13.11 2025

Şu gün Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy.

12.11 2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Ketrin Konnollä Irlandiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

12.11 2025

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

12.11 2025

Sizi ata Watanymyzda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary durmuşa ornaşdyrmakda, ulag-aragatnaşyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara serginiň we ylmy maslahatyň hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

11.11 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandany kabul etdi.

11.11 2025

Ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasaty häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär.

11.11 2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Karol Nawroskä Polşa Respublikasynyň Milli garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

10.11 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

10.11 2025

Häzirki wagtda global sanly ykdysadyýetiň möhüm ugurlary, telekommunikasiýa ulgamlarynda iň oňat tehnologik çözgütler, şeýle hem sebit we dünýä ulag pudagynyň logistika strategiýalary ýurdumyzyň ykdysady durmuşyna işjeň goşulýar.

10.11 2025

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.

1536 sahypa
Soňky habarlar
23.10
«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
22.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.10
Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar
22.10
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň milli buýsanjy we şan-şöhraty
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi