Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 11.11.2025
2769

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandany kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmelerine ýokary baha berýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz iri maliýe düzüminiň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, onuň saparynyň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de saparynyň dowamynda geçirjek gepleşikleriniň netijeli bolmagyny arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, geçen 25 ýylyň içinde Aziýanyň ösüş banky ýurdumyzda birnäçe taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşdy. Şol taslamalar dürli ugurlary, hususan-da, elektroenergetika, üpjünçilik we demir ýol ulgamlaryny öz içine alyp, Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýe boldy. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýurdumyz boýunça kabul edilen hyzmatdaşlyk strategiýasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalar Watanymyzyň ykdysady, söwda, ulag, energetika ulgamlaryny ösdürmäge hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýär. Türkmenistanda ilata hödürlenilýän saglyk hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak, döwrebap lukmançylyk merkezlerini gurmak we lukmanlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak işine aýratyn üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Aziýanyň ösüş banky bilen ýurdumyzyň banklarynyň we hususy ulgamynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze, has netijeli görnüşleriniň ulanylmagyny goldaýandygyny belledi. Şunda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlary işjeňleşdirilmelidir. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17-nji maýynda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu bolsa “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherinde energetika, suwy we energiýany tygşytlamak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýol açýar. Ýangyç-energetika pudagynda özara hereketleri pugtalandyrmak hem möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kanda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

***

Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandanyň ýurdumyza saparynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Aşgabat şäherinde lukmançylyk orta okuw mekdebiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda tehniki kömek babatda hyzmatdaşlyk hakynda resminama gol çekildi.

Soňky habarlar
14.05
Himiýa senagatynyň ylmy mümkinçilikleri
14.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kazan şäheriniň «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyndaky ÇYKYŞY
14.05
Gahryman Arkadagymyzyň RF-niň Tatarystan Respublikasyna sapary tamamlandy
13.05
Paýtagtymyzda GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady
13.05
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler
13.05
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy
13.05
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
13.05
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
top-arrow