18.02 2015
Aşgabat, 18-nji feral (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň binasynda hormatly Prezidentimiziň tabyşyrygan laýyklykda Halkara sergiler edarasynyň baş sekretary Wisente Lossertales bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda halkara derejesindäki sergileri guramagyň ugurlary, ony ösdürmegiň geljekki baş wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
18.02 2015
Aşgabat, 18-nji fewral (TDH). Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Aşgabat serhet birikmesiniň “Asuda” serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
18.02 2015
Aşgabat, 18-nji fewral (TDH). Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda ýurdumyzyň diplomatik işgärelriniň gününiň esaslandyrylmagynyň 6 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kepilidir” atly halkara maslahat boldy.
18.02 2015
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji fewralda Aşgabatda bina edilýän we sebitde iri sport toplumy bolan Olimpiýa şäherjigine baryp gördi. Milli Liderimiz sport düzüminiň desgalarynyň taslamalary bilen tanşyp, ol ýerde ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça türkmen paýtagtynda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň taýýarlyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.
17.02 2015
Şu günler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, edaralaryň, guramalaryň ýolbaşçylary şanly waka—Türkmenistanyň Prezidentligine täze möhlete saýlanylmagynyň üç ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarlar.
17.02 2015
Hormatly diplomatik gullugynyň işgärleri! Gadyrly myhmanlar! Sizi Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni, şeýle hem bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän «Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kepilidir» atly halkara maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
17.02 2015
Aşgabat, 17-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň döwlet medeniet merkeziniňMukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iň ýokary döwlet wezipesine ählihalk tarapyndan täze möhlete saýlanmagynyň we wezipä girişmeginiň üç ýyllygyna bagyşlanаn baýramçylyk konserti boldy.
17.02 2015
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän, “açyk gapylar” syýasaty, milli Liderimiziň döwrüň talaby bilen şertlendirilen başlangyçlary dünýä bileleşiginiň barha giň goldawyna eýe bolýar. Dünýäniň syýasy, işewür we ylmy toparlarynyň gyzyklanmasynyň barha artmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu toparlaryň wekilleri halkara maslahatlaryna, sergilere, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän geňeşmelere we hökümetara toparlarynyň mejlislerine, Türkmenistanda dürli ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan yzygiderli geçirilýän giň möçberli medeni çärelere hem-de işewür duşuşyklara işjeň gatnaşýarlar. Bu çäreler dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
17.02 2015
Aşgabat, 17-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynda gurulýan Olimpiýa şäherjigine baryp gördi hem-de şol ýerde bu sport desgalarynyň iri toplumynyň gurluşygynyň we abadanlaşdyrylyşynyň barşy, şeýle hem onuň desgalarynyň birnäçesiniň taslamalary bilen tanyşdy.
16.02 2015
Türkmen türgenleri halkara derejesindäki iri ýaryşlaryň ikisinde – Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde ýakynda geçen sport we söweş sambolary boýunça dünýäniň kubogy hem-de ýakynda Eýranyň paýtagty Tähranda geçirilen ýeňil atletika boýunça halkara ýaryşynda uly üstünlik gazandylar. Türkmenistanyň wekilleri jemi 10 medala mynasyp boldular, olaryň üçüsi altyn, üçüsi kümüş we dördüsi bürünç medaldyr.
1532 sahypa
Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
10.10
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy