Ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasaty häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär.
4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Ak tamda ABŞ-nyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz “C5+1” formatynyň ýurtlarymyzyň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz sammitde çykyş edip, hyzmatdaşlygyň bu formatynyň döredilen wagtyndan bäri gazanylan oňyn netijelere ünsi çekdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm strategik ugurlarda gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýar. Şeýle-de «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmäge ýardam berjekdigi aýdyldy. Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň barşynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bilelikdäki işiň geljekki ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Sammitiň jemleri boýunça ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda we medeni miras babatda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetleriniň arasynda meýiller hakynda Beýannamalar kabul edildi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň Daşary işler boýunça komitetiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kiçi komitetiniň başlygy Bill Hýuzenga hem-de onuň orunbasary Sidni Kaý Kamlager-Daw bilen duşuşdy. Kongresiň wekilleri döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiz şu ýyl Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň “C5+1” formatyndaky hyzmatdaşlygyna 10 ýyl dolýandygyny, bu hyzmatdaşlygyň howpsuzlyk, ykdysadyýet, howa we energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli binýada öwrülendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň gazanylan netijelere ýokary baha berýändigi hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy.
Döwlet Baştutanymyz golf infrastrukturasynyň taslamalaryny düzmek we ösdürmek ulgamynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň Baş direktory Jon Riz bilen duşuşdy. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamda bilelikdäki hereketler üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýa tarapyndan Aşgabatda gurlan we halkara standartlara laýyk gelýän döwrebap golf klubunyň taslamasy özara hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly hökmünde görkezildi. Bu taslama ýurdumyzda sportuň bu görnüşini ösdürmekde möhüm ädim boldy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň maýa goýumlar üçin amatly şertleri döretmäge uly ähmiýet berýändigine ünsi çekip, türkmen tarapynyň kompaniýanyň täze taslamalaryna we tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Waşington şäherinden ýurdumyza ugramazyndan ozal, Andrews Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewany doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz A.Ataýewa Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gül dessesini gowşuryp, Milli Liderimiziň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alşyldy.
«Türkmen-amerikan işewürler hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze mümkinçilikleri we geljegi» ady bilen geçirilen işewürlik maslahatynyň çäklerinde ABŞ-nyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylary amerikan işewürleriniň okgunly ösýän türkmen bazaryna gyzyklanmalarynyň barha artýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary, iň gowy dünýä tejribesini Türkmenistanyň durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň çekmäge taýýarlyk tassyklanyldy.
Waşingtonda ýerleşýän Jon Kennedi adyndaky Ýerine ýetirijilik sungaty merkezinde «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» hyzmatdaşlyk formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli geçirilen işewürlik maslahaty iri maýa goýum, täjirçilik taslamalaryny amala aşyrmak babatda meýillerden anyk hyzmatdaşlyga geçmekde möhüm ädim boldy.
5-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Mejlisde bellenilişi ýaly, häzirki döwre çenli gazna tarapyndan tutuş ýurdumyz boýunça 700-den gowrak çaga operasiýalar geçirildi we olara ýatymlaýyn şertlerde bejergiler amala aşyryldy. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda näsag çagalaryň 163-sinde operasiýalar geçirildi. Mundan başga-da, 900-e golaý çaga üçin dikeldiş-bejergi işleri ýerine ýetirildi. Şu ýylyň martynda gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatyň netijeleri boýunça kabul edilen Jemleýji resminama BMG-niň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy. Abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi netijesinde degişli ugurlar boýunça özara ylalaşyklar gazanyldy we ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Dünýä ýurtlaryndan haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge teklipler yzygiderli gelip gowuşýar. Şeýle hem gaznanyň alyp barýan işi bilen baglanyşykly maglumatlar internet saýtlarynda ýerleşdirilýär.
Mejlisiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini has-da kämilleşdirmek hakynda, şeýle hem gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlara gol çekdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Owganystanyň pajygaly ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna, çagalaryna gaznanyň adyndan ynsanperwerlik kömegini ibermek meselelerini işjeňleşdirmegi tabşyrdy. Şunda geçen hepdede türkmen halkynyň asylly ýörelgeleri esasynda Owganystana derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk önümlerinden ybarat bolan ýükleri ugratmak dabarasynyň geçirilendigini bellemek gerek. Ynsanperwerlik çäresine ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
Iş saparynyň dowamynda Milli Liderimiz täze şäheriň “Arkadag” seýilgähine baryp, onuň çäklerinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleri, dürli maksatly desgalaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Hususan-da, seýilgähde behişdi bedewleriň, söwda kerweniniň heýkellerini ýerleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işlere aýratyn üns çekildi. Bu şekiller seýilgähiň beýleki desgalary we suw çüwdürimleri bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny, taryhy döwürlerini alamatlandyrar. Ady rowaýata öwrülen bedewleriň heýkelleriniň her birine degişli ýazgylarda olaryň taryhyna, görkezen netijelerine bagyşlanan maglumatlar ýerleşdiriler.
