Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Awazada Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çäreler geçirildi
Jemgyýet
Awazada Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çäreler geçirildi
Çap edildi 12.08.2025
31

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa güýje girdi. Bu resminama kenarýaka ýurtlaryň bäşisiniň wekilleri tarapyndan Tähranda 2003-nji ýylyň 4-nji noýabrynda gol çekilipdi. Tähran konwensiýasy diňe bir Hazaryň daşky gurşawyny mümkin bolan hapalanma çeşmelerinden goramak bilen çäklenmän, eýsem, onuň deňiz gurşawyny aýawly saklamaga, dikeltmäge, gorap saklamaga hem gönükdirilendir. Öňde goýlan wezipeler tebigaty goramagyň ykrar edilen halkara ýörelgeleriniň birnäçesine, hususan-da, Hazar deňziniň biologik baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawa ýetirilýän täsirlere baha bermäge, oňa gözegçilik etmäge esaslanýar. Bu maksatlara ýetmek üçin Hazarýaka döwletleriň özbaşdak ýa-da bilelikde ähli zerur çäreleri görmegi we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegi zerurdyr.

Hazar deňziniň gününi bellemek hakyndaky çözgüt 2007-nji ýylyň maýynda Baku şäherinde geçirilen Tähran konwensiýasynyň birinji maslahatynda Hazarýaka ýurtlar (Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Türkmenistan) tarapyndan kabul edildi.

Hazar deňzi bilen bagly meseleler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan Hazar meseleleri boýunça dialogyň işjeň gatnaşyjysy bolup, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Hazaryň deňiz gurşawyny gorap saklamaga gönükdirilen netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. Hazar deňzi dünýädäki umman gelip çykyşly iň iri içerki suw howdanydyr. Ol biziň günlerimize çenli öz ajaýyp gözelligini we tebigy künjekleriniň köpdürlüligini, baý ösümlik, haýwanat dünýäsini saklap galypdyr. Hazaryň ösümlik, haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemik bolup, sebitiň biologik köpdürlüliginiň gymmatly genofonduny düzýär. Ol ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, şol sanda Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilen seýrek duş gelýän we diňe şu ýere mahsus bolan köp sanly görnüşleriň ösýän, ýaşaýan künjegidir.

Ýurdumyzyň döwlet ekologiýa maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň binýadynda Hazarýaka sebitde ýaşaýan halklaryň, şol sanda dünýädäki ähli halklaryň abadançylygynyň hatyrasyna gönükdirilen, has anygy, täsin suw giňişliginiň baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak, deňziň düýbünde ýerleşýän mineral, uglewodorod serişdeleri rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň abadançylygyna aýawly çemeleşmek maksatlary durýar. Dünýäniň täsin tebigy «merjeniniň» şanyna guralan şu gezekki dabaralar hem Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň beýany boldy.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Hasyl» dynç alyş we sagaldyş merkezinde sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi. «Berkarar» myhmanhanasynda guralan «Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat baýramçylygyň esasy çäresi boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşky gurşawy goramak ministrligi we Hazar deňzi instituty tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde guralan bu foruma Hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzyň degişli düzümleriniň we ylmy jemgyýetçiliginiň hünärmenleri, Hazarýaka döwletleriň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň öňüsyrasynda myhmanhananyň eýwanynda Hazar deňziniň tebigy gözelliklerini, Diýarymyzyň tebigaty goramak ulgamynda ýeten sepgitlerini görkezýän sergi ýaýbaňlandyryldy.

Forumyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda Türkmenistanyň Hazar deňziniň sebitinde söwda-ykdysady, medeni-durmuş gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda Hazarýaka döwletleriň giň goldawyna eýe bolýan möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýändigi bellenilýär. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda birinji Hazar sammitiniň Aşgabat şäherinde geçirilmeginiň Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde wajyp ädim bolandygyny nygtaýar. Bu taryhy waka ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ilerledilmegi üçin berk binýat bolmak bilen, sebitde özara arkalaşykly hereket etmek üçin köp sanly meseleleriň çözülmegine uly badalga berdi. Aşgabat Hazar deňziniň meseleleri boýunça dialogyň düýpgöter täze formatynyň başy başlanan ýeri hökmünde taryha girdi.

2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekildi. Bu taryhy, binýatlaýyn resminamada Hazar sebitinde dürli ulgamlar boýunça özara gatnaşyklaryň kanuny düzgünleri beýan edilýär. Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny goramak babatda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 2012-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar ekologiýa forumy geçirilipdi.

Türkmenistan häzirki we geljek nesilleriň bähbidine, şol sanda Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleleri netijeli çözmek ugrunda sebitde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk, Hazarýaka döwletleriň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar bilen baglanyşan halklarynyň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanýan syýasaty durmuşa geçirýär. Hazar deňziniň seýrek tebigy baýlyklaryny aýawly gorap saklamak we netijeli peýdalanmak, ilata deňziň özboluşly ekologiýasy, biologik köpdürlüligi barada habar bermek, Hazarýaka sebitde daşky gurşawy goramak bilen bagly meselelere garamak we degişli teklipleri işläp taýýarlamak bu syýasatyň möhüm ugurlarydyr.

Forumyň dowamynda Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň ykdysady, durmuş, ekologik meseleleriniň birnäçesiniň çözgüdini özünde jemleýän wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler degişli ulgamda sebitiň döwletlerinde, şol sanda “Hazar ekologiýa maksatnamasy” atly sebit maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply işlere ünsi çekdiler. Bu maksatnama Hazar deňziniň ekologik meselelerini çözmäge, şol sanda ony hapalanmadan, biologik baýlyklarynyň tükenmeginden goramaga; häzirki meseleleri ýüze çykarmak we olaryň gerimine baha bermek üçin deňizde gözlegleri geçirmäge; hapalanma çeşmelerini ýüze çykarmaga; hapalanmanyň derejesini peseltmek we biologik baýlyklary dikeltmek arkaly Hazar deňzini halas etmek, onuň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky Konwensiýany işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Bellenilişi ýaly, Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň Hökümetleri tarapyndan tassyklanan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa (Tähran konwensiýasy) Hazar ekologiýa maksatnamasynyň möhüm üstünligi boldy. Häzirki wagtda bu resminamada kesgitlenen halkara hukuk esaslary Hazar meselesiniň dürli ugurlaryny kadalaşdyrmaga gönükdirilen täze hukuk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagynda we kabul edilmeginde öz beýanyny tapýar.

Maslahata gatnaşyjylar Hazar deňziniň kenarýaka zolagynyň tebigatyny goramak boýunça çäreleri düzgünleşdirýän başga-da birnäçe halkara resminamalaryň, şol sanda Eýranyň Ramsar şäherinde BMG-niň suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýerleri hökmünde halkara ähmiýetli Suw-batgalyk ýerler hakynda Konwensiýasynyň (Ramsar konwensiýasy) kabul edilendigini nygtadylar. Ol tutuşlygyna ekoulgamlaryň bir görnüşine ýa-da habitatlaryň bir görnüşine — haýsydyr bir anyk biologik görnüşiň ýa-da görnüşleriň ýaşaýan tebigy gurşawyna (tokaýlar, ýerasty gowaklar, köller, derýalar we beýlekiler) bagyşlanan ilkinji ählumumy halkara ylalaşykdyr.

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň, beýleki iri forumlaryň münberinden beýan eden daşky gurşawy goramak, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmäge, Hazar deňziniň ekologiýasyny goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek baradaky beýan eden teklibine ünsi çekdiler. Bu başlangyç Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioserişdelerini gorap saklamak, ekologik meselelerini çözmek bilen baglanyşykly wezipeleriň giň toplumy boýunça hünärmenleriň arasynda hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara meýdançany döretmäge gönükdirilendir.

Merkezi Aziýadaky we Hazar sebitindäki daşky gurşaw meseleleriniň giň gerimini göz öňünde tutup, şeýle hem parahatçylygy, howpsuzlygy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda ýöriteleşdirilen düzümleri — BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini hem-de ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýada suw serişdelerini peýdalanmak meseleleri boýunça sebit geňeşini döretmek baradaky başlangyçlary öňe sürdi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň deňiz, howa we awtomobil ýollarynyň çatrygynda amatly çäkde ýerleşen, örän baý uglewodorod, balyk hem-de beýleki serişdeleri, amatly howa şertleri Hazar sebitini okgunly ösýän senagat, ulag we şypahana merkezine öwürýär. Dünýä ykdysadyýetinde bu sebite möhüm orun degişlidir.

Hazarýaka döwletleriň umumy wezipesi ykdysady bähbitleri, daşky gurşawy we suw baýlyklaryny, Hazaryň biologik dürlüligini goramak zerurlygy bilen utgaşdyrmakdan, gowşak ekologik deňagramlylygyň bozulmagynyň öňüni almakdan ybaratdyr. Kenarýaka döwletleriň arasynda dürli ugurlarda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagy dowam etdirmek, Hazar sebitinde netijeli syýasy dialogyň täze formatlaryny işläp düzmek üçin yzygiderli çäreleri görmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň teklibi boýunça döredilen we Daşary işler ministrlikleriniň howandarlygynda hereket edýän Hazarýaka döwletleriň ýörite ygtyýarly wekilleriniň derejesindäki geňeşmeleriň mehanizmi möhüm ähmiýete eýedir. Hazarýaka döwletleriň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň wekilleriniň çykyşlarynda häzirki wagtda sebitde hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de howpsuzlyk, ykdysadyýet, ekologiýa, tebigy serişdelerden peýdalanmak meseleleriniň giň toplumyny öz içine alýan şertnama-hukuk binýadynyň kemala gelendigi, deňizde hyzmatdaşlyk etmegiň wajyp meselelerine degişli birnäçe bäştaraplaýyn pudak resminamalarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylandygy nygtaldy. Şeýle hem deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmekde, gözlemek we halas etmek, bikanun awçylyga garşy göreşmek, ylym, medeniýet ulgamlarynda gatnaşyk etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň üstünde işlenilýär.

Foruma gatnaşyjylar Hazar deňziniň kenarýaka ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga goşant goşýan möhüm birleşdiriji şertdigini bellediler. BMG-niň düzümleýin edaralarynyň wekilleri öz çykyşlarynda Hazaryň deňiz gurşawynyň ýaramazlaşmagynyň öňüni almakda kenarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin kanuny esas bolan Tähran konwensiýasynyň ähmiýetine ünsi çekdiler. Konwensiýa umumy talaplary we Hazar deňziniň sebitinde daşky gurşawy goramak, durnukly ösüş üçin institusional mehanizmi kesgitleýän giňişleýin dolandyryş gurluşy bolup hyzmat edýär. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy Hazaryň baý tebigy serişdelerinden tygşytly peýdalanmagy üpjün etmek, topragyň, ekoulgamlaryň ýagdaýyny gowulandyrmak, dürli okuw maslahatlaryny guramak arkaly mümkinçilikleri artdyrmak ulgamlaryny kämilleşdirmek üçin daşky gurşaw çäreleriniň toplumy hökmünde Türkmenistanyň täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga we oňa tehniki goldaw bermäge taýýardyr. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, şeýle çäreler ýurdumyzda durnukly ösüş üçin berk binýady döreder.

Milletler Bileleşigi Türkmenistanyň Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek baradaky Ylalaşygy işläp taýýarlamak boýunça başlangyjyny goldaýar. Hazar deňzini dostluk we parahatçylyk zolagyna, halkara strategik durnuklylygyň, howpsuzlygyň möhüm bölegine, döwletleriň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak esasynda ähli meseleleri çözmegiň nusgasyna öwürmek baradaky umumy maksat özara gatnaşyklaryň kesgitleýji şerti bolup durýar.

Hazaryň biologik serişdeleriniň, deňiz gurşawynyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak, bu ugurda ylmy barlaglaryň giň toplumyny geçirmek hem möhüm wezipeleriň hataryndadyr. Tebigatyň bu täsin künjegi ýumşak howa şertleri, mineral palçyk çeşmeleri, birnäçe kilometre çenli uzalyp gidýän altynsow çägeli kenarlary, “Hazar” döwlet goraghanasynyň baý biodürlüligi, şol sanda dürli batgalyk guşlary bilen meşhurdyr. “Hazar” döwlet goraghanasy Hazar deňziniň ösümlik, haýwanat dünýäsini gorap saklamakda we öwrenmekde möhüm orny eýeleýär. Goraghanada Hazar sebitinde ýaşaýan seýrek we ýitip gitmek howpy abanýan ösümliklerdir haýwanlaryň, şol sanda Hazar düwlenleriniň, balyklaryň (bekre, çapak), guşlaryň (gyzylgaz, ýaşylbaş, sakarbalak, gotan, uly ak durna) dürli görnüşleriniň, beýleki haýwanlaryň goragyny üpjün edýär. Şeýle hem bu ýerde Hazar deňziniň ösümlik, haýwanat dünýäsini öwrenmek, ekoulgamlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek we olary goramak boýunça çäreleri işläp düzmek üçin ylmy barlaglar geçirilýär.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň portlarynyň arasynda maglumat alyşmalaryny ýeňilleşdirmek üçin sanly platforma döretmegi göz öňünde tutýan «EcоPorts» güwänamasy bilen sylaglanan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň işinde ekologik standartlaryň berjaý edilmegi maslahatda aýratyn ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklaryň biri boldy. Bu ulgam, öz gezeginde, Ýewropanyň iri we häzirki zaman portlaryna birikdiriler. Şunuň bilen baglylykda, çykyşlarda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen gatnaşyklaryň ugurlary giňişleýin beýan edildi. Merkez Türkmenistanyň ekologiýa, ykdysady howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýar. ÝHHG tarapyndan durmuşa geçirilýän «Hazar deňzi sebitinde «ýaşyl» portlara we özara baglanyşyga ýardam bermek» taslamasyna aýratyn üns çekildi. Bu taslama ekologik taýdan arassa, «ýaşyl» energiýany ilerletmek bilen birlikde, birnäçe köpugurly wezipeleri-de çözmäge gönükdirilendir. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty tarapyndan galyndylaryň tebigy gurşawyň ýagdaýyna edýän täsirini azaltmak boýunça bellenilen tertipde çäreleriň alnyp barylýandygyny, olary ýygnamak, daşamak, gaýtadan işlemek, peýdalanmak, zyýansyzlandyrmak we ýerleşdirmek baradaky ýazgylaryň yzygiderli ýöredilýändigini bellemek gerek. Her ýyl kesgitlenen wagtda biologik suw baýlyklaryny goramak üçin deňziň akwatoriýasynyň we deňiz portunyň kanallarynyň nawigasiýa çuňlugyny degişli derejede saklamak bilen baglanyşykly işler amala aşyrylýar.

Maslahata gatnaşyjylar çykyşlarynda Hazar deňziniň dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ornuny nygtadylar. Özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, ygtybarly we howpsuz aragatnaşygy üpjün etmek, ýokary girdejili, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary çekmek üçin amatly şertleri döretmek kenarýaka döwletleriň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzi sebitiň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen köp sanly halkara taslamalaryň wajyp bölegi bolup durýar. Şeýle-de çykyş edenler Hazaryň kenarynda dünýä derejesindäki şypahana toplumyny döretmek taslamasyna ýokary baha berdiler. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy sebitiň mineral-çig mal, biologik, şypahana-dynç alyş, syýahatçylyk mümkinçiliklerini peýdalanmaga toplumlaýyn hem-de oýlanyşykly çemeleşmegiň nusgasy bolup hyzmat edýär. Bu dynç alyş zolagy bejeriş-sagaldyş, ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Häzirki wagtda syýahatçylyk ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşmak bilen, milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň birine öwrülýär.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, gojaman Hazaryň türkmen kenarynda ekologik taýdan durnukly ösdürilýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýäniň ähli döwletleri bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen toý-baýramlaryň, halkara maslahatlaryň, resmi duşuşyklaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ýaňy-ýakynda hut şu gözel künjekde üstünlikli geçirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllyk şanly senesi giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen bu maslahatyň hem Hazar deňzinde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dostlugyň hemişe dowam etmegine gönükdirilen tagallalary birleşdirmekde ähmiýeti örän uludyr.

Maslahata gatnaşyjylar forumyň netijelerini jemläp, Hazarýaka ýurtlarda bellenilýän Hazar deňziniň gününiň sebitde hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhümdigini ýene-de bir gezek äşgär etmek üçin mümkinçilikdigini nygtadylar hem-de Hazar deňziniň ygtybarly ekologik goraglylygyny, onuň umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän mümkinçiliklerini ösdürmegi üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň zerurdygyny tassykladylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda bildirilen myhmansöýerlik we şu gezekki çäräniň guramaçylygynyň ýokary derejesi, forumy geçirmek üçin döredilen şertler, tebigaty goramak çärelerine berilýän üns, tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyny, Hazaryň daşky gurşawynyň netijeli goralmagyny üpjün etmek ugrunda ekologik maksatly wajyp taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi üçin hoşallyk beýan edilýär.

Hazar deňziniň gününiň çäklerinde medeni maksatnama taýýarlanylyp, myhmanlar üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gezelençler guraldy.

Şeýlelikde, Hazar deňziniň gününe bagyşlanyp geçirilen çäreler oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyryp, Ýer ýüzüniň bu täsin tebigy “merjenini” gorap saklamak ugrunda hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädim boldy.

Soňky habarlar
12.08
Awazada Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çäreler geçirildi
12.08
«Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
11.08
Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa
11.08
Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa
11.08
Şahyrana söz ussadyna sarpa
11.08
Umumy maksatlaryň bähbidine netijeli dialogy pugtalandyryp
10.08
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň minnetdarlyk haty
10.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň minnetdarlyk haty
10.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
10.08
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty dünýä metbugatynyň sahypalarynda
top-arrow