Şu gün Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy.
Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gaznanyň çagalaryň saglygyny goramaga we olaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer işine ýokary baha berdi.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti BMG-niň wekilini mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri BMG-niň doly hukukly agzasy bolup durýandygyny we gurama bilen jemgyýetiň durmuşynyň ähli esasy ulgamlaryny öz içine alýan netijeli hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.
Oguljahan Atabaýewa haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işinde çagalaryň saglygy, ösüşi, bilimi, durmuş üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň aýratyn orun eýeleýändigini aýdyp, BMG-niň hut şu meseleler boýunça işleýän ýöriteleşdirilen edaralarynyň bardygyny kanagatlanma bilen nygtady. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Şu ýylyň martynda gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara maslahatda degişli resminama gol çekilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler şu ýylyň dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahata taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmegi maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrar.
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň giň gerimli forumlaryň geçirilýän ýerine öwrülendigini aýtdy. Şu ýylyň awgustynda geçirilen ýokary derejeli halkara maslahat hem munuň aýdyň güwäsidir. Onuň jemleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmek ugrunda öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. D.Şlapaçenko Awazada guraljak halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen jemgyýetinde zenan ýolbaşçylar dürli ulgamlarda, şol sanda syýasatda, işewürlikde, jemgyýetçilik hereketinde möhüm orny eýeleýärler. Olar gender deňligini ilerletmäge ýardam bermek bilen, jemgyýetiň öňünde durýan wajyp meseleleri çözmäge hem işjeň gatnaşýarlar. Zenanlar barada alada, olaryň jemgyýetdäki ornuny berkitmek, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan halkara gatnaşyklarda “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly filosofiýa eýermek bilen, gender syýasaty babatda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleri durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşýär. Türkmenistanyň bu ugurdaky hereketleri halkara derejede, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde goldaw tapýar. Bu babatda alnyp barylýan işler media giňişliginde hem giňden beýan edilýär.
Duşuşykda Türkmenistanyň sebitiň taryhynda ilkinji bolup Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edendigi nygtaldy. Bu dialog sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek işinde zenanlaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu düzüm türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň gatnaşmagynda döredildi. Dmitriý Şlapaçenko BMG-niň Türkmenistanyň gender deňligini, şol sanda zenanlaryň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna, bilime elýeterliligini üpjün etmek boýunça edýän tagallalaryna ýokary baha berýändigini we goldaýandygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko şu duşuşygyň çagalaryň we zenanlaryň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge itergi berjekdigine ynam bildirdiler.