Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmen halkynyň Arkadagynyň hormatyna baýramçylyk konserti
Medeniýet
Türkmen halkynyň Arkadagynyň hormatyna baýramçylyk konserti
Çap edildi 17.02.2015
1987

Aşgabat, 17-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň döwlet medeniet merkeziniňMukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iň ýokary döwlet wezipesine ählihalk tarapyndan täze möhlete saýlanmagynyň we wezipä girişmeginiň üç ýyllygyna bagyşlanаn baýramçylyk konserti boldy. Türkmen halkynyň öz milli Lideriniň töweregine pugta jebisliginiň we agzybirliginiň nyşanyna öwrülen, 2012-nji ýylyň 12-nji we 17-nji fewral seneleri parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan hem-de bu ýolda beýik üstünlikleri gazanan ýurdumyzdaky demokratik ösüşleriň durnukly häsiýetini alamatlandyryp, Watanymyzyň täze taryhyna möhüm sahypa bolup ýazyldy. Mukamlar köşgüniň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan kitap sergisi hem-de milli şekillendiriş sungatynyň we amaly-haşam sungatynyň sergisi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz Lideri – Arkadagynyň ýolbaşçygylynda gülläp ösüşiň belentliklerine barýan türkmen halkynyň şöhratly däpleri we baý medeniýeti, ýurdumyzyň üstünilkleri barada aýdyň görnüşleri beýan etdi. Sergini döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp işleri, şol sanda “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopediýa, “Türkmenistan — melhemler mekany” diýen kitaby, milli gymmatlyklara – bütindünýä meşhur ahalteke bedewlerine we türkmen halylaryna bagyşlanan täze neşirleri bezedi. Bu gün türkmen Lideri – adamzadyň wajyp meseleleriniň çözülmegine täze başlangyçlar we täzeçillik çemeleşmeleri arkaly meşhur bolan döwrüň ajaýyp syýasy we jemgyýetçilik işgäri hökmünde halkara jemgyýetçiliginde mynasyp abraýdan peýdalanýar. Asuda asman, ýurtdaky parahatçylyk we durnuklylyk, sazlaşykly ösýän döwletimiziň mizemez erkine halkymyzyň ynamy, ilatyň durmuş derejesiniň yzygiderli ösüşi – bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ýörelgesiniň ynamlydygyna aýdyň we jedelsiz şaýatlyk edýär. Ähli ugurlarda özgertmeler ýoluna düşen ýurdumyz milli Lideriniň ýolbaşçylygynda öňe tarap kuwwatly itergi alyp, Ýer ýüzüniň örän depginli ösýän döwletleriniň sanawynda öňdäki hatarlarda pugta orun aldy. Muňa döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan we esasynda ösüşiň innowasion ýörelgesi goýlan ilkinji nobatda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we senagatlaşdyrmak göz öňünde tutulýan ägirt uly özgertmeler strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi gönüden-göni ýardam etdi. Strategiki pudaklaryň – ýangyç-energetika, obasenagat, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan ýokary tehnologiýaly pudaklaryň, ulag we maglumat-aragatnaşyk düzüminiň ösdürilmegi bilen bir hatarda, geçen ýyllaryň içinde ösüşiň hereketlendirijisi diýlip mynasyp ykrar edilýän bilim we ylym ulgamyna hem uly maýa goýumlar goýberilýär. Durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýratyn ileri tutulýan ugry bolan saglygy goraýyş, medeniýet we sport milletimiziň ruhy we beden taýdan kämilleşmegine hyzmat edýär. Diňe bir ajaýyp paýtagtymyz ak mermerli Aşgabat däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde iň çet künjekler hem tanalmaz derejede özgerdi. Her ýylda welaýatlarda dürli ähmiýetli ýüzlerçe desgalar ulanylmaga tabşyrylýar. Täze gurluşyklaryň sanawynda iri senagat toplumlary we durmuş-medeni ulgamynyň desgalary bolan ajaýyp şypahanalar, saglygy goraýşyň edaralary, stadionlar, döwrebap sport toplumlary, mekdepler, çagalar baglary, oňaýly ýaşaýyş jaýlary bar. Türkmenistan soňky ýyllarda daşary syýasatda hem uly üstünlikler gazandy. Oňyn bitaraplyk derejesine eýermek bilen ýurdumyz dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk, döwruň möhüm meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmak ýörelgelerine esaslanan parahatçylyk söýüji daşary syýasaty yzygiderli alyp barýar. Bu ýere ýygnananlaryň arasynda hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ylym-bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular bar. Konsert Arkadagymyzyň şanyna joşgunly aýdym bilen başlandy. “Şöhraty äleme seýran Arkadag!” diýen bu aýdymy Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň aýdymçylary we hory ýerine ýetirdi. Uly ekranda görkezilen “Türkmenistan baky bagtyň, Arkadag!” diýen dokumental film Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ähmiýetli wakalaryny - hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak boýunça köpgyraňly işine, milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilik syýasata, öňe sürlen halkara başlangyçlary bütin dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan oňlanylýandygyna şaýatlyk edýän wakalary beýan edýär. “Siz türkmene beýik eýýam, Arkadag” diýen edebi-sazly çykyşda nesilleriň taryhy özara baglanyşygy hem-de täze taryhy eýýamda Watanymyzyň gülläp ösüşi wasp edildi. Ýurdumyzyň teatr artistleri we tans toparlary hakyky ählihalk söýgüsiniň hem-de öz milli Gahrymanyna – Arkadagyna buýsanç duýgusyny öz sungaty bilen beýan etdiler. Konsert meşhur sazandalaryň we halk bagşylarynyň, görnükli estrada aýdymçylarynyň hem-de halk döredijilik toparlarynyň, tans toparlarynyň we çagalar döredijilik toparlarynyň aýratynlykdaky çykyşlary bilen dowam etdi. Sahnadan türkmen nusgawy sazynyň eserleri hem-de mähriban Watanymyzy, onuň gözelligini we kuwwatyny wasp edýän täze aýdymlar ýaňlandy. Konserte gatnaşanlaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Ak ýoluňyz bagta perman, Arkadag” diýen aýdym baýramçylyk konsertiniň jemlemesine öwrüldi. Onuň joşgunly sazy we sözleri häzirki wagtda hakyky ösüş döwrüni, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şöhratly ady bilen aýrylmaz baglanyşykly eýýamy, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana raýatlarymyzyň millionlarçasynyň belent buýsanç we bagtyýarlyk duýgusyny beýan etdi.

Soňky habarlar
11.02
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.02
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
10.02
Paýtagtymyzda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady
10.02
Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty
10.02
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara
09.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
09.02
«Arkadag» futbol topary dünýä metbugatynyň üns merkezinde
09.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy
08.02
Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.02
Sportly Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy
top-arrow