyny döretmek, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny, hususan-da, tohumçylygy ösdürmek, täzeçil usullary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmak, durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegi obasenagat toplumyndaky giň möçberli özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek maksadyndan ugur alnyp, anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şunda däneçilik, pagtaçylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk, guşçulyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk, balçylyk we beýleki ugurlar işjeň ilerledilýär.
Diýarymyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň hem-de Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde degişli çäreler amala aşyrylýar. Pudagyň öndürýän önümlerine bolan isleg hasaba alnyp, oba hojalyk önümçiligini howa şertlerine uýgunlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler geçirilýär. Türkmenistan bu ugurdaky halkara tagallalary goldamak arkaly degişli meseleleri çözmek üçin geljegi nazarlaýan deňeçer çözgütleri işläp taýýarlamakda başlangyçly we işjeň ornuna üýtgewsiz eýerýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk we azyk senagaty pudaklarynda iş alyp barýan önüm öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw berlip, netijeli işlemek üçin amatly şertleriň döredilýändigi bellenilýär. “Bu çäreler oba hojalygynda we azyk senagatynda önümçilikleriň netijeliligini artdyrmaga, içerki bazary dürli görnüşli azyk önümleri bilen ygtybarly üpjün etmäge, şeýle hem bu önümleriň eksportyny yzygiderli artdyrmaga gönükdirilendir. Çünki ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün edilmegi durmuş ulgamynyň, ilatyň saglygynyň we fiziki işjeňliginiň, ýokary hilli ýaşaýşynyň wajyp esaslaryny emele getirmäge täsirini ýetirýär” diýlip, hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda bellenilýär.
Şu gezekki gözden geçiriliş oba hojalyk pudagynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini hem görkezýär. Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, hususy telekeçileriniň 90-a golaýy bu ýerde öz önümlerini görkezdiler. Ýurdumyzyň Oba hojalyk, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleri bilen bir hatarda, Azerbaýjandan, Eýrandan, Germaniýadan, Moldowadan, Niderlandlardan, Russiýadan, Türkiýeden we Özbegistandan gatnaşyjylar halkara sergide öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Olarda innowasion tehnologiýalara we nou-haulara üns çekildi.
Türkiýäniň kompaniýalary dürli gaplaýjy maşynlaryny, iýmleri garyşdyrmak üçin gurallaryny, ekiji, ýygyjy, ideg ediji tehnikalaryny, ösümlik ýagyny öndürýän maşynlaryny, guradyjy ulgamlaryny tanyşdyrdylar. Russiýaly telekeçiler ýyladyşhanalaryň, maldarçylyk hojalyklarynyň gurluşygynda ulanylýan häzirki zaman gurluşlary we ekologiýa babatda alyp barýan işleri bilen sergä gatnaşyjylary tanyşdyrýarlar. Damjalaýyn suwaryş ulgamlary, ekinleri goramak üçin mineral dökünler, tohumlaryň we önümleri gaplamagyň, olary belgilemegiň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrýan daşary ýurtly işewürleriň diwarlyklary aýratyn gyzyklanma döretdi.
Serginiň bir bölümi daşary ýurtly önüm öndürijileriň konditer önümlerine, azyk goşundylaryna we tagam berijilerine bagyşlanypdyr. Şolaryň hatarynda “Baraka”, “Shirin Asal”, “Dolkem”, “Beyza gida” ýaly kompaniýalar bar.
Döwlete dahylsyz ulgamyň ykdysadyýetde eýeleýän ornunyň barha artdyrylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň we azyk bolçulygyny üpjün etmegiň ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarydygyny bellemelidiris. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Azyk we oba hojalyk guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyzyň 2015-nji ýylda üçünji müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri hökmünde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda gazanan üstünligi üçin BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy.
