Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aziýadanyň guramaçylyk meselesi üns merkezinde
Jemgyýet
Aziýadanyň guramaçylyk meselesi üns merkezinde
Çap edildi 18.02.2015
1445

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji fewralda Aşgabatda bina edilýän we sebitde iri sport toplumy bolan Olimpiýa şäherjigine baryp gördi. Milli Liderimiz sport düzüminiň desgalarynyň taslamalary bilen tanşyp, ol ýerde ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça türkmen paýtagtynda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň taýýarlyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz maslahatyň barşynda birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylaryna Aziada-2017-iň ýokary guramaçylyk derejede geçirmegi üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Esasan-da, hormatly Prezidentimiz Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysyna bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, myhmanhana hyzmatlary we syýahatçylyk işlerini guramak, ýokary derejeli terjimeçileri işjeň taýýarlamak babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Ýurdumyzyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň alyp barýan köptaraplaýyn işinde sport ugry aýratyn orna mynasypdyr. Ol Türkmenistanda halkara syýahatçylygyň esasyny düzýär. Şeýle hem dag syýahatçylygy, atly gezelenç, deňizde gämili gezelenç we başga-da köpsanly jahankeşdelik ugry aýratyn ähmiýet berilýän ulgamlardyr. Sport ýaryşlarynyň janköýerleri üçin ýörite syýahatlary guramak Türkmenistana jahankeşdeleri çekmegiň möhüm ugrudyr. Şeýle hem ol ýurdumyzyň iri ýaryşlaryň we çempionatlaryň geçirilýän merkezine öwrülýändigini nazara alanyňda bu ugruň uly geljegi bardyr. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi ýakyn ýyllaryň esasy meselesidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Aziada-2017 diňe bir gyzykly we türgenleriň ýeňiş ugrundaky joşgunly ýaryşlary bilen däl-de, eýsem türkmen halkyna mahsus myhmansöýerlik we edilýän hyzmatyň ýokary hili bilen ýurdumyzyň sport söýüjileriniň we köpsanly daşary ýurtly myhmanlaryň ýadynda galmalydyr. Paýtagtymyzyň we onuň töwerekleriniň ajaýyp ýerleri, gadymy medeniýetiň hem-de taryhy ýadygärlikleriň ýerleşýän künjekleri boýunça syýahatçylyk ugry oýlanyşykly düzülmelidir. Şeýle hem syýahatçylaryň milli aşhananyň saýlama tagamlaryna baha berip bilmekleri üçin ähli mümkinçilikler, ýokary myhmanhana hyzmaty üpjün edilmelidir. Şu maksat bilen ýurdumyzyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti ýörite okuwlary we amaly-tejribe maslahatlaryny guraýar. Onuň netijeleri bolsa her bir tapgyrda äşgär duýulýar. Häzirki döwürde Aşgabat şäheriniň myhmanhanalarynyň hünärmenleri we guramaçylary üçin hünär derejesini ýokarlandyrýan iki hepdelik okuwlar geçirilýär. Olar “Ak altyn” we “Grand Türkmen” myhmanhanalaryň binýadynda guralýar. Ony tejribeli mugallymlar, alymlar we syýahatçylyk ulgamynyň hünärmenleri, taryhçylar, dilçiler, ekologlar, hukuk ulgamynyň işgärleri alyp barýarlar. Myhmanhana we syýahatçylyk hyzmatlary, myhmanhana önümçiligi alyp barmak ýaly syýahatçylyk ugurlaryndan başga-da, okuw maksatnamasyna syýahatçylyk bilen bagly bolan Türkmenistanyň tebigy we taryhy ýadygärliklerine, myhmanhana senagaty ulgamyndaky häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryna, işgärleriň dil taýýarlygyna degişli ugurlar girizildi. Okuwlaryň ikinji tapgyry şu ýylyň aýagynda tamamlanar. Indiki okuwlary restoran işiniň hünärmenleri, aşpezleri, oňa hyzmat edýänler, myhmanhana hyzmat edýän hünärmenler üçin guramak meýilleşdirilýär.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow