Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen
Çap edildi 18.02.2015
1131

Aşgabat, 18-nji feral (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň binasynda hormatly Prezidentimiziň tabyşyrygan laýyklykda Halkara sergiler edarasynyň baş sekretary Wisente Lossertales bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda halkara derejesindäki sergileri guramagyň ugurlary, ony ösdürmegiň geljekki baş wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Işjeň geçen duşuşygyň barşynda belent mertebeli myhman Türkmenistanyň halkara derejesinde geçirilýän dünýä sergilerine işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, sergileri guramak we geçirmek ugrunda bu ýerde zerur şertleriň we mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. Şeýle hem myhman 2015-nji ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamany taýýarlamak baradaky teklibi öňe sürdi. Dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy we ösdürmegi esasy ugur edinýän Türkmenistan bu babatda durmuşa geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýar. Biziň ýurdumyz milli ykdysadyýetismiziň ähli ulgamlary boýunça gazanýan üstünliklerini, ýeten derejesini giňden beýan etmek we dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistanda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler bilen tanyşdyrmak işlerini yzygiderli ösdürýär we bu babatda alnyp barylýan çäreleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň bir hökmünde kesgitledi. Halkara sergiler edarasynyň baş sekretary şu ýylyň birinji maýynda Italiýa Respublikasynyň Milan şäherinde “EKSPO-2015” sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşjakdygyny we onuň barşynda Türkmenistanyň milli sergisine baryp görjekdigini habar berdi. Munuň özi bu ugurdan oňyn tejribe toplan Türkmenistanyň gazananlaryna uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Halkara hyzmatdaşlygyny we halkara derejesinde dünýäniň dürli ýurtlarynda guralýan sergileri ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça özara gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar bolan duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň hökümeti bilen Halkara sergiler edarasynyň arasynda bu ugurda geçirilýän işleriň netijeliligini artdyrmakda möhüm ädim bolan özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow