Şu gün Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynda «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş - 2025» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Möhüm strategik pudaklarda sebit we halkara hyzmatdaşlygy, işewürligi ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýan bu çäreler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ilkinji gezek bitewi meýdançada utgaşdyrylyp geçirilýär.

Munuň özi ýurdumyzdan we daşary döwletlerden ugurdaş kompaniýalaryň we guramalaryň wekilleriniň bir ýere jemlenmegini üpjün etdi. Şolaryň hatarynda ABŞ, Azerbaýjan, BAE, Beýik Britaniýa, Belarus, Gazagystan, Germaniýa, Finlýandiýa, Fransiýa, Russiýa, Hytaý, Şweýsariýa, Ýaponiýa ýaly onlarça döwletden 80-den gowrak kompaniýanyň wekilleri gatnaşýarlar. Olaryň köpüsi ýurdumyzy sanly we öňdebaryjy tehnologiýalaryň binýadynda iň ösen döwletleriň derejesine çykarmak, sebitiň we dünýäniň möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmak boýunça iri taslamalara işjeň gatnaşyjylardyr. Birnäçe kompaniýalar bolsa depginli ösýän türkmen bazary üçin özleriniň hödürleýän harytlary we hyzmatlary bilen türkmen paýtagtynda geçirilýän çärelere gatnaşýarlar.


Dabara Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Çärede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergisine we ylmy maslahatyna hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Utgaşykly geçirilýän bu forum köp sanly çärelere baýdygy bilen tapawutlanýar. Bu çäreler sanly jemgyýetiň işjeň gatnaşyjylary bolan ýaşlar üçin aýratyn möhüm ähmiýetlidir.