Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy
Jemgyýet
Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy
Çap edildi 07.08.2025
111

 Şu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde zenan ýolbaşçylaryň “Ygrarlylykdan özgertmelere: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerledýän zenanlar” atly duşuşygy geçirildi. Oňa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy bu ýurtlarda ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, dürli meseleleri çözmäge gönükdirilendir. Bu maksatnamany durmuşa geçirmäge zenanlaryň işjeň gatnaşmagy bolsa durnukly ösüşi gazanmaga ýardam berýän möhüm şertleriň biri bolup çykyş eder. Hereketleriň Awaza maksatnamasyny amala aşyrmaga zenanlaryň doly we deňhukukly gatnaşmagyny üpjün etmek üçin ýokary derejede syýasy goldawy bermek, gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, tejribe alyşmak üçin meýdançany döretmek maksady bilen, bu ýurtlarda gender deňligini gazanmak hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek babatda öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdyrmak, agzalan maksatnamanyň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmäge ýardam berjek zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin maslahatlary işläp taýýarlamak, zenanlaryň tehnologiýalara, maliýe serişdelerine elýeterliligini giňeltmek üçin tagallalary birleşdirmek bu forumyň esasy maksatlarydyr.

Häzirki zaman jemgyýetinde zenan ýolbaşçylar dürli ulgamlarda, şol sanda syýasatda, işewürlikde, jemgyýetçilik hereketinde möhüm orny eýeleýärler. Olar gender deňligini ilerletmäge ýardam bermek bilen, jemgyýetiň öňünde durýan möhüm meseleleri çözmäge hem işjeň gatnaşýarlar. Soňky ýyllarda döwlet düzümlerinde, iri kompaniýalarda ýokary wezipeleri eýeleýän zenanlaryň sany barha artýar. Zenan ýolbaşçylar ýaş nesli jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaga, gender deňligine ruhlandyryp, özgertmeleriň nyşany bolup durýarlar. Olaryň syýasata gatnaşmagy çözgütleri kabul etmekde has inklýuziw çemeleşmäni gazanmaga ýardam berýär.

Zenan ýolbaşçylar işewürlikde hem işjeň orny eýeleýärler. Olaryň täzeçil pikirleri, özboluşly çemeleşmeleri işi netijeli guramaga goşant goşýar. Zenanlar jemgyýetde zenanlaryň we çagalaryň hukuklaryny goramak ugrunda çykyş edip, bu meselelere aýratyn üns çekýärler. Mundan başga-da, olar bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda möhüm orny eýeleýärler. Olaryň bu ulgamlarda alyp barýan işi sagdyn, bilimli jemgyýeti kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzyň gender deňligi babatynda gazanan üstünlikleri barada aýdylanda, Türkmenistanyň erkekleriň we zenanlaryň döwleti dolandyrmak işlerine deňhukukly gatnaşmagy, olaryň iş şertlerini gowulandyrmak üçin hukuk gurallaryny hem-de kepillikleri berýändigini bellemek gerek. Zenanlar baradaky alada, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz “Dialog — parahatçylygyň kepili” ýörelgesine eýermek bilen, gender syýasaty babatda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleri durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşýär. Türkmenistanyň bu ugurdaky hereketleri halkara derejede, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda goldaw tapýar.

Zenanlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny zenanlardyr erkekleriň döwlet düzümlerine, öz işewürligini ösdürmäge sazlaşykly gatnaşmagynyň möhüm hukuk gurallaryny we olary gazanmagyň kepilliklerini düzgünleşdirýär. Türkmen zenanlary dürli pudaklarda zähmet çekýärler, telekeçilik bilen işjeň meşgullanýarlar, ösüp gelýän ýaş nesli parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ruhunda terbiýelemäge, ruhy gymmatlyklary gorap saklamaga gatnaşýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistanda zenanlar döwlet häkimiýetiniň ähli düzümlerinde, hususan-da, milli parlamentde giňden wekilçilik edýärler.

Türkmenistanyň sebitiň taryhynda ilkinji bolup Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edendigini nygtamak gerek. Bu dialog sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek işinde zenanlaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu düzüm türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň gatnaşmagynda döredildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmek üçin netijeli ýollary işläp taýýarlamak, bu mümkinçilikleri ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, ösüşi pugtalandyrmagyň bähbidine ulanmakda hyzmatdaşlyk etmek zenanlar dialogynyň ileri tutýan ugurlarydyr. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň işini giňeltmek maksady bilen, türkmen tarapy häzirki wagtda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda başlangyçlardyr teklipler bilen çykyş edýär.

Dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýan bu başlangyçlar goňşuçylygyň taryhy köklerine, özara hormat goýmaga, dost-doganlyga, sebitiň halklarynyň ruhy ýakynlygyna esaslanýan köpugurly dialogy hemmetaraplaýyn esasda mundan beýläk-de ösdürmäge gönüden-göni ýardam eder. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, şu günki duşuşygyň tejribe alyşmak, çözgütleri işläp taýýarlamak, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin özboluşly meýdança bolup durýandygyny belledi. BMG zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilýän maýa goýumlaryň geljege goýulýan maýa goýumlardygyna berk ynanýar. Bu tagallalar geljekde uly ykdysady bähbitleri getirer.

Hanym Rabab Fatima Hereketleriň Awaza maksatnamasynda gender deňligini üpjün etmek boýunça wezipeleriň göz öňünde tutulandygyny we olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň DÇBÖBD-de zenanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini oňyn çözmäge ýardam berjekdigini nygtady.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýäniň döwletleri bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigine ünsi çekip, munuň öňdebaryjy tejribäni alyşmaga, halkara gatnaşyklarda ýaşlaryň we zenanlaryň eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam berýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, zenanlar häzirki we geljek nesilleriň öňünde jogapkärli, ynsanperwer wezipäni ýerine ýetirýärler. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilýän zenan ýolbaşçylaryň forumy hem durnukly ösüşiň bähbidine parahatçylygy, ynanyşmagy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlerde zenanlaryň mümkinçiliklerini açmaga itergi berýär.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetdäki eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, olaryň hukuklaryny goramak, gender deňligini üpjün etmek boýunça işlerde Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alynýandygyny belledi.

Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa şu forumyň Türkmenistanda geçirilmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini nygtap, diňe bir Türkmenistanyň zenanlarynyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek meselesine berýän hemişelik ünsi we goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Tanzila Narbaýewa çykyşynda zenanlaryň ykdysady we syýasy durmuşa giňden gatnaşmagyny üpjün etmek üçin öňdebaryjy tejribäni öwrenmegi işjeň dowam etdirmek, sebit derejesinde dürli çäreleri guramak, zenanlaryň çözgütleri kabul etmek işine gatnaşmagyny giňeltmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tejribesini içgin öwrenmek, zenanlaryň telekeçiligini goldamak maksady bilen, işewürlik forumlaryny guramak, zenanlary Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge giňden çekmek bilen baglanyşykly teklipleri beýan etdi.

Ol zenan ýolbaşçylaryň geljek on ýyl üçin niýetlenen Hereketleriň täze maksatnamasyny amala aşyrmaga mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirip, türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet sekretary Marýam bint Ali Al-Misned bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallygyny beýan etdi hem-de şu günki forumyň geçirilmeginiň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde zenanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmek üçin tagallalaryň birleşdirilýändiginiň subutnamasy bolandygyny aýtdy. Şeýle-de ol çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we onuň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň alyp barýan ynsanperwer işlerine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, munuň özi Türkmenistanda gender deňliginiň üstünlikli üpjün edilýändigine, zenanlaryň türkmen jemgyýetinde mynasyp orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär.

Parlamentara Birleşigiň Ýerine ýetiriji komitetiniň wise-prezidenti Sewil Mikailowa çözgütleri kabul etmek işinde zenanlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmegine döwlet dolandyryşyny pugtalandyrmagyň, syýasatyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, ösüşiň inklýuziw netijelerini gazanmagyň synagdan geçen strategiýasy bolup durýandygyny belledi. Hanym Sewil Mikailowa çykyşynda Hereketleriň Awaza maksatnamasyna ünsi çekdi. Bu resminamada gender deňliginiň üpjün edilmeginiň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda möhüm orun eýeleýändigi nygtalýar. Parlamentara Birleşigiň Ýerine ýetiriji komitetiniň wise-prezidenti duşuşyga gatnaşyjylary DÇBÖBD-de özara baglanyşygy we ykdysady mümkinçilikleri ösdürmek bilen bir hatarda, hemmeler üçin deňhukukly, durnukly jemgyýetleri döredýän syýasaty emele getirmek maksady bilen, çözgütleri kabul etmek işinde zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek üçin tagallalary birleşdirmäge çagyrdy.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory Iwana Žiwkowiç bu çäräni guraýandygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirip, Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde zenanlaryň ähmiýetli ornuny belledi. “Gender deňliginiň üpjün edilmegi anyk çäreleri talap edýär we Hereketleriň Awaza maksatnamasy munuň üçin mümkinçilik açýar” diýip, Iwana Žiwkowiç nygtady hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň zenanlaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin hökümetler, raýat jemgyýeti we hususy pudak bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Soňra çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi. Oguljahan Atabaýewa hemmeleri “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda mähirli mübärekläp, bu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde örän möhüm maksat üçin jemlenendiklerini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ykdysady, durnukly ösüş barada aýdylanda, bu işiň aýrylmaz bölegi bolup durýan zenanlaryň ähmiýetli ornuna ünsi çekmezlik mümkin däl. Zenanlar öz dürli mümkinçiliklerini ulanyp, jemgyýetiň abadançylygyna, ösüşine saldamly goşant goşýarlar. Ýöne ösüş diňe tehnologiýalaryň, önümçiligiň ösüşi hem-de innowasiýalar bilen çäklenmeýär. Bu düşünje tutuş taryhyň dowamynda özüniň ukyplylygyny subut eden ruhy-ahlak gymmatlyklary, durmuş institutlary bilen baglanyşyklydyr. Ula hormat goýmak, ýaşuly we ýaş nesliň arasyndaky gatnaşyklar, däp-dessurlaryň dowamatlylygy, sylag-hormat, halallyk, geçirimlilik, jogapkärçilik maşgala terbiýesiniň esasyny düzýär. Şunuň bilen baglylykda, zenanlara ene bolmak, maşgala ojagyny goramak ýaly beýik, asylly we örän möhüm wezipe berilýär. Çaganyň ömrüniň ilkinji gününden başlap, enäniň öňünde ony durmuşa ugrukdyrmak we geljeginiň berk binýadyny goýmak boýunça jogapkärçilik durýar.

“Maşgala gymmatlyklary diňe bir ýakyn adamlary baglanyşdyrýan kadalar bolman, eýsem, terbiýäniň hem esasyny düzýär. Bu gymmatlyklar adamy şahsyýet hökmünde kemala getirmekde wajyp orun eýeläp, maşgalany, umuman, jemgyýeti pugtalandyrmaga ýardam berýär” diýip, gaznanyň wise-prezidenti aýtdy we Türkmenistanda zenanlaryň ähli ulgamlarda, şol sanda ylymda, bilimde, medeniýetde, hususy pudakda zähmet çekýändiklerini, döwlet häkimiýeti edaralarynda ýolbaşçy wezipelerde işleýändiklerini belledi.

Oguljahan Atabaýewa sözüni dowam edip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hökmünde bu düzümiň alyp barýan işleri barada aýdyp geçdi. Bellenilişi ýaly, gaznanyň durmuşa geçirýän işinde çagalara we olaryň beden, ruhy taýdan saglygyny goramaga aýratyn üns berilýär. Gazna hemaýata mätäç çagalara tölegsiz lukmançylyk kömegini bermek üçin Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de ýurdumyzyň beýleki degişli edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Ata-enesiniň howandarlygyndan jyda düşen çagalara kömek bermäge aýratyn üns berilýär. Şu ýyl gaznanyň esaslandyrylmagynyň dört ýyllygy bellenildi. Şol döwrüň içinde ol köp sanly haýyr-sahawat çärelerini, şol sanda 500-den gowrak neýrohirurgik, ortopedik, kardiohirurgik operasiýalary maliýeleşdirdi.

“Gaznanyň ýanynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi ýerleşýär. Bu ýerde dürli ýaşdaky çagalara gündelik tölegsiz esasda sagaldyş-dikeldiş hyzmatlary ýerine ýetirilýär. Gazna çagalaryň ýaşaýyş-durmuşyny, olara ýerine ýetirilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak hem-de jemgyýete uýgunlaşdyrmak boýunça birnäçe giň möçberli taslamalary, maksatnamalary amala aşyrdy” diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy we bu düzüm tarapyndan alnyp barylýan işlerde lukmançylygyň iň döwrebap usullaryny peýdalanmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary, çaga lukmançylygy ulgamyndaky dünýä tejribesini ornaşdyrmaga çalşylýandygyny nygtady.

“Biz öňdebaryjy tejribäni öwrenmek hem-de alyşmak üçin halkara hyzmatdaşlyga açykdyrys. Sagdyn nesli kemala getirmek üçin zenanlara, olaryň beden we ruhy saglygyna aýratyn üns bermek, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmaklary üçin şertleri döretmek zerurdyr. Eneligi, çagalygy goramak, maşgala gymmatlyklaryny berkarar etmek, zenanlaryň döredijilik we intellektual mümkinçiliklerini ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar” diýip, gaznanyň wise-prezidenti sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň kanunçylygynda köp çagaly maşgalalara durmuş goldawynyň göz öňünde tutulýandygyny, zenanlaryň hukuklarynyň kepillendirilýändigini aýratyn belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda zenanlaryň eýeleýän orny gender deňligini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn strategiýa bilen kesgitlenilýär. Bu strategiýa Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara borçnamalara hem-de Pekin jarnamasynyň, Hereketleriň platformasynyň maslahatlaryna, Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky Konwensiýa laýyklykda erkeklerdir zenanlar üçin deň hukuklary we azatlyklary üpjün edýär. Oguljahan Atabaýewa haýyr-sahawat gaznasynyň zenanlaryň we çagalaryň bähbidine ähli möhüm, peýdaly ynsanperwer taslamalara işjeň gatnaşmaga çalyşýandygyny hem-de ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen saglygy goraýyş, ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny aýdyp, hemmelere berk jan saglyk, rowaçlyk, asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa öz çykyşyny Tereza enäniň: “Zenanlar öýüň ýüregidir. Geliň, biziň — zenanlaryň durmuşynyň esasy manysyna, ýagny söýmek, söýülmek we söýgi arkaly tutuş dünýäde parahatçylyk dörediji bolmalydygymyza düşünmek üçin bilelikde doga-dileg edeliň!” diýen jümlesi bilen tamamlady.

Interaktiw ara alyp maslahatlaşmalarda bellenilişi ýaly, zenanlaryň ykdysady hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek hemmeler üçin has inklýuziw, durnukly geljegi döretmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Ýokary hilli bilim zenanlara öz döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, ýurtlarynyň ykdysady ösüşine goşant goşmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşyjylar başlangyç bilimden başlap, ýokary bilime çenli ähli tapgyrlarda zenanlara bilime elýeterliligi üpjün etmegiň möhümdigini nygtadylar. Şunuň bilen birlikde, zenanlaryň zähmet çekmegi, bilim almagy, telekeçilik ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmek zerur bolup durýar. Şunda zenanlara lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün edýän, saglyklary barada esaslandyrylan çözgütleri kabul etmäge ýardam berýän maksatnamalary işläp taýýarlamagyň we olary goldamagyň möhümdigi bellenildi.

Çykyş edenler zenanlaryň ykdysady mümkinçiliklerini we hukuklaryny giňeltmegiň durnukly ykdysady ösüş üçin zerur şert bolup durýandygyny, şoňa görä-de, her bir zenanyň öz döredijilik kuwwatyny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýän gurşawy döretmek üçin döwlet düzümlerinden başlap, hususy ulgama, raýat jemgyýetine çenli ähli derejelerde tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny tassykladylar. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda zenanlaryň syýasy çözgütleri kabul etmäge gatnaşmagynyň has inklýuziw netijeleri gazanmaga ýardam berýändigi bellenildi. Çykyş edenler öz ýurtlarynda bu ugurda durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdyrdylar.

Häzirki zaman dünýäsinde durmuş we medeni ösüş jemgyýetiň umumy durnukly ösüşiniň möhüm ugry bolup durýar. Zenanlaryň medeni durmuşa, ylma, bilime, tehnologiýalara işjeň gatnaşmagyny goldamak durmuş jebisligini pugtalandyrmaga, deňhukukly jemgyýeti kemala getirmäge ýardam berýär. Maliýeleşdirme maksatnamalary, sergiler, festiwallar we beýleki çäreler arkaly zenanlaryň döredijiligini goldamak olaryň öz zehinlerini açyp görkezmäge elýeterliligini üpjün etmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Şeýle başlangyçlar medeniýeti, sungaty ösdürmäge ýardam bermek bilen bir hatarda, jemgyýetiň dürli toparlarynyň arasynda dialog we özara düşünişmek üçin hem gurşawy döredýär.

