Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Umumy maksat — röwşen geljegi gurmak
Jemgyýet
Umumy maksat — röwşen geljegi gurmak
Çap edildi 08.08.2025
49

Köp sanly türkmen we daşary ýurt žurnalistleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýörite brifing BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlandy. Ozal habar berlişi ýaly, 5 — 8-nji awgust aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejeli halkara foruma döwlet we hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurtdan, 50-ä golaý halkara guramadan ýokary wezipeli adamlar, iri kompaniýalaryň 20-den agdygyndan wekiller gatnaşdylar. BMG tarapyndan her on ýyldan bir gezek guralýan maslahatyň işini hem-de onuň çäklerinde geçirilen utgaşykly çäreleri giňden beýan etmek maksady bilen, 40-a golaý döwletden köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 160-dan gowragy çagyryldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow maslahatyň jemlerini teswirlemek bilen, onuň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 döwlet üçin ýagty geljegi gurmak maksady bilen bu ýere jemlenen hökümetleriň, ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň, bilermenleriň, raýat jemgyýetiniň hem-de ýaşlaryň wekilleriniň aýdyň we işjeň duşuşygy bolandygyny belledi. Öňdengörüjilikli, anyk hereketlere gönükdirilen, ençeme onýyllyklaryň dowamynda bilelikde işlemek üçin ygtybarly binýat boljak resminama — Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi wekilçilikli forumyň esasy netijesidir. Wise-premýer, daşary işler ministri ähli wekiliýetleriň agzalaryna we maslahata gatnaşyjylara goşan uly goşantlary, ylalaşykly çemeleşmeleri hem-de täze, oňyn başlangyçlarydyr teklipleri üçin hoşallyk bildirip, Hereketleriň Awaza maksatnamasyny milli, sebit, ählumumy derejede yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigini aýtdy hem-de maksatnamany amala aşyrmagyň dowamynda hemişelik gözegçilik etmäge, utgaşdyrmaga we hasabatlylygy ýöretmäge ukyply milli utgaşdyryjylaryň toruny berkitmegiň üstünligiň möhüm şertidigini nygtady.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekil, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima žurnalistleriň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna bildirilen myhmansöýerlik hem-de halkara hyzmatdaşlyk üçin taryhy ähmiýete eýe bolan maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. “Awazanyň ady sagdynlyk, ýakymly owaz astynda dynç alyş hem-de syýahatçylyk bilen sazlaşýar. Mundan beýläk bu täsin künjegiň owadan owazly ady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 32-si üçin umyt-arzuwy hem-de giň mümkinçilikleri alamatlandyrýar” diýip, Rabab Fatima aýtdy. Ählumumy raýdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan durnukly ösüşe batyrgaý we inklýuziw garaýyşlaryň maslahatyň çäklerinde geçirilen pikir alyşmalaryň esasyny düzendigi bellenildi. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary geçirilen çäreler barada tutuş dünýä boýunça habarlary ýaýradandyklary üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu maslahatyň galdyran mirasynyň sözler bilen däl-de, onuň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durmuşyna düýpli özgertmeleri getirjekdigi bilen ölçenjekdigine ynam bildirdi.

Brifinge gatnaşyjylar geografik taýdan çäklendirmeleri ýeňip geçmek, maýa goýumlara elýeterlilik, dünýä söwda bazarlaryna çykmak hem-de dünýä ykdysadyýetine goşulyşmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin amaly gurallar bolup durýan, maslahatyň dowamynda makullanylan netijeleriň möhümdigini aýdyp, 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň emele gelen netijeli dialogyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere dünýä ösüşine doly derejede gatnaşmaga, ýagty geljege tarap ynamly öňe gitmäge mümkinçilik berýän täze, bilelikdäki geljegi uly meýilnamalary işläp taýýarlamaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan geljekde-de sebit hyzmatdaşlygyna we ählumumy ösüşe ýardam berýän möhüm halkara başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga doly ygrarly bolup, mundan beýläk-de milli tagallalary hereketleriň täze maksatnamasynyň wezipeleri bilen utgaşdyryp, gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen yzygiderli, oňyn hyzmatdaşlygy dowam etdirer. Şeýlelikde, ýakyn onýyllyk üçin bilelikdäki hereketleriň esasy ugurlaryny kesgitlän ýokary derejeli maslahatyň geçirilmegi Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýediginiň nobatdaky güwäsine, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň ykrarnamasyna, ýurdumyzyň, bütin adamzadyň bähbidine Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň mysalyna öwrüldi.

Soňky habarlar
09.08
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
08.08
Umumy maksat — röwşen geljegi gurmak
08.08
BMG-niň wekilçilikli forumy öz işini tamamlady
08.08
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy tarapyndan hödürlenen Awaza syýasy Jarnamasy
08.08
Awaza geljekki ösüşler üçin täze mümkinçilikleri açyp, raýdaşlygyň we hyzmatdaşlygyň merkezine öwrülýär
08.08
Medeniýet halklary ýakynlaşdyrýar
07.08
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
07.08
Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy
07.08
Umumy maksatlara ýetmek üçin özara hereketler ilerledilýär
07.08
Abadan geljegiň hatyrasyna tagallalary birleşdirip
top-arrow