Hususy önüm öndürijiler oba hojalyk pudagyny özgertmäge saldamly goşant goşmak bilen, hojalygy ýöretmegiň innowasion usullaryny ulanýarlar, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, suwarymly ýerleri özleşdirmegiň, şol ýerlerde goşmaça oba hojalyk ekinlerini ekmegiň hem-de ýylyň dowamynda gök önümleri ýetişdirmäge mümkinçilik berýän ýyladyşhana hojalyklaryny döretmegiň hasabyna ekinleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýärler. Munuň özi içerki bazarlary zerur önümler bilen üpjün etmäge, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda telekeçiler çaga iýmitleriniň, miweden we gök önümlerden taýýarlanylýan şireleriň, maýoneziň, doňdurmanyň, gaplanan önümleriň, balyk önümleriniň, şöhladyň, süýji-köke önümleriniň köp görnüşlerini öndürýärler.
Şunda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlangyjy boýunça döredilen «Hil standart» hojalyk jemgyýeti azyk önümleriniň howpsuzlygyna gözegçilik edýär. Bu hojalyk jemgyýeti azyk önümleriniň howpsuzlygyna baha bermek boýunça Türkmenistandaky ilkinji barlaghana merkezidir. Düzümiň azyk önümleriniň hiline baha bermek babatda degişli derejede taýýarlyga eýedigi ISO/IEC17025:2017 halkara akkreditasiýasy bilen tassyklanyldy. Hususy telekeçiler obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge, ilatyň ekologik taýdan arassa, dürli görnüşli azyk we witaminli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän bazaryň we tehnologiýalaryň täze gazananlaryny ynamly özleşdirýärler. Sergide görkezilýän diwarlyklaryň hatarynda iri ýyladyşhana hojalyklary, guşçulygy, maldarçylygy, gök we bakja önümlerini, miweleri gaýtadan işleýän döwrebap toplumlar bar.
«Lebiz plastik», «Ýedidogan Nur», «Garagum», «Toprak» kärhanalary öz öndürýän gaplama önümlerini görkezdiler. Dünýä tejribelerini we öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly olar öz işlerini barha kämilleşdirýärler. Sergide «Arçalyk», «Sada suw» hususy kärhanalarynyň, «Ýakymly kümüş suwy» we «Mahmal Zip» hojalyk jemgyýetleriniň arassa agyz suwlarynyň, tebigy gök-bakja, miwe şireleriniň köp görnüşi hödürlenilýär. Şeýle-de “Parahat” hususy kärhanasynyň belli “Joş”, “Eçil” haryt nyşanly miwe suwlary, sowuk çaýlary, şöhlatlary, çaga iýmitleri, uzak möhlete niýetlenen süýt önümleri, ýerli tebigy önümlerden taýýarlanan pomidor goýaltmasynyň we ketçubyň dürli görnüşleri bar. Süýt önümlerini öndürýän “Sahabatly” hojalyk jemgyýeti ýaly belli kärhanalar sergi meýdançasynda öz harytlaryny görkezdi. “Şerbet Market”, “Halk Market” dükanlary hem diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.
Ýurdumyzyň kärhanalarynyň mynasyp bolan ISO we NASSR halkara güwänamalary olaryň öndürýän azyk önümleriniň ýokary hiline we ekologik taýdan howpsuzdygyna şaýatlyk edýär. Ulularyň hem-de çagalaryň söýgüli tagamlaryny öndürýän «Erteki» haryt nyşanly doňdurma önümleri sergä gelýänler üçin aýratyn özüne çekiji boldy. «Hasar», “Täze aý”, «Mekan», “Kilwan”, “Bars”, “Altyn şöhle” ýaly hususy kärhanalaryň we hojalyk jemgyýetleriniň diwarlyklarynda süýji-köke önümleri ýerleşdirilipdir. Şeýle-de bu ýerde baýramçylyk bezegindäki çörek we çörek önümleriniň dürli görnüşleri görkezilýär. Diwarlyklarda döwletimiz tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bölünip berlen ekerançylyk ýerlerinde hem-de ýyladyşhana hojalyklarynda ösdürilip ýetişdirilen miwe, gök-bakja önümleriniň köp görnüşlerini synlamak bolýar.
Umuman, şu gezekki sergi ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen işlerde uly üstünlikleri gazanmaga täze itergi berjek möhüm wakadyr.