Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
Çap edildi 12.11.2025
2387

Hormatly ulag-aragatnaşyk pudagynyň işgärleri!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi ata Watanymyzda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary durmuşa ornaşdyrmakda, ulag-aragatnaşyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara serginiň we ylmy maslahatyň hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Häzirki wagtda Diýarymyzda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, häzirki zaman ulag düzümini döretmäge, durmuş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen iri maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan amatly geoykdysady çäkde ýerleşmek bilen, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça täze üstaşyr ulag düzümlerini döretmekde uly işler alnyp barylýar. Munuň özi Ýewraziýa giňişliginde özara bähbitli sebit we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Biz dünýäniň ösen innowasion tehnologiýalaryna daýanyp, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn özgertmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Sanly tehnologiýalaryň gurluşyny, maddy-tehniki, hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri we iri taslamalary durmuşa geçirýäris. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek, elektron hökümet ulgamyny ornaşdyrmak, emeli aň we bulut tehnologiýasynyň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem uly üns berilýär. Alnyp barylýan işleriň çäklerinde öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň iň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylýar, internet ulgamynyň mümkinçilikleri giňeldilýär.

Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Türkmenistanyň halkara giňişlikde eýeleýän orny barha pugtalanýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyp ulanmaga berilmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Häzirki wagtda bolsa Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar aralygynyň hem-de «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ähli pudaklarda işleri ýokary derejede alyp barmakda we ykdysady-durmuş amatlyklaryny döretmekde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda öňde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge şert döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen döwrebap talaplara laýyk gelýän «akylly» şäher bolan Arkadag şäherine öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ak pata bermegi bilen, täze şäheriň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli aragatnaşyk we internet ulgamynyň 5G tehnologiýasy işe girizildi.

Ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň ähmiýeti örän uludyr.

Hormatly ulag-aragatnaşyk pudagynyň işgärleri!

Gadyrly myhmanlar!

Halkara derejedäki bu ýöriteleşdirilen forumlaryň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda hem-de özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda, olary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn. Sizi «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara serginiň we ylmy maslahatyň hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
top-arrow