Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde ugurdaş çäreleriň birnäçesiniň guramaçysy bolup çykyş etdi
Jemgyýet
Türkmenistan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde ugurdaş çäreleriň birnäçesiniň guramaçysy bolup çykyş etdi
Çap edildi 06.08.2025
339

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty köp formatly we köpugurly wakadyr. Türkmenistan kabul ediji ýurt hökmünde oňa gabatlap, häzirki şertlerde DÇBÖBD-niň möhüm meseleleriniň netijeli çözgütlerini gözlemek bilen baglanyşykly milli çäreleriň birnäçesini taýýarlady. Olary guramaga ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de bilermenleri gatnaşdylar.

Şeýlelikde, 6-njy awgustda ýaşlara bagyşlanan çäre geçirildi. Ýaşlara düýpli özgertmeleri üpjün etmäge hem-de halkara derejede çözgütleri kabul etmek işine işjeň gatnaşmaga ukyply esasy jemgyýetçilik güýji hökmünde garalýar. Birleşen Milletler Guramasy ýaşlary dünýä işlerine çekmäge uly üns bermek bilen, olary durnukly ösüşiň möhüm şerti, özgertmeleriň hereketlendiriji güýji we ýagty geljegi gurmak üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan raýatlar hasaplaýar. BMG-niň bu çemeleşmesi Türkmenistanyň garaýyşlaryna laýyk gelýär. Döwletimiz ýaşlar syýasatyna ileri tutulýan ugurlaryň biri, ýaşlara bolsa Watanymyzyň geljegini kesgitleýän strategik güýç hökmünde baha berýär.

Çäräniň çäklerinde milli ýaşlar syýasatynyň konseptual, hukuk, durmuş-ykdysady meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, döwletimiz iri halkara forumlara we duşuşyklara işjeň gatnaşýan ýaşlaryň döredijilikli başlangyçlaryny hem-de pikirlerini goldaýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda nygtaýşy ýaly, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň esasy maksady Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden, ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmekden ybaratdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça bu Kanuna birnäçe möhüm üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bularyň ählisi ýaş nesil barada hemmetaraplaýyn goldawyň we aladanyň, ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna, ylmy-tehnologik ösüşe we ýurdumyzyň dünýäniň sanly giňişligine ýakynlaşmagyna, döwletimiziň halkara abraýyny artdyrmaga işjeň gatnaşmagy babatda giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistanda ýaşlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramaga, olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen beýleki kanunlaryň hem-de maksatnamalaryň birnäçesi hereket edýär. Ýurdumyz ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegine, bilimine we saglygyny goramaga işjeň raýat garaýyşlaryny kemala getirmäge maýa serişdelerini gönükdirýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, ylmy işleriň we ýaşlaryň sanly taslamalaryny, bäsleşiklerini, ýaş nesliň zehinli wekillerini ýüze çykarmaga gönükdirilen dürli döredijilik gözden geçirişleri guraýar.

Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda ýaşlar telekeçiligini goldamaga uly ähmiýet berilýär. Ykdysadyýetiň innowasion we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginde, onuň sanlylaşdyrylmagynda ýaşlara möhüm orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy” esasynda ýaş nesliň wekilleriniň sebit we ählumumy ýaşlar maksatnamalaryna hem-de taslamalaryna gatnaşmagy, beýleki ýurtlar bilen tejribe alyşmak işi höweslendirilýär.

Umuman, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň işine ýaşlar meselesiniň goşulmagy olaryň öz ýurtlaryndaky we sebitlerdäki düýpli özgertmelere çekilmegine hem-de olaryň geljegi babatdaky jogapkärçilige düşünmäge ýardam edýär.