Soňky ýyllarda zenanlaryň syýasata gatnaşmagy jemgyýetçilik, ykdysady özgertmeler baradaky halkara forumlarda ara alnyp maslahatlaşylýan esasy meseleleriň birine öwrüldi. Bu meseläniň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilýän zenan ýolbaşçylaryň duşuşygynyň hem gün tertibine girizilmegi zenanlaryň ähli derejede syýasy proseslere işjeň gatnaşmagynyň ähmiýetini açyp görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşyjylar Hereketleriň täze maksatnamasyny durmuşa geçirmek işinde zenanlaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin dürli maksatnamalary döretmek arkaly bilime gönükdirilýän maýa goýumlary artdyrmagyň, zenan başlangyçlaryny goldamak boýunça maliýeleşdirme maksatnamalary arkaly zenan telekeçiligini ösdürmegiň, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde zenanlar guramalarynyň arasynda raýdaşlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.

Forumyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi. Bu resminamada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşýan zenan ýolbaşçylar gender deňliginiň, zenanlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň we durnukly ösüşiň aýrylmaz arabaglanyşygyny, şeýle hem inklýuziw ösüşe ýardam bermek üçin DÇBÖBD-de zenanlaryň hukuklaryny, mümkinçiliklerini üpjün etmegiň zerurdygyny ykrar etmek bilen, ähli ýolbaşçylary hem-de gyzyklanma bildirýän taraplary durmuşyň ähli ulgamlarynda gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge deňhukukly gatnaşmagy üçin şertleri döretmek ugrunda zerur çäreleri görmäge çagyrýarlar.

Türkmen tarapynyň wekiliniň jemleýji çykyşynda nygtalyşy ýaly, şu günki forumda zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy we her bir çykyş hem-de öňe sürlen pikir zenanlaryň durnukly ösüşi üpjün etmekde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça umumy tagallalara goşant boldy.

Foruma gatnaşyjylar çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanda geçirilýän çärä işjeň gatnaşandygy we beýan eden pikir-garaýyşlary üçin hemmelere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Oguljahan Atabaýewanyň nygtaýşy ýaly, biz adamlaryň abadançylygy we bagtyýarlygy ugrunda toplumlaýyn başlangyçlary goldaýarys. Diňe bilelikdäki tagallalar, birek-biregi hormatlamak we ynanyşmak arkaly üstünlikli netijelere ýetip bileris. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti bu işde zenanlaryň hem öňdebaryjy orny eýelemelidiklerini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, dünýäde howandarlyga, hemaýata mätäç çagalaryň ýagdaýyna ünsi çekmek isleýändigini aýtdy. “Bu meselede dünýä bileleşigi has işjeň we netijeli orun eýelemelidir. Şunuň bilen baglylykda, biziň ählimiziň eýerýän BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünlerine berk ygrarly bolup, mümkin boldugyndan, möhüm çözgütleri tapmagymyz zerurdyr” diýip, O.Atabaýewa sözüni jemledi.

Şeýlelikde, şu gezekki forum zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekip, olaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň, milli we halkara derejede syýasy çözgütleri kabul etmek işine işjeň gatnaşmaklarynyň durnukly ösýän jemgyýeti kemala getirmek üçin esasy şertleriň biridigini görkezdi.

Soňky habarlar
07.08
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
07.08
Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy
07.08
Umumy maksatlara ýetmek üçin özara hereketler ilerledilýär
07.08
Abadan geljegiň hatyrasyna tagallalary birleşdirip
07.08
Durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk
07.08
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerindäki ugurdaş çäreler
07.08
Parahatçylyk we ynanyşmak — ählumumy rowaçlygyň binýady
07.08
Infrastrukturanyň we üstaşyr geçelgeleriň döwrebaplaşdyrylmagy — ykdysady galkynyşyň möhüm şerti
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
top-arrow