Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Awaza geljekki ösüşler üçin täze mümkinçilikleri açyp, raýdaşlygyň we hyzmatdaşlygyň merkezine öwrülýär
Jemgyýet
Awaza geljekki ösüşler üçin täze mümkinçilikleri açyp, raýdaşlygyň we hyzmatdaşlygyň merkezine öwrülýär
Çap edildi 08.08.2025
3428

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň öz işini tamamlamagy mynasybetli baýdak düşürmek dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we BMG-niň resmi wekiliýetleriniň agzalary gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Milletler Bileleşiginiň tutuş adamzat ähmiýetli möhüm çäreleri dabaraly baýdak düşürmek dabarasy bilen tamamlanýar. Ol çäräni kabul eden ýurda oňa gatnaşyjylaryň bildirýän ýokary hormatynyň we hoşallygynyň nyşanydyr. Bu halkara forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň zerurlyklarynyň, ýüzbe-ýüz bolýan meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin hem amatly meýdança boldy. Şunuň bilen bir hatarda, Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda barha ösdürilýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gözellikleriniň myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny bellemek gerek.

Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň wekiliýet ýolbaşçysy — Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň nygtaýşy ýaly, maslahatyň geçirilýän günlerinde Awaza raýdaşlygyň we hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüldi, bu ýerde geçirilen çärelerde bolsa Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň düýp mazmuny öz beýanyny tapdy. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde möhüm pikir alyşmalar boldy, uzak möhletleýin geljege gönükdirilen taslamalara garaldy, DÇBÖBD-niň ykdysady ösüşine baha berildi we bu ugurda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi, iň esasysy bolsa, halkara dialogyň, hyzmatdaşlygyň täze köprüleri guruldy.

“Türkmenistan bu halkara ähmiýetli forumy kabul edendigine buýsanýar” diýip, wise-premýer, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy belledi hem-de maslahata gatnaşyjylaryň ählisine hoşallyk bildirdi.

Soňra ýokary wekilçilikli maslahatyň jemleýji dabarasynda çykyş etmek üçin BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima söz berildi.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bu forumyň ýokary guramaçylygy we bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize hem-de Türkmenistanyň Hökümetine hoşallygyny beýan edip, Awazanyň DÇBÖBD üçin durnukly ösüşe bolan umydyň we umumy maksada ymtylyşyň nyşanyna öwrülendigini, bu ýerde geçirilen forumyň halkara jemgyýetçiligiň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň 32-sinde ýaşaýan 600 milliona golaý adamyň abadançylygy ugrundaky tagallalaryny birleşdirendigini nygtady. Bellenilişi ýaly, forum anyk maksatlara gönükdirilip, inklýuziwligi bilen tapawutlandy. Onuň dowamynda döwlet ýolbaşçylary bilen bir hatarda, parlamentarileriň, hususy pudagyň, raýat jemgyýetiniň wekilleriniň, ýaşlaryň, zenan ýolbaşçylaryň çykyşlary diňlenildi, olaryň mümkinçiliklerini giňeltmegiň meseleleri halkara jemgyýetçilige ýetirildi.

“Baýdaklaryň düşürilmegi bilen, bu möhüm halkara maslahat öz işini jemleýär. Emma bu DÇBÖBD üçin täze döwrüň, olaryň ösüşinde täze tapgyryň başlanýandygyny aňladýar. DÇBÖBD geografik taýdan çäkli mümkinçiliklere eýe bolsalar-da, olaryň ykdysady mümkinçilikleri çäksizdir. Dogry hyzmatdaşlyk, dogry maýa goýumlar we dogry goldaw bilen olar öz halklary üçin ýagty geljegi üpjün edip bilerler” diýip, Rabab Fatima belledi we foruma işjeň gatnaşandyklary, pikirlerini we tejribelerini paýlaşandyklary üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, harby orkestr dabara sazyny çalýar. Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdaklary düşürildi.

Awaza forumy Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaş hökmünde BMG bilen tutuş adamzadyň abadançylygyna we durnukly ösüşine gönükdirilen ählumumy başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirýändiginiň nobatdaky beýany boldy. On ýyldan bir gezek geçirilýän halkara ähmiýetli maslahatyň çäklerinde öňe sürlen başlangyçlar ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan oňyn syýasatyny aýdyň görkezdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bu möhüm ähmiýetli forumy şanly waka hökmünde täze taryhy eýýamymyzyň ýyl ýazgysynda hemişelik orun alar.

Soňky habarlar
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy
07.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen duşuşdy
07.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
07.11
Türkmen we amerikan işewürleri özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
07.11
«C5+1» formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty
06.11
Ýangyç-energetika toplumy — ykdysady ösüşiň binýady
06.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz öňde boljak şanly seneleri dabaralandyrmak boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini geçirdi
06.11
Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi
top-arrow