Geçen hepdäniň beýleki möhüm wakalaryna geçmek bilen, 6-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilendigini nygtamak gerek. Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda guralan mejlisiň dowamynda halkara çärelere degişli guramaçylyk, hojalyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hasabatlarda bellenilişi ýaly, şanly seneler mynasybetli köp sanly medeni çäreler we dabaralar geçiriler. Halkara çärelere gatnaşjak myhmanlar üçin milli myhmansöýerlik ýörelgelerine laýyklykda hyzmatlaryň ýokary derejesi üpjün ediler. Çärelere taýýarlygyň çäklerinde olary giňden wagyz etmäge möhüm ähmiýet berilýär. Baýramçylyk günlerinde işlejek meýletinçiler toparyny düzmek we onuň düzümine göreldeli ýaş mugallymlary, işjeň talyplary seçip almak işleri ýaýbaňlandyryldy. Şeýle-de myhmanlaryň aragatnaşygyň hem-de internetiň ýokary derejeli mümkinçilikleri bilen üpjün edilmegine zerur üns berilýär.
Gahryman Arkadagymyz şanly senäniň hormatyna guraljak dabaralaryň guramaçylygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini nygtady.
Soňra Milli Liderimiz Halkara maslahat merkezinde çäreleri guramaçylykly geçirmek, Halkara kabul edişlik merkezinde, “Arkadag” myhmanhanasynda ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek boýunça döredilen mümkinçilikler we şertler bilen tanyşdy. Hormatly Arkadagymyz meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede geçirilmelidigine, olaryň daşary ýurtly myhmanlarda Türkmenistan hem-de türkmen halky barada ýakymly ýatlamalary galdyrmagyny gazanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
8-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde emele gelýän tokaý zolagynda 12 ýyl ýaşan türkmen arçasyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Türkmen arçasynyň ýaşynyň 12-nji dekabr — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen güni bilen gabat gelmegi özboluşly mana eýedir. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň beren hasabatlarynyň dowamynda amatly we durnukly daşky gurşawy saklamagyň möhümdigini belläp, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti O.Atabaýewa bilen gürrüňdeş bolup, ýurdumyzda kömege mätäç çagalara mundan beýläk-de yzygiderli goldaw bermek babatda maslahatlaryny berdi. Şunuň bilen birlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işleriň depginini ýokarlandyrmak, ekologik ýagdaýy ýokary derejede saklamak meselelerine aýratyn ünsi çekdi.
Tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowamynda 449 müň 464 düýp bag nahaly ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 1 million 997 müň 775 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.
Geçen hepdede «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat geçirildi. Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanyp guralan giň gerimli serginiň maksady gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, ýol gurluşygy pudaklarynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň ösüş strategiýasynyň çäklerinde Diýarymyzda gurluşyk işlerini alyp barmakda, gurluşyga innowasion hem-de «akylly» infrastruktura çözgütlerini ornaşdyrmakda durmuşa geçirilýän netijeli işler üçin ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherine ýokary baha berilýändigi baradaky Şahadatnama we ýörite nyşan gowşuryldy.
Iri halkara kompaniýalaryň we ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen gepleşikler geljekki ylalaşyklar üçin berk binýady goýdy. Duşuşyga gatnaşyjylar bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň anyk şertlerini, maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem forumyň çäklerinde gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň giň toplumyna gol çekildi.
Geçen hepdäniň ýekşenbe güni ýurdumyzda türkmen topragynyň sahawatyny, rysgal-berekedini alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary baýramçylyk dabarasynyň ýaýbaňlandyrylan esasy merkezi boldy. Bu ýerde açyk asmanyň astynda ýurdumyzyň oba hojalyk we gaýtadan işleýän senagatynyň gazanan üstünliklerini görkezýän sergi guraldy. Sergide oba hojalygynda hususy pudagyň gazanan üstünlikleri görkezildi, welaýatlaryň, paýtagtymyzyň estrada aýdymçylarynyň, döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Şu şanly ýylda edermen gallaçy daýhanlar Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar, pileçiler bolsa 2 müň 100 tonnadan gowrak pile almagy başardylar. Gök-bakja önümlerini, miweleri öndürijiler hem bol hasyl ýetişdirdiler.
Dabaranyň dowamynda oba hojalyk toplumynyň zähmetkeşleriniň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyza 2022-nji ýylda doglan, Perman we Gaýmak diýen atlaryň neslinden bolan Sahabatly atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi.
Baýramçylygyň öňüsyrasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, şu ýylda iň ýokary görkezijileri gazanan oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylary «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy, şeýle hem olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Ýurdumyzda giňden bellenilen Hasyl toýy mynasybetli Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän çagalara hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan süýjüliklerdir ýörite sowgatlar gowşuryldy. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneleriň hormatyna şeýle çäreleriň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň, aýratyn-da, howandarlyga mätäç çagalaryň döwletimiz tarapyndan uly üns-alada bilen gurşalyp alnandygynyň beýanydyr.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.