Şeýle hem şu gün durnukly energetika boýunça çäre geçirildi. BMG durnukly energetikany ileri tutulýan ykdysady, durmuş we tebigaty goramak meselelerini çözmegiň möhüm şerti hökmünde kesgitleýär. Ol Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň we hemmeler üçin oňat geljegi üpjün etmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Gazylyp alynýan ýangyjyň ekologik howpsuzlygy we durmuş artykmaçlyklaryny, sazlaşykly energetika geçelgeleriniň döredilmegini üpjün edýän durnukly energetika deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri (GDEÇ) onuň esasy hasaplanylýar. Geotermal we bioenergiýa GDEÇ-niň görnüşleriniň biridir. Dikeldilýän energetikanyň ekologiýa babatda artykmaçlygy parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň we daşky gurşawy hapalaýan beýleki zyýanly maddalaryň azalmagy bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi howanyň üýtgemegi bilen şertlendirilen meseleler babatda örän wajypdyr. Durmuş babatda GDEÇ-niň ösdürilmegi täze iş orunlarynyň döredilmegine, önümçiligiň ösdürilmegine, döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylmagyna we olara hyzmat edilişini gowulandyrmaga ýardam eder.

Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna we şol bir wagtyň özünde gaýtadan dikeldilýän, arassa energetika ulgamynda uly kuwwata eýe bolan döwlet bolup durýar. Ýurdumyz bu mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak boýunça yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär. Balkan welaýatynda kuwwaty 10 MWt bolan utgaşykly Gün-ýel elektrik stansiýasynyň gurulmagyny munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar.

Türkmenistanyň halkara başlangyçlara goşulmagy we degişli Kanunlaryň kabul edilmegi hem gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek babatda uly tagallalaryň edilýändigini görkezýär. 2021-nji ýylyň mart aýynda “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun daşky gurşawy goramaga, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga hem-de “ýaşyl” ykdysadyýete geçmäge gönükdirilendir. Energetika boýunça ösüşi ylmy-tehniki babatda üpjün etmek maksady bilen, Mary şäherindäki Döwlet energetika institutynyň binýadynda Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça ylmy-önümçilik merkezi döredildi.

Türkmenistan özüniň durnukly energetikasynyň nusgasyny döretmekde köp babatda abraýly halkara guramalar we düzümler bilen köpugurly hyzmatdaşlyga daýanýar. Metanyň zyňyndylarynyň azaldylmagyna aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň dekabrynda Dubaýda geçirilen COP-28 maslahatynda ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasyna (GMP) resmi taýdan goşuldy. Şundan ugur alnyp, geçen ýylyň noýabr aýynda 2025-2026-njy ýyllar üçin degişli “Ýol kartasy” kabul edildi. Onda energetika pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de beýleki degişli çäreleri amala aşyrmak arkaly, 2030-njy ýyla çenli metanyň zyňyndylaryny azaltmak, şeýlelikde, bu ulgamda dünýä bileleşiginiň tagallalaryna ýardam bermek boýunça Türkmenistanyň maksatlary tassyklanylýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariaty, BMG-niň ugurdaş düzümleri, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara agentlik we beýlekiler bilen netijeli gatnaşyklar göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan durnukly energetikany ösdürmäge çalyşýandygyny görkezmek bilen, giň möçberli energetika taslamalaryna, şol sanda iri “Galkynyş” gaz känini işläp özleşdirmäge ekologiýa standartlaryny işjeň ornaşdyrýar.

Şeýle hem häzirki dünýä gün tertibiniň möhüm meselesi bolan sirkulýar ykdysadyýet boýunça ugurdaş çäre geçirildi. Ýokary tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýet önümçiligiň we sarp edişiň netijeli hem-de ekologiýa taýdan howpsuz nusgasy bolup durýar. Munuň esasy ýörelgeleri serişdeleriň täzelenmegine, çig malyň gaýtadan işlenilmegine, gazylyp alynýan ýangyçdan energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmaga geçmäge daýanýar. Munuň özi daşky gurşawy aýawly saklamaga ýardam edýär.

Sirkulýar ykdysadyýetiň ykdysady taýdan bähbitliligi kärhanalar üçin önümçilik çykdajylarynyň azaldylmagy, innowasiýalaryň höweslendirilmegi, täze bazarlaryň we iş orunlarynyň döredilmegi bilen baglanyşyklydyr. Durmuş babatda oňa geçmek ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Umuman, sirkulýar ykdysadyýete uzak möhletli durnukly ykdysady ösüş üçin esas hökmünde garalýar. Onuň has jogapkärli sarp edişi kemala getirmäge ýardam edýändigi hem örän wajypdyr. Bularyň ählisi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça tagallalarda DÇBÖBD üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Baý tebigy serişdelere eýe bolan Türkmenistan sirkulýar ykdysadyýete geçilmegine olary ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, daşky gurşawa ýaramaz täsiri azaltmak, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin möhüm gural hökmünde garaýar. Innowasiýalary we hususy ulgamyň işjeň gatnaşmagyny talap edýän sirkulýar ykdysadyýet ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär.

Ykdysadyýeti ösdürmek ugrundaky tagallalar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy babatda hem uly ähmiýete eýedir. Onda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge aýratyn üns berilýär. 2024-nji ýylyň 6-njy iýulynda Aşgabat şäherinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda geçirilen gepleşiklerde ýurdumyzyň Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ählumumy Çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklibiniň üstünde durlup geçildi. Bu teklip ilkinji gezek türkmen wekiliýeti tarapyndan Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde beýan edildi. Bu maksatnamany taýýarlamakda esasy dört ýörelgeden ugur almak göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda umumy standart görkezijiler we hasabatlylyk, aýratyn möhüm serişdeler ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk, sirkulýar ykdysadyýetiň tehnologiýalarynyň ählumumy innowasion gaznasyny döretmek ýaly ugurlar bar.

Serişdeleri rejeli ulanmak ýörelgelerine esaslanýan ykdysadyýete geçmek babatda Türkmenistanyň tagallalarynyň netijeliligi CirculEC, GDCAU we ESGCA ýaly taslamalara, durnukly ösüşi we bilim maksatnamalaryna uýgunlaşmagy üpjün etmäge gönükdirilen beýleki halkara başlangyçlara gatnaşmagy bilen tassyklanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alymlarynyň işläp taýýarlamalarynyň tejribä giňden ornaşdyrylmagy sirkulýar ykdysadyýetiň netijeliligini hem-de ekologiýa babatda bähbitliligini ylmy taýdan esaslandyrýar. Ýurdumyzyň ykdysady toplumynyň ähli ulgamlarynda, şol sanda senagatda, ulagda we gurluşykda ekologiýa taýdan arassa, energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ulanylmagy hem sirkulýar ykdysadyýetiň görkezijilerine laýyk gelýär. Bu ugurda toplumlaýyn döwlet strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagy, ugurdaş kanunçylyk-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi, degişli infrastrukturanyň döredilmegi, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, mowzuklaýyn maglumat çäreleriniň geçirilmegi Türkmenistanyň sirkulýar ykdysadyýete doly derejede geçmegine ýardam eder.

Şeýlelikde, ýurdumyz köp ugurlar boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmaga saldamly goşant goşýar.

Soňky habarlar
09.08
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
08.08
Umumy maksat — röwşen geljegi gurmak
08.08
BMG-niň wekilçilikli forumy öz işini tamamlady
08.08
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy tarapyndan hödürlenen Awaza syýasy Jarnamasy
08.08
Awaza geljekki ösüşler üçin täze mümkinçilikleri açyp, raýdaşlygyň we hyzmatdaşlygyň merkezine öwrülýär
08.08
Medeniýet halklary ýakynlaşdyrýar
07.08
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
07.08
Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy
07.08
Umumy maksatlara ýetmek üçin özara hereketler ilerledilýär
07.08
Abadan geljegiň hatyrasyna tagallalary birleşdirip
top-